Ahal, Lebap we Mary welaýatlarynda bugdaý oragyna badalga berildi

  • 05.06.2025 11:42
  • 4.9k+

4-nji iýunda Ahal, Lebap we Mary welaýatlarynyň gallaçylary orak möwsümine girişdiler. Balkan we Daşoguz welaýatlarynyň ekerançylary bu jogapkärli işe 11-nji iýunda goşularlar.

2025-nji ýylda Türkmenistanyň gallaçylaryna ekiş üçin bölünip berlen 690 müň gektar ýerden 1 million 400 müň tonna, şol sanda Ahal welaýatynda 400 müň, Mary welaýatynda 345 müň, Lebap welaýatynda 310 müň, Daşoguz welaýatynda 265 müň we Balkan welaýatynda 80 müň tonna ak bugdaýyň hasylyny ýygnamak wezipesi öňde goýuldy. Ekerançylyk ýerlerinde bugdaýyň bol hasyl berýän görnüşleri ösdürilip ýetişdirildi.
Bugdaý oragynyň başlanmagy mynasybetli welaýatlarda önümçilik-okuw maslahatlary geçirildi. Olaryň dowamynda orak möwsümini guramaçylykly geçirmek we bugdaý orujy kombaýnlaryň sazlaşykly işini üpjün etmek bilen baglanyşykly meseleleriň giň toplumy ara alnyp maslahatlaşyldy.
Şu ýylky degişli möwsümde bugdaý orujy kombaýnlar, döwrebap, ýokary öndürijilikli tehnikalar işlediler.
Möwsümde göçme mehaniki-abatlaýyş toparlary gije-gündizleýin esasda bugdaý orujylaryň tehnikalaryny zerur bolan ýangyç, çalgy ýaglary, ätiýaçlyk şaýlary we hyzmatlar bilen üpjün ederler. “Türkmenstandartlary” baş döwlet gullugynyň barlaghanalary hem doly taýýarlyk ýagdaýynda bolup, gullugyň hünärmenleri iň döwrebap enjamlaryň kömegi bilen gelip gowuşýan bugdaý hasylynyň hilini dessin kesgitlärler.


düýn 16:02
851

Döwlet biržasynda geleşikleriň jemi bahasy 62 mln ABŞ dollaryndan gowrak boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň (TDHÇMB) söwdalarynda geleşikleriň 27-si hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berýär....

20.06.2026 11:41
3.9k+

Türkmenistan bilen Malaýziýanyň arasynda ikitaraplaýyn resminamalara gol çekildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda geçirilen ikitaraplaýyn hem-de iki ýurduň wekiliýetleriniň gatnaşmagynda giňişleýin düzümde dowam......

20.06.2026 11:35
3.8k+

Türkmenistanyň Prezidenti bilen Malaýziýanyň premýer-ministriniň arasynda gepleşikler geçirildi

19-njy iýunda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Türkmenistana resmi sapar bilen gelen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda ikitaraplaýyn gepleşikler geçirildi. Bu barada......

19.06.2026 08:13
1.9k+

Türkmenistanyň Malaýziýadaky ilçisi şol bir wagtda Bruneýdäki ilçi wezipesine bellenildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Malaýziýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Muhammetnyýaz Maşalowy şol bir wagtda Türkmenistanyň Bruneý Darussalam Döwletindäki Adatdan......