Türkmenistanda 1 million 400 müň tonnadan gowrak bugdaý hasyly tabşyryldy

  • 11.07.2025 12:05
  • 8.5k+

Türkmenistanda Watan harmanyna guşgursak bugdaýyň 1 million 407 müň tonnasy tabşyryldy. Prezident Serdar Berdimuhamdow gallaçy daýhanlary şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli berjaý etmegi bilen gutlady.

"Ussat kärendeçilerimiziň, hususy önüm öndürijilerimiziň, mehanizatorlarymyzyň, alymlarymyzyň, galla hasylyny ösdürip ýetişdirmekde we ýitgisiz ýygnap almakda uly işleri alyp barýan her bir oba hojalykçynyň agzybir hem-de yhlasly çeken zähmeti netijesinde şeýle belent sepgide ýetildi. Eziz Diýarymyzda gallanyň bol hasylynyň öndürilip, gazanylan bu ajaýyp zähmet ýeňşinde ýurdumyzyň gallaçylyk bilen meşgullanýan öňdebaryjy daýhan birleşikleriniň, daýhan hojalyklarynyň, hususy önüm öndürijileriň, ähli oba hojalyk işgärleriniň her biriniň mynasyp goşandy bardyr. Biz babadaýhan kesbini üstünlikli dowam etdirýän edermen gallaçylarymyzyň öndürijilikli zähmet çekmegi, bereketli toprakdan bol hasyl öndürip, halal zähmet çekip baýamagy üçin mundan beýläk hem giň mümkinçilikleri dörederis" diýlip, döwlet Baştutanynyň gutlagynda aýdylýar.

Ýokary öndürijilikli oba hojalyk tehnikalarynyň yzygiderli satyn alynmagy pudagyň işgärlerine hemmetaraplaýyn goldaw berilýändiginiň ýene bir aýdyň mysalydyr. Galla oragy möwsüminde “John Deere”, “СLAAS” ýaly meşhur kompaniýalaryň häzirki zaman galla orujy kombaýnlary netijeli ulanyldy. Ýokary öndürijilikli tehnikalar gije-gündizleýin tertipde işledilip, olar ýetişdirilen bol hasyly çalt we ýitgisiz ýygnamaga ýardam berdi.
Galla oragy döwründe göçme abatlaýyş-mehaniki toparlaryň ýüzlerçesi gallaçylara hyzmat edip, olar ýangyç we çalgy serişdeleri, tehnikalar üçin ätiýaçlyk şaýlar bilen üpjün edildi.


düýn 23:05
992

Raşid Meredow diplomatik işini tamamlaýan Germaniýanyň ilçisi bilen duşuşdy

24-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Bernd Haýns bilen duşuşyk geçirdi. Bu duşuşyk......

düýn 16:45
830

Türkmenistanyň wekiliýeti Wenada OPEK Gaznasynyň Ösüş forumyna gatnaşýar

23-nji iýunda Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň müdiriýetiniň başlygy Rahymberdi Jepbarowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti Awstriýanyň Wena şäherinde geçirilýän OPEK Gaznasynyň......

23.06.2026 22:17
2k+

Türkmenistan we Ýewropa Bileleşigi adam hukuklaryny goramak meselelerini maslahatlaşdy

22-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasynda Adam hukuklary boýunça 18-nji Dialog geçirildi. Mejlise ýurduň degişli ministrlikleriniň we......

23.06.2026 19:20
5.7k+

Türkmenistan we Polşa migrasiýa ulgamynda hyzmatdaşlyk barada Ähtnama gol çekdi

22-nji iýunda Warşawa şäherinde Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy A.Sazakowyň we Polşa Respublikasynyň Içeri işler ministrliginiň Döwlet serhet gullugynyň başlygy Robert Baganyň arasynda......