Türkmen oba hojalyk instituty tebigy baýlyklardan rejeli peýdalanmak boýunça halkara maslahat geçirýär

  • 01.04.2025 11:58
  • 5.2k+

2025-nji ýylyň 23-nji aprelinde Türkmen oba hojalyk institutynde “Oba hojalygynda tebigy baýlyklary rejeli peýdalanmak” atly sanly ulgam arkaly halkara ylmy-amaly maslahaty geçiriler. Maslahatyň Guramaçylyk topary isleg bildirýänleri gatnaşmaga çagyrýar.

Halkara ylmy-amaly maslahat tebigy baýlyklardan rejeli peýdalanmagyň ýörelgelerini, tehnologiýalaryny we çemeleşmelerini ara alyp maslahatlaşmagy maksat edinýär.
Şeýle hem maslahatyň dowamynda:

  • Agrosenagat toplumynda tebigy baýlyklardan peýdalanmagyň häzirki zaman meselelerini we töwekgelçiliklerini ýüze çykarmak;
  • Oba hojalygynda suwdan, ýerden, energiýa çeşmelerinden rejeli peýdalanmagyň innowasion usullaryny we tehnologiýalaryny ara alyp maslahatlaşmak;
  • Dürli ýurtlaryň alymlarynyň we bilermenleriniň arasynda tejribe alyşmaklaryny üpjün etmek;
  • Ekologiki we tebigy baýlyklar babatynda meseleleri çözmek üçin halkara hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerini kesgitlemek;
  • Oba hojalyk pudagyna netijeli çemeleşmeleri ornaşdyrmak boýunça teklipleri taýýarlamak meseleleri maslahatlaşylar.

Halkara maslahata gatnaşmaga isleg bildirýänler öz tezislerini we annotasiýalaryny (elektron görnüşinde) 2025-nji ýylyň 12-nji apreline çenli tohi_tm@sanly.tm elektron poçtasyna ibermeli.
Maslahata sanly ulgam arkaly gatnaşmagyň şertleri bilen şu salgydan tanşyp bilersiňiz.
Habarlaşmak üçin:
tel: (+99312) 9-27-47; faks: (+99312) 9-27-48
elektron poçta: tohi_tm@sanly.tm
tohi.tm.info@gmail.com


düýn 17:31
961

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......

düýn 15:39
1.5k+

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......

04.06.2026 16:07
2.7k+

Aşgabatda TurkmenTextile Expo — 2026 halkara sergi-ýarmarkasy açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «TurkmenTextile Expo — 2026» atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlady. Bu sergi dokma senagatynyň gazananlaryny görkezmek, işewürlik hyzmatdaşlygyny......

04.06.2026 12:34
4.4k+

Türkmenistanda bugdaý oragyna badalga berildi

Türkmenistanda oba hojalyk pudagy üçin möhüm tapgyry alamatlandyrýan 2026-njy ýylyň bugdaý oragy möwsümine badalga berildi. Bu barada TDH habar berýär....