Serdar Berdimuhamedow welaýatlaryň häkimleri bilen iş maslahatyny geçirdi

  • 03.03.2025 23:32
  • 9k+

3-nji martda Prezident Serdar Berdimuhamedow wise-premýer T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda hem-de welaýatlarynda alnyp barylýan işler bilen baglanyşykly meselelere garaldy.

Mejlisiň barşynda welaýatlaryň häkimleri we wise-premýer ýurdumyzyň oba hojalygynda dowam edýän möwsümleýin işler barada hasabat berdiler.
Prezident Serdar Berdimuhamedow iş maslahatyna gatnaşyjylara ýüzlenip, welaýatlarda gowaça ekişini agrotehniki möhletlerde geçirmek maksady bilen, taýýarlyk we ýuwuş suwuny tutmak işleriniň alnyp barlyşyny berk gözegçilikde saklamagy, pagta öndürijileri ekiş möwsümine çenli ýokary hilli gowaça tohumlary bilen üpjün etmek üçin ähli zerur çäreleri görmegi, welaýatlaryň bugdaý meýdanlarynda ideg etmek we ösüş suwlaryny tutmak işleriniň agrotehniki kadalara laýyk geçirilmegini üpjün etmegi tabşyrdy.
Şunuň bilen birlikde, döwlet Baştutany ýazlyk ýeralmanyň hem-de gök-bakja ekinleriniň ekişiniň depginini güýçlendirmek,  welaýatlarda pagta we bugdaý öndürijiler bilen hyzmat ediji edara-kärhanalaryň arasynda ýerine ýetirilen işler üçin hasaplaşyklaryň wagtynda geçirilmegini gazanmak, Halkara zenanlar güni – 8-nji mart baýramy mynasybetli welaýatlarda meýilleşdirilen çärelere gowy taýýarlyk görmek babatda degişli tabşyryklary berdi.   


08.06.2026 17:39
2k+

Türkmenistanyň biržasynda eksport geleşikleriniň bahasy 78,6 mln dollardan geçdi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda 49 sany geleşik hasaba alyndy. Eksport şertnamalarynyň umumy bahasy 78 million 656 müň ABŞ dollaryndan gowrak boldy....

05.06.2026 17:31
1.8k+

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......

05.06.2026 15:39
2.6k+

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......

04.06.2026 16:07
3.5k+

Aşgabatda TurkmenTextile Expo — 2026 halkara sergi-ýarmarkasy açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «TurkmenTextile Expo — 2026» atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlady. Bu sergi dokma senagatynyň gazananlaryny görkezmek, işewürlik hyzmatdaşlygyny......