Türkmenistanyň Oba hojalyk ministrligi we FAO mallary bellige almak boýunça taslamany işe girizdi

  • 21.05.2025 16:36
  • 10k+

20-nji maýda Aşgabatdaky «Arçabil» myhmanhanasynda BMG-niň Azyk we oba hojalyk guramasy FAO-nyň TCP/TUK/4002 «Mallary bellige almak we yzarlaýyş boýunça milli ulgamyň (NAITIS) strategiýasyny we Ýol kartasyny işläp taýýarlamak» atly taslamasynyň durmuşa geçirilişine badalga beren tanyşdyryş seminary geçirildi.

Taslama FAO bilen Türkmenistanyň Hökümetiniň arasynda tehniki hyzmatdaşlygyň çäginde amala aşyrylýar.
Çäräniň dowamynda FAO-nyň halkara bilermenleri Eran Raýzman we Dragan Angelowski çykyş etdiler.
Türkmenistanyň Oba hojalyk ministrliginiň adyndan çykyş eden Döwlet weterinariýa gullugynyň halkara we ylmy gatnaşyklary bölüminiň başlygy Arslan Soltanmyradow bu ulgamyň ornaşdyrylmagynyň ýurdumyzda mallary idetmek hem-de weterinariýa ulgamyny döwrebaplaşdyrmaga, epizootiki gözegçiligiň derejesini ýokarlandyrmaga we eksport mümkinçiliklerini giňeltmäge täze mümkinçilikleri döredýändigini belledi.
Seminara gatnaşyjylar halkara tejribesini, hukuk binýadyny we milli strategiýanyň taýýarlyk tapgyrlaryny ara alyp maslahatlaşdylar.
Taslama mallary bellige almagyň halkara ülňülerine laýyk gelýän ulgamyny döretmäge gönükdirilendir. Ol institutlaýyn seljermäni, sanly çözgütleri hem-de hünärmenleriň derejesini ýokarlandyrmagy öz içine alýar.
Bu taslamanyň durmuşa geçirilmegi döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlaryna we BMG-niň Durnukly ösüş maksatlaryna doly laýyk gelýär.


düýn 22:17
855

Türkmenistan we Ýewropa Bileleşigi adam hukuklaryny goramak meselelerini maslahatlaşdy

22-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasynda Adam hukuklary boýunça 18-nji Dialog geçirildi. Mejlise ýurduň degişli ministrlikleriniň we......

düýn 19:20
3.1k+

Türkmenistan we Polşa migrasiýa ulgamynda hyzmatdaşlyk barada Ähtnama gol çekdi

22-nji iýunda Warşawa şäherinde Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy A.Sazakowyň we Polşa Respublikasynyň Içeri işler ministrliginiň Döwlet serhet gullugynyň başlygy Robert Baganyň arasynda......

22.06.2026 16:02
1.2k+

Döwlet biržasynda geleşikleriň jemi bahasy 62 mln ABŞ dollaryndan gowrak boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň (TDHÇMB) söwdalarynda geleşikleriň 27-si hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berýär....

20.06.2026 11:41
4.1k+

Türkmenistan bilen Malaýziýanyň arasynda ikitaraplaýyn resminamalara gol çekildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda geçirilen ikitaraplaýyn hem-de iki ýurduň wekiliýetleriniň gatnaşmagynda giňişleýin düzümde dowam......