Aşgabatda Türkmenistanda söwda amallaryny ýeňilleşdirmek boýunça Milli ýol karta maslahatlaşyldy

  • 27.02.2025 10:52
  • 3.9k+

25-nji fewralda Aşgabatdaky «Arçabil» myhmanhanasynda «Türkmenistanda söwda amallaryny ýönekeýleşdirmek boýunça milli Ýol kartasyny işläp düzmek» atly bilermenler duşuşygy geçirildi.

Duşuşyk Halkara söwda merkezi tarapyndan durmuşa geçirilýän we Ýewropa Bileleşigi tarapyndan maliýeleşdirilýän «Türkmenistan: söwdanyň durnuklylygy we integrasiýasy» taslamasynyň çäklerinde guraldy.
Maslahata söwda amallaryny ýönekeýleşdirmek boýunça halkara bilermen-maslahatçylary, Türkmenistanyň ministrlikleriniň, edaralarynyň we işewür toparlarynyň wekilleri gatnaşdy.
Bilermenleriň maslahatyna Türkmenistanyň Oba hojalyk ministrliginiň ýanyndaky Döwlet weterinar gullugynyň Halkara we ylmy gatnaşyklary bölüminiň başlygy Arslan Soltanmyradow gatnaşdy. Ol öz çykyşynda weterinariýa gözegçiligini optimizirlemek, eksport-import we üstaşyr amallaryny ýeňilleşdirmek maksady bilen “Bir penjire” mehanizmini ornaşdyrylmagynyň uly ähmiýetini nygtady. Weterinar şahadatnamalarynyň we beýleki rugsat beriji resminamalaryň sanly ulgama integrasiýa edilmegi arzalaryň ýerine ýetirilmegini çaltlandyrmaga, administratiw päsgelçilikleri azaltmaga we amallaryň aç-açanlygyny ýokarlandyrmaga mümkinçilik berdi. Bu bolsa halkara söwdasynyň ösmegine we öňdebaryjy talaplara laýyk gelmegine möhüm ädim boldy.
Duşuşyk interaktiw görnüşde geçirilip, oňa gatnaşyjylara Türkmenistanda serhetara söwdanyň ähli gatnaşyjylarynyň bähbitlerini göz öňünde tutup, söwda amallaryny ýönekeýleşdirmek boýunça milli ýol kartasyny işläp düzmegiň iň oňaýly ýollary barada pikir alyşmaga mümkinçilik berdi.


düýn 19:38
4.2k+

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

düýn 19:26
1.6k+

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......

26.06.2026 20:55
3k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.3k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......