Serdar Berdimuhamedow Ahal welaýatynda iş saparynda bolup,bugdaý oragyna ak pata berdi

  • 12.06.2025 10:01
  • 11k+

11-nji iýunda Pre­zi­den­t Ser­dar Berdimuhamedow Ahal we­la­ýa­ty­nyň Ak bug­daý et­ra­by­na iş sa­pa­ry­ny ama­la aşy­ryp, we­la­ýa­tyň çäk­le­rin­de gal­la ora­gy­nyň dep­gi­ni bi­len ta­nyş­dy hem-de et­ra­byň Mag­tym­gu­ly daý­han bir­le­şi­gin­de bug­daý ora­gy­na ak pa­ta ber­di.

Mag­tym­gu­ly daý­han bir­le­şi­gi­nde gal­la­çy kä­ren­de­çi­ daý­han eke­ran­çy­la­ryň ne­ti­je­li zäh­met çek­me­gi ug­run­da amat­ly şert­le­riň dö­re­dil­ýän­di­gi­ni, döw­le­ti­mi­ziň bug­daý­dan we beý­le­ki oba ho­ja­lyk ekin­le­rin­den bol ha­syl al­mak ug­run­da yzy­gi­der­li ta­gal­la edil­ýän­di­gi­ni nyg­tap, Pre­zi­den­ti Serdar Berdimuhamedowdan bug­daý ha­sy­ly­ny or­ma­ga ak pa­ta ber­me­gi­ni ha­ýyş et­di.
Döw­let Baş­tu­ta­ny­ gal­la kom­baýn­la­ry­nyň işi­ni syn­la­ýan pur­sat­la­ryn­da ýe­tiş­di­ri­len ha­sy­lyň kes­git­le­nen möh­let­ler­de ýyg­na­lyp alyn­ma­gy ba­bat­da wi­se-prem­ýer T.Ata­hal­ly­ýe­we bir­nä­çe tab­şy­ryk­la­ry ber­di. Oba ho­ja­lyk önüm­le­ri­ni ön­dü­ri­ji­le­r üçin dün­ýä meş­hur kom­pa­ni­ýa­la­ryň ýo­ka­ry ön­dü­ri­ji­lik­li teh­ni­ka­la­ry­nyň we gu­ral­la­ry­nyň sa­tyn alyn­ýan­dy­gy­ny bel­läp, döwlet Baştutany oba ho­ja­lyk teh­ni­ka­la­ry­nyň örän ne­ti­je­li ula­nyl­ma­ly­dy­gy­na ün­si çek­di.
Döw­let Baş­tu­ta­ny­ ýur­du­my­zyň ak ekin meý­dan­la­ryn­da al­nyp ba­ryl­ýan iş­ler, bug­daý ora­gy­nyň dep­gin­le­ri we ha­syl­ly­ly­gyň de­re­je­si bi­len gy­zyk­lan­dy.
Serdar Berdimuhamedow oba ho­ja­ly­gy­na de­giş­li önüm­çi­lik kär­ha­na­la­ry­nyň, şol san­da ele­wa­tor­la­ryň, gaý­ta­dan iş­le­ýän dü­züm­le­riň, suw ho­ja­lyk top­lum­la­ry­nyň ne­ti­je­li işi­niň ýo­la go­ýul­ma­ly­dy­gy­na ün­si çek­di. Şol bir wag­tyň özün­de gal­la ora­gy­nyň ýo­ka­ry hil­li, öz wag­tyn­da ta­mam­lan­ma­gy­nyň wa­jyp­dy­gy­ny bel­läp, döw­let Baş­tu­ta­ny­ tab­şy­ry­lan ha­syl üçin daý­han­lar bi­len ha­sap­la­şy­gy öz wag­tyn­da ge­çir­mek ba­bat­da anyk gör­kez­me­le­ri ber­di.
Şu möw­süm­de ekin meý­dan­la­ry­na bug­da­ýyň bol ha­syl ber­ýän “Ar­ka­dag”, “Ser­dar”, “Py­ra­gy” ýa­ly tä­ze gör­nüş­le­ri ekil­di. Bel­le­ni­li­şi ýa­ly, bug­da­ýyň tä­ze gör­nüş­le­ri ýo­ka­ry ha­syl­ly­ly­gy, dä­ne­le­ri­niň iri­li­gi we köp suw ta­lap et­me­ýän­di­gi bi­len ta­pa­wut­lan­ýar.
Soň­ra Serdar Berdimuhamedow bu ýer­de gu­ra­lan gök-bak­ja we mi­we önüm­le­ri­niň, dä­ne­li ekin­le­riň gör­nüş­le­ri­niň, çö­rek we çö­rek önüm­le­ri­niň ser­gi­si bi­len ta­nyş­dy.
Şeýle hem döwlet Baştutany bu ýer­de pu­da­ga tä­ze ge­lip gow­şan hä­zir­ki za­man teh­ni­ka­la­ry­ny syn­la­dy.
Serdar Berdimuhamedow Ak bug­daý et­ra­by­nyň Mag­tym­gu­ly daý­han bir­le­şi­gi­niň kä­ren­de­çi­si I.Ak­my­ra­dowyň alyp bar­ýan işi, maş­ga­la ýag­da­ýy bi­len gy­zyk­la­nyp, onuň kä­ren­de ýe­rin­de ýe­tiş­di­ri­len ha­sy­lyň de­re­je­si­ne üns ber­di.
Döw­let Baş­tu­ta­ny­ kä­ren­de­çi­niň alan ýe­ri­niň ululygy, ha­syl­ly­ly­gyň de­re­je­si we kä­ren­de­çi­li­gi ne­ti­je­li alyp bar­mak ug­run­da dö­re­dil­ýän şert­ler bi­len gy­zyk­la­nyp, döw­le­ti­mi­ziň daý­han­la­ryň yh­las­ly zäh­me­ti­niň ýe­ri­ne düş­me­gi, oba ho­ja­lyk­çy­la­ryň iş we dur­muş şert­le­ri­niň go­wu­lan­dy­ryl­ma­gy ug­run­da yzy­gi­der­li ala­da et­jek­di­gi­ni bel­le­di.
Kä­ren­de­çi dö­red­ýän müm­kin­çi­lik­le­ri­niň ne­ti­je­sin­de tu­tan­ýer­li zäh­met çek­mek üçin äh­li şert­le­riň üp­jün edil­ýän­di­gi­ni nyg­ta­dy. Ol 2010-njy ýyl­dan bä­ri maş­ga­la ag­za­la­ry bi­len kä­ren­dä alan ýe­rin­de bug­daý we go­wa­ça ös­dü­rip ýe­tiş­dir­ýän­di­gi­ni aýt­dy.
Şeý­le hem ol özü­niň 62 gek­tar kä­ren­de ýe­ri­niň bar­dy­gy­ny, 2025-nji ýy­lyň ha­sy­ly üçin 42 gek­ta­ra bug­daý, 20 gek­ta­ra bol­sa go­wa­ça eken­di­gi­ni, bug­daý meý­da­ny­nyň her gek­ta­ryn­dan 40 sent­ne­re go­laý ha­sy­la ga­raş­ýan­dy­gy­ny ha­bar ber­di.
Serdar Berdimuhamedow bu ýer­de yh­las­ly zäh­me­ti bi­len sa­ha­wat­ly top­rak­dan bol ha­syl ön­dür­ýän kä­ren­de­çä öz sow­gat­la­ry­ny gow­şur­dy.


şu gün 12:19
633

Türkmenistanyň Merkezi saýlaw topary saýlaw möwsüminiň başlanandygyny yglan etdi

14-nji ýanwarda Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň mejlisi geçirilip, onda öňde boljak saýlawlara guramaçylykly taýýarlyk görmek we geçirmek bilen baglanyşykly meselelere garaldy...

şu gün 00:09
9.1k+

Lebap welaýat häkimliginiň jemagat hojalygy birleşigine 148 sany tehnika gelip gowuşdy

Lebap welaýat häkimliginiň jemagat hojalygy birleşigine kuwwatly, ähli amatlyklary bolan awtoulaglaryň, tehnikalaryň we enjamlaryň uly toplumynyň tehnikalaryň 148 sanysy gelip gowuşdy. Bu barada "Türkmenistan: Altyn asyr" elektron neşiri habar berýär...

düýn 23:57
1.1k+

Türkmenistan Ýewropa Bileleşigi bilen syýasy we ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmegi maslahatlaşdy

14-nji ýanwarda daşary işler ministri Raşid Meredow Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistandaky ilçisi Beata Peksa bilen duşuşyk geçirdi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň metbugat gullugy habar berdi. Duşuşygyň dowamynda taraplar Türkmenistanyň Ýewropa Bileleşigi bilen hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de ösdürmek bilen baglanyşykly giň gerimli meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar...

14.01.2026 18:53
30k+

Türkmenistanyň kenar gulluklary Hazarda betbagtçylyga uçran eýran ýük gämisindäki adamlaryň dadyna ýetişdi

14-nji ýanwarda Türkmenistanyň Hazar deňzindäki kenar gulluklary betbagtçylyga uçran Rona atly eýran ýük gämisindäki 14 adamyň ählisini halas etdiler. Türkmenistanyň DIM-niň Metbugat gullugynyň habar bermegine görä, betbagtçylyga uçran gämi SOS signalyny beripdir...