Serdar Berdimuhamedow welaýatlaryň häkimleri bilen nobatdaky iş maslahatyny geçirdi

  • 29.04.2025 13:37
  • 8.7k+

28-nji aprelde Prezident Serdar Berdimuhamedow wise-premýer T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we sebitlerde alnyp barylýan işler bilen baglanyşykly meselelere garaldy diýip, TDH habar berýär.

Maslahatyň dowamynda welaýatlaryň häkimleri we wise-premýer ýurdumyzyň oba hojalygynda dowam edýän möwsümleýin işler barada hasabat berdiler.
Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda welaýatlaryň bugdaý ekilen meýdanlarynda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg etmek işleri alnyp barylýar. Galla oragy möwsümine taýýarlykly girişmek, daýhan yhlasy bilen ýetişdirilen bugdaý hasylyny öz wagtynda ýygnap almak maksady bilen, galla kabul ediş kärhanalaryny, elewatorlary, kombaýnlary we beýleki tehnikalary möwsüme doly taýýar etmek boýunça zerur çäreler görülýär. Gowaça ekilen meýdanlarda gögeriş suwuny tutmak, gögeriş alnan ýerlerde hatarara bejergi, ýekelemek, otag etmek işleri geçirilýär. Ýazlyk ýeralma, gök-bakja hem-de beýleki azyklyk ekinleriň ekilen meýdanlarynda ideg işleri ýerine ýetirilýär.
Welaýatlarda pile öndürmek möwsüminiň çäklerinde ýüpek gurçugyna ideg etmek işleri dowam edýär. Şeýle-de wise-premýer howanyň gyzmagy bilen baglylykda, ýurdumyzyň tokaý zolaklarynda, öri we ekin meýdanlarynda ýangynyň döremeginiň öňüni almak üçin alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Döwlet Baştutany oba hojalyk pudagynyň milli ykdysadyýetimizdäki möhüm ornuna ünsi çekdi hem-de ýurdumyzda azyk bolçulygyny mundan beýläk-de pugtalandyrmak, dokma senagatynyň kärhanalaryny çig mal bilen üpjün etmek boýunça pudagyň öňünde durýan wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmeginiň zerur talap bolup durýandygyny belledi hem-de wise-premýere bu ugurda alnyp barylýan işleri gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.
Serdar Berdimuhamedow iş maslahatyna gatnaşyjylara ýüzlenip, häzirki möwsümleýin oba hojalyk işleriniň, hususan-da, gowaça we ýazlyk ekinlere ideg etmek, galla oragyna taýýarlyk görmek işleriniň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmeginiň zerurdygyny belledi we bu babatda degişli tabşyryklary berdi.


11.05.2026 22:55
970

Geçen hepde biržada geleşikleriň jemi bahasy 11 mln 375 müň ABŞ dollaryna deň boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 17-si hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berýär....

06.05.2026 20:34
10k+

Zaha Hadid Architects kompaniýasynyň wekilleri «Ak şäherim Aşgabat 2026» forumyna gatnaşar

Zaha Hadid Architects binagärlik býurosynyň wekilleriniň 24-25-nji maýda Türkmenistanyň paýtagtynda geçiriljek «Ak şäherim Aşgabat 2026» XXV halkara sergisine we maslahatyna gatnaşmagyna garaşylýar. Bu barada......

03.05.2026 15:54
2.5k+

Türkmenistanyň ilçisi Türkiýäniň Palatalar we biržalar birleşiginiň ýolbaşçysy bilen duşuşdy

1-nji maýda Türkmenistanyň Türkiýedäki ilçisi Mekan Işangulyýew Türkiýe Respublikasynyň Palatalar we biržalar birleşiginiň başlygy Rifat Hisarjyklyoglu bilen duşuşyk geçirdi. Taraplar söwda-ykdysady......

02.05.2026 08:13
2.5k+

Türkmen wekiliýeti Kazan, London we Baku şäherlerinde geçiriljek halkara çärelere gatnaşar

Türkmenistan 2026-njy ýylyň maý aýynda geçiriljek birnäçe iri halkara çärelerine işjeň gatnaşmaga taýýarlanýar. Anna güni geçirilen Hökümet mejlisinde wise-premýer, daşary işler ministri Raşid Meredow bu......