Türkmenistanda 2025-nji ýylda galla oragyny guramaçylykly geçirmek boýunça döwlet topary döredildi

  • 09.05.2025 10:44
  • 7.3k+

Türkmenistanda 2025-nji ýylda galla oragyny guramaçylykly geçirmek boýunça döwlet topary döredildi we onuň düzümi tassyklanyldy. Degişli Karara Prezident Serdar Berdimuhamedow gol çekdi.

Resminama laýyklykda, “Türkmenobahyzmat” döwlet birleşigine ýerlerde däne kombaýnlaryna tehniki hyzmat etmek işlerini talabalaýyk guramak arkaly orak möwsüminde olaryň öndürijilikli we bökdençsiz işledilmegini üpjün etmek tabşyryldy. Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentligi “Türkmengallaönümleri” döwlet birleşigi bilen şertnama baglaşmak esasynda ýygnalan bugdaý hasylynyň meýdanlardan kabul ediş nokatlaryna, ammarlara we elewatorlara wagtynda, ýitgisiz daşalmagyny, ulag serişdeleriniň bökdençsiz, ýokary netijeli işledilmegini üpjün etmäge borçly edildi. “Türkmengallaönümleri” döwlet birleşigine bugdaýy kabul ediş nokatlaryna hem-de ammarlara we elewatorlara daşamakda beýleki ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, şeýle hem hususy eýeçilikdäki awtoulag serişdelerini şertnama esasynda peýdalanmaga ygtyýar berildi.


düýn 19:38
3k+

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

düýn 19:26
1.2k+

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......

26.06.2026 20:55
2.8k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.3k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......