Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanda gowaça ekişine başlamagyň senesini belläp berdi

  • 21.03.2025 11:32
  • 7.8k+

Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň ähli welaýatlarynda 26-njy martda gowaça ekişine başlamaga ak pata berdi. Döwlet Baştutany hormatly ýaşulularymyzdan gowaça ekişine “Bismilla” bilen başlap bermeklerini haýyş edip, Diýarymyzyň edermen pagtaçy babadaýhanlaryna, ähli oba hojalyk işgärlerine alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi. Bu barada anna güni Hökümet mejlisiniň barşynda aýdyldy.

Mejlisiň dowamynda wise-premýer T.Atahallyýew ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda hem-de welaýatlarda dowam edýän işler barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, bugdaý ekilen meýdanlarda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak işleri geçirilýär. Ýazlyk ekinleri ekmek, ýeralma, gök-bakja ekinleri ekilen meýdanlarda ideg işleri dowam edýär. Welaýatlarda gowaça ekişi möwsümine başlamak boýunça degişli taýýarlyk işleri alnyp barylýar. Häzirki wagtda ekişde ulanyljak oba hojalyk tehnikalary we gurallar, gowaça tohumlary möwsüme taýýar edildi.
Wise-premýer gowaça ekişini agrotehniki möhletlerde ýokary hilli geçirmek maksady bilen, döwlet Baştutanyna ussat daýhanlaryň, tejribeli hünärmenleriň, alymlardyr mehanizatorlaryň gatnaşmagynda ýurdumyzyň welaýatlarynda tejribe maslahatlaryny geçirmegiň, il içinde hormatlanylýan ýaşulularyň gatnaşmagynda gowaça ekişine başlamagyň senesini belläp, oňa ak pata bermegi baradaky haýyş bilen ýüzlendi.


08.06.2026 17:39
2k+

Türkmenistanyň biržasynda eksport geleşikleriniň bahasy 78,6 mln dollardan geçdi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda 49 sany geleşik hasaba alyndy. Eksport şertnamalarynyň umumy bahasy 78 million 656 müň ABŞ dollaryndan gowrak boldy....

05.06.2026 17:31
1.8k+

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......

05.06.2026 15:39
2.6k+

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......

04.06.2026 16:07
3.5k+

Aşgabatda TurkmenTextile Expo — 2026 halkara sergi-ýarmarkasy açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «TurkmenTextile Expo — 2026» atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlady. Bu sergi dokma senagatynyň gazananlaryny görkezmek, işewürlik hyzmatdaşlygyny......