ABŞ-da mallary goramak üçin milliardlarça tohumsyz siňekler köpeldiler

  • 06.07.2025 15:46
  • 11k+

ABŞ-nyň hökümeti Tehasda we Meksikada et senagatyny Amerikanyň tropik et siňeginiň (Cochliomyia hominivorax) zabun liçinkalaryndan halas etmek üçin uly taslamany durmuşa geçirip başlady. Bu siňekler mallaryň ýarasynda ýumurtga taşlaýarlar, bu bolsa iri şahly mallaryň kesellemegine we  ölmegine sebäp bolup bilýär.

AP habarlar gullugynyň habaryna görä, kesellän ýekeje mal birnäçe hepdäniň içinde tutuş sürini ýoklap biler. Bejergi edip bolýar, ýöne köplenç bu agyryly geçýär.
Zyýankeşlere garşy göreşmek üçin ABŞ-nyň Oba hojalygy ministrligi tohumsyz erkek çybynlary köpçülikleýin köpeltmek we ýaýratmak maksatnamasyna başlady. Köpelip bilmezlikleri üçin olary radiasiýa arkaly tohumsyzlandyrýarlar. Bu usul himiki serişdeleri ulanmaklyga garanda ekologiýa taýdan has arassa we täsirli hasaplanýar. 1960-njy ýyllarda şuňa meňzeş çemeleşme howpy aradan aýyrmaga kömek etdi, ýöne geçen ýyl parazit Meksikanyň günortasynda ýene döredi.
2026-njy ýyla çenli Tehasda we Meksikada hepdede 400 million siňek öndürmäge ukyply birgiden fabrikler bolar. Siňeklere ýumurtga tozy bilen balyň garyndysy berilýär we liçinkalary ýonuşgaly gabyň düýbünde ösdürilýär.
Florida uniwersitetiniň dosenti Edwin Berjessiň sözlerine görä, tohumsyzlandyrylan siňekleri ulanmak zyýankeşlere garşy göreşde iň oňat üstünlikleriň biridir. ABŞ bu taslama oba hojalygyny gorar we ykdysady ýitgileriň öňüni alar diýip umyt edýär.


düýn 17:37
1.5k+

Fizikler ýadro sagadynyň ilkinji prototipini işe girizdi: olar wagt baradaky düşünjeleri üýtgeder

Halkara fizikler topary taryhda ilkinji gezek ýadro sagadynyň işini görkezdi. Häzirki wagtda bar bolan atom standartlaryndan tapawutlylykda, täze enjam wagty elektronlaryň yrgyldysy boýunça däl-de, atom......

düýn 08:02
1.8k+

Litiý-keramiki batareýalaryň täze nesli 1000 km uçuşlary amala aşyrmaga mümkinçilik berer

Taýwanyň batareýa öndüriji ProLogium kompaniýasy we Niderlandlaryň Elysian Aircraft aerokosmos kompaniýasy hyzmatdaşlyk şertnamasyna gol çekdiler. Hyzmatdaşlar uly ýolagçy elektrik uçarlarynda ulanmak üçin......

düýn 07:48
1.3k+

Ýewropada gaýtadan ulanylýan «Space Rider» kosmos gämisiniň synaglary togtadyldy

Ýewropanyň Kosmos agentligi geljegi uly bolan gaýtadan ulanylýan «Space Rider» kosmos gämisiniň synaglaryny taýýarlyk döwründe ýüze çykan garaşylmadyk ýagdaý sebäpli yza süýşürdi....

23.06.2026 22:30
1.9k+

Ultrasesli espresso: Sidneýli alymlar kofe gaýnatmagyň täze usulyny oýlap tapdylar

Awstraliýanyň Sidneý şäherindäki Täze Günorta Uels uniwersitetiniň hünärmenleri espresso taýýarlaýan täze enjam döretdiler. Bu gurluş gyzgyn suw ulanman, ýörite ultrases gurnamasy tarapyndan döredilýän ýokary......