Dowamy. Beýleki bölümleri şu salgylardan okap bilersiňiz:
- 1-nji bölüm
- 2-nji bölüm
- 3-nji bölüm
- 4-nji bölüm
- 5-nji bölüm
- 6-njy bölüm
- 7-nji bölüm
- 8-nji bölüm
- 9-njy bölüm
- 10-njy bölüm
- 11-nji bölüm
- 12-nji bölüm
- 13-nji bölüm
- 14-nji bölüm
- 15-nji bölüm
- 16-njy bölüm
- 17-nji bölüm
- 18-nji bölüm
- 19-njy bölüm
- 20-nji bölüm
- 21-nji bölüm
- 22-nji bölüm
- 23-nji bölüm
- 24-nji bölüm
- 25-nji bölüm
- 26-njy bölüm
- 27-nji bölüm
- 28-nji bölüm
- 29-njy bölüm
- 30-njy bölüm
- 31-nji bölüm
- 32-nji bölüm
- 33-nji bölüm
- 34-nji bölüm
- 35-nji bölüm
- 36-njy bölüm
- 37-nji bölüm
Beýleki hemme endikler ýaly bu modelirlemek ylymy hem irginsiz türgenleşigi we tejribäni talap edýär. Duýgynyň bu sada öwüşginlerini erkiňiz bilen näçe kän çalşyrsaňyz, gerek netijäni şonça-da tiz gazanarsyňyz. Şekiliň ýagtylygyny hem anyklygyny özgertmek täsiriniň, onuň ýerleşýän ýerine hem göwrümine täsir edişinden ötri, size täsirini ýetirýändiginiň üstüni açarsyňyz. Şony saýgaranyňyzdan soň, siz haýsydyr bir zady üýtgetmekçi bolsaňyz, ähli zatdan öňürti peýdalanylmaly ýagtylygy kesgitläň. Käbiriňiz duýgy özboluşlygynyň üýtgemegini beýiklik hasap edýänsiňiz, ýöne şol üýtgän özboluşlygyň ýene öňki ýerine dolanmazlygy üçin näme etmeli? Men olary şu pursat özgertmegiň ýoluny bilýärin. Ýöne men şol özgertmeleri berkidip, olary üýtgemez ýaly etmegi başarsam, has-da gowy bolardy. «Sykylygyň modeli» göwnüçökgünligiň döredýän içki ýagdaýy. Sizi gerek bolan hereketdäki ýagdaýa eltip bilýän ol usuly adamlarda bar bolan iň kyn meselelere, ýaramaz endiklere garşy göreşde ulanyp bolar. Mysal üçin, içki dünýäňiz gereginden artyk iýmek bilen kynçylyk çekýändigiňizi aňdyrýan duýgy ýollaýan bolsa, «sykylyk modeliniň» kömegi bilen içiňizde täze bir duýgy oýaryp bilersiňiz. Ol nahar, iýmek-içmek hakdaky pikiri ýoga çykarýan täze bir duýgy. Ol eger duýgynyň sesini eşidýän bolsaňyz, kalbyňyzda täze, has güýçli duýgy oýaryp, size örän düýpli täsir etdirip bilersiňiz. Hatda ol sizi nahar iýmek diýen düşünjäni, umuman, ýadyňyzdan çykarar ýaly derejä ýetirer. Eger kalbyňyzda şol iki hyýaly saklasaňyz, her gezek siz kän iýmek (aşa düşmek) barada pikir edeniňizde birinji hyýaly göz öňüne getirişiňiz, öz-özünden ikinji göz öňüne getirmäniň ýanyna goşulyp, sizi iýmek pikirinden daşlaşdyrar.
«Sykylyk modeliniň» aýratynlygy — ol bir gezek hiç hili alada edilmezden, siziň aňyňyzda ýer alan bolsa, gaýdyp ol hakda pikir etmegiň hajaty ýok.
BIRINJI ÄDIM. Siz üýtgetmek isleýän hereketiňizi kesgitläň. Şol içki görnüşi gözüňize görünýän hereketler şekilde gurnaň. Eger siz dyrnagyňyzy dişiňiz bilen kertmek endiginden dynmak isleseňiz, barmagyňyzy agzyňyza ýetirip, dyrnagyňyzyň dişlenýän görnüşini göz öňüne getiriň.
IKINJI ÄDIM. Indi sizde özgertmek isleýän ýagdaýyňyzyň anyk şekili bardygy sebäpli, özgerme dörände özüňiz üçin başga içki göz öňüne getirme döretmeli bolarsyňyz. Siz barmaklaryňyzy agzyňyzdan aýryşyňyzy göz öňüne getirip bilersiňiz, ýakymsyz endikden daşlaşdyrmak isleýän barmaklaryňyzyň ujuna, dyrnaklaryňyza çalaja agram salýarsyňyz, eliňize garaýarsyňyz-da, dyrnaklaryň tekiz gyrkylandygyny, oňat ideglenip timarlanandygyny, özüňiziň hem gowy geýnüwli, daş sypaty tertipli, özüne göwni ýetýän sypatly adamdygyňyzy görýärsiňiz. Ol şekil siziň öňki hakyky görnüşiňiz däl-de, özüňiziň islän görnüşiňize getirilen täze keşbiňiz bolmaly.
ÜÇÜNJI ÄDIM. Siziň netijesiz ýagdaýyňyz öz-özünden bähbitli durmuş tejribesini döreder ýaly, iki şekili kalbyňyza ornaşdyryň, şekiller birleşende netijesiz ýagdaýyňyzyň öz-özünden bähbitli durmuş tejribesini oýarar ýaly sykylyk atyň. Şu ýagdaýy herekete gelmek derejesine ýetiren dessine, dyrnak çeýnemek diýen ýagdaýyňyz bilen baglanyşykly ähli endikleriňiz ýom-ýok bolar. Onuň ýerini bolsa özüňiziň örän ýakymly, hemme zady ýerbe-ýer hususy keşbiňiz eýelär. Şeýlelik bilen, meniň siziň beýniňiz üçin ozal keýpiňizi bozan aýtgyma derek siz gatnaşyk açmak ukybyny döretdiňiz.
«Sykylygyň modeli» şeýle amala aşyrylýar. Muny çalyşmak isleýän şekiliňiziň ýagtylygyny ýokarlandyrmakdan başlaň. Soňra şol suratyň sag tarapky aşaky burçunda özüňiziň kim bolasyňyz gelýändigini aňladýan kiçijik şekiliňizi goýuň. Indi şol kiçijik şekili alyp, onuň ýagtylygyny tutuş görnüşe laýyklykda güýçlendiriň, göwrümini indi ulanmajak şekiliňiziň göwrümine çenli ulaldyň. Şu hereketleri berjaý edýän mahalyňyz «Oh!» diýip, joşgunly gaýtalaň. Şony gaýtalamak bilen siz öz aňyňyza bir topar oňyn habary ýollarsyňyz. Aňyňyzda anyk şekil peýda bolandan soň hasaplap görseňiz, ähli alada üçin ýitiren wagtyňyz «Oh!» diýen joşgunly söze sarp eden wagtyňyzdan kän bolmaz. Indi öňüňizde öz görmek islän, ullakan, ýagty, açyk reňkli şekiliňiz dur. Köne şekil bolsa hemişelik uçup gitdi.
Şu modeli amala aşyrmakda iň wajyp, iň zerur zat görnüşi çalt-çaltdan köp gezek gaýtalamak. Siz täze şekiliň öňki kiçijik şekiliň üstüni dolduryp, deregine bolsa has owadan, has oňat görünýän täze ýagdaýyň döreýändiginden lezzet alarsyňyz, şekiliň gözüňizi dokundyrýandygyny duýarsyňyz.
Aňyňyzyň hatda älemiň kanunlaryny-da özüne doly baglap biljekdigini, şonuň bilenem siziň geçmişe dolanmagyňyza täsir ýetirjekdigini ýatlaň. Wagty yzyna dolamak, wakanyň bolşuny üýtgetmek bolmaýar. Ýöne siz olary öz aňyňyzda amala aşyrmagy başararsyňyz. Aýdaly, irden siz öz iş otagyňyza girdiňiz. Ilki gözüňize ilen zat hem ahyryna çenli ýazylmadyk, siziň hökmany suratda tabşyrmaly hasabatyňyz boldy. Tamamlanmadyk iş keýpiňize sogan dograp, ýakymsyz ýagdaý döredýär. Siz özüňizi örän gaharly duýýarsyňyz. Iň esasy zat – siz häzir öz ýagdaýyňyzy üýtgetmeli. Siz birnäçe minutlyk geçmişe dolanmaly-da, özüňizi etmeli işi amala aşyryp biljek ýagdaýa salmaly. Siz hut öz içki göz öňüne getirmäňizi üýtgetmek ýoly bilen, şol işi amala aşyryp bilersiňiz.
(dowamy bar).