Dowamy. Beýleki bölümleri şu salgylardan okap bilersiňiz:
- 1-nji bölüm
- 2-nji bölüm
- 3-nji bölüm
- 4-nji bölüm
- 5-nji bölüm
- 6-njy bölüm
- 7-nji bölüm
- 8-nji bölüm
- 9-njy bölüm
- 10-njy bölüm
- 11-nji bölüm
- 12-nji bölüm
- 13-nji bölüm
- 14-nji bölüm
- 15-nji bölüm
- 16-njy bölüm
- 17-nji bölüm
- 18-nji bölüm
- 19-njy bölüm
- 20-nji bölüm
- 21-nji bölüm
- 22-nji bölüm
- 23-nji bölüm
- 24-nji bölüm
- 25-nji bölüm
- 26-njy bölüm
- 27-nji bölüm
- 28-nji bölüm
- 29-njy bölüm
- 30-njy bölüm
- 31-nji bölüm
- 32-nji bölüm
YNAM 6.
IŞ – BU OÝUN
Öz ýigrenýän işinden özi üçin bir bähbitli netije gazanan adamy tanaýarsyňyzmy? Meniň-ä beýle tanşym ýok. Üstünlige eltýän açar söýýän zadyňyz bilen edýän işiňiziň arasyndaky şowly nikalaşykdyr. Pawlo Pikasso bir gezek şeýle diýipdir: «Men işleýän wagtym dynç alýaryn. Işsiz oturmak hem myhman kabul etmek meni örän ýadadýar».
Biziň Pikasso ýaly surat çekip bilmezligimiz mümkin, ýöne özümize lezzet berjek hem joşdurjak bir iş tapmagy başarjagymyz hakdyr. Biz işimize oýun oýnanymyzda ussatlyk bilen ulanýan zatlarymyzyň birnäçesini goşup bileris. Mark Twen şeýle diýipdir: «Üstünligiň syry edýän işiňi yzy gelmeýän dynç alşa öwürmekdedir». Ýetişikli adamlar şol aýdylany durmuşa-da geçirýärler.
Häzir işjanly adamlar hakynda kän gürrüň edilýär. Edýän işine aňyny aldyran ýaly derejedäki adam örän kän. Göräýmäge, olar edýän işlerinden lezzet alýana meňzänok, ýöne başga işe-de baş goşup bilmeýärler.
Hünärmenler işjanly adamlarda geň häsiýetiň bardygyny hem belleýärler. Olar işlerine «was-was» keseli degen ýaly berlen bolýarlar. Ol iş olara özüni söýdürýär, guwandyrýar, olary baýadýar. Şeýle adamlar öz işlerine biziň köpimiziň gyzyklanýan oýnumyzy gowy görşümiz ýaly berlen bolýarlar. Olar öz işlerine güýji ulanmak üçin ugur, täzeligi bilmek, açylmadyk serhetleri açmak üçin ýol diýip düşünýärler. Oňa garamazdan, işleriň käbiri şol nukdaýnazardan-da başgalara garanyňda has täsin, özüne çekiji ýaly bolup görünýändir. Ýogsam näme. Maksat – islendik işiň barylýan ugruny tapmak. Bu gepe spiralyň ýokary göterilmek nazaryýeti gabat gelýär. Eger siz işiňizi amala aşyrmagyň döredijilikli ýoluny tapsaňyz, ol ýagdaý sizi barha we barha belende galdyryp, kämilleşmäge getirer. Eger-de siz öz edýän işiňiziň diňe ölmez-ödi gazanç berýän güzaply işdigine ynansaňyz, ol ömrüňiziň ahyryna çenli şol derejede bolar.
Ozal biz ynamyň bütewi ýagdaýdaky birleşmek ulgamynda bir oňyn häsiýetli ynamyň hem ýörelgeleriň başga elementleri goldaýandygyny, güýçlendirýändigini ýatlapdyk. Ynha, şony tassyklaýan ýene bir mysal. Men çykgynsyz, düýpsüz guýa eltýän hünär bardyr öýtmeýärin. Ýöne öz işleriniň rowaç boljagyna ynamlary ýok, burunlary ýakymly ysy duýmaýan, jogapkärçiligi öz boýnuna almak islemeýän, şowsuzlyga ynanýan adamlar bar. Men siziň işe aňyny aldyran kişi bolmagyňyzy-da islemeýärin. Şeýle hem size, öz durmuşyňyzy tutuşlygyna işiň daşynda gurmagyňyzy-da maslahat bermeýärin. Ýöne men siziň öz dünýäňizi, öz işiňizi, adatça, oýunda ulanýan täsinliklerimiz bilen baýlaşdyrmagyňyzy isleýärin.
(dowamy bar).