Toni ROBBINS, «Özüňe erk etmegiň gudraty» (37-nji bölüm)

  • 06.05.2023 20:11
  • 5.3k+
Toni ROBBINS, «Özüňe erk etmegiň gudraty» (37-nji bölüm)

Dowamy. Beýleki bölümleri şu salgylardan okap bilersiňiz:

Geliň, indi edil şol gönükmeleri ýaramaz ýagdaýdaky keşpler bilen geçireliň. Özüňizi geň galdyryp, agyry-yza döreden bir ýagdaýyňyzy ýatlaň. Ýatlan ýatlamaňyza ýagtylyk goşuň. Ony özüňize golaýladyp, durkuny ulaldyň. Aňyňyzda nähili ýagdaý bolup geçýär? Şol tejribäni eden adamlaryň köpüsi özlerindäki ýakymsyz ýagdaýyň güýçlenendigini boýun alýarlar. Olaryň ozal başdan geçiren ýaramaz duýgulary öňki bolşundan has artýar. Indi ýaňky şekili başda duran ýerine eltiň. Onuň ýagtylygyny peseldeniňizde, göwrümini kiçeldeniňizde özüňiz bilen näme bolup geçýändigine üns beriň. Kalbyňyzdaky özgermeleri unudyp, ýaramaz joşgunyň üstüňizden agalyk etmesini goýandygyny duýarsyňyz.

 Şol gönükmeleri beýleki duýgy agzalary bilenem geçirip görmäge synanyşyň. Mysal alan ýakymsyz keşbiňizdäki janyňa ýakmaýan öz sesiňize ýa-da kişi seslerine gulak salyp görüň. Hyýalyňyzda ol sesleri güýçlendirip diňläp görüň . Şonda ýaramaz duýgularyň güýçlenjekdigine kepil geçse bolar. Ýöne bu synaga el ujundan çemeleşjek bolmaň. Men ol gönükmeleri çynyňyz bilen geçirip, haýsy duýgynyň, haýsy tilsimiň özüňize nähili täsir edýändigini yzarlarsyňyz diýip tama edýärin. Belki-de, siz öz aňyňyzda şol tapgyrlardan telim gezek geçmeli bolarsyňyz. Şeýtmek bilen, keşplere täsir ýetişini, siziň olara bolan gatnaşygyňyzyň özgerişini synlarsyňyz.

Geliň, ýene şol başky ýaramaz keşbimize dolanyp, oňa durky kiçeldilen        görnüşde garap göreliň. Göwrümi kiçeldilen keşbe seredeniňizde, özüňiz bilen nähili özgerme bolup geçýändigine üns beriň. Keşbi «oýundan» çykaryň-da, ony oňly görünmeýän, tutuk, hem bulam-bujar görnüşe salyň. Soň ony tutuş görünmez, duýulmaz ýaly ýere eltiň. Ahyram ol keşbi alyň-da, hyýalyňyzda Günüň ýanyna eltiň. Onuň siziň dünýäňizden uçan mahaly sesini eşidýändigiňize, özüni görýändigiňize üns beriň.

Şeýle hereketi eşidiş keşpleri bilenem amala aşyryň. Galmagaly, sesi edil düýşde eşidilýän ýaly edip haýalladyň. Şu hereketleri öz kinestetik duýgularyňyz bilen hem geçiriň. Duýgular ýakymly, ýumşaksy bolsun. Siz etmeli hereketleri amala aşyranyňyzda keşp nähili üýtgeýär? Siz hem adamlaryň biri ýaly bolsaňyz, keşbiň güýjüni ýitirýändigini, yzanyň ýüzleýdigini duýarsyňyz. Siz ozal agyry-ynjy beren bir ýakymsyzlygy alyp, onuň ýaramazlygyny, zeper ýetirijiligini ýoga çykaryp bilersiňiz.

Men sizi şu kiçijik tejribeden birnäçe agramly tilsimat alansyňyz öýdýärin.

Siz bary-ýogy birnäçe minudyň dowamynda ýagşy duýgyňyzy has güýçli etdiňiz, has manyla öwürdiňiz. Şeýle hem siz ozal duýgynyň ömrüne kaýyllyk bolup ýaşaýardyňyz. Indi hemme zat diňe siziň islegiňize laýyklykda hereket edýär.

Umuman, öňüňizde iki ýol açylýar. Pawlowyň itiniň jaň sesine laýyklykda hereket edişi ýaly, siz hem öz beýniňizde islendik keşbi, sesi, duýgyny özgerdilen görnüşinde, öz islegiňize görä hereket etdirip bilersiňiz. Ýa-da beýniňize nähili hereket etmelidiginiň ýollaryny görkezersiňiz.

Siz ömrüňizde haýsydyr bir ýanaşmaga-da çekindirýän agyr işe, ýa-da golaýyna-da baryp bolmaz diýdirýän tabşyryga gabat gelensiňiz. Ýöne şol bitirmesi kyn işiň şekilini kiçeldilen surat ýaly edip göz öňüne getirseňiz, ol iş hakyndaky öňki pikiriňizden derrew daşlaşarsyňyz hem onuň ýerini şol bitmesi kyn işi bitirmek pikiri eýelärdi. Men öz hödürleýän zatlarymyň siz üçin örän gülkünç derejä çenli sada bolup görünýändigini bilýärin. Ýöne ony amala aşyryp ugran badyňyza, aňyňyzdaky şol iş baradaky özgermeleriň dörändigini, şeýlelik bilen, öz hemme ýagdaýyňyzda-da kalp   özgermäniň bolup geçendigini bilersiňiz.

Indi siz geçmişden ýagşy hem ýakymly näme almalydygyny, ony nädip güýçlendirmelidigini bilýärsiňiz. Siz durmuşda bolan bir çala ýakymly wakany alyp, ony öz nazaryňyzda örän ýakymly edip görüp bilersiňiz. Umuman, öz durmuşyňyzy gowulandyrmagyň, bagtyýar bolmagyň açary, çözgüdi indi öz eliňizde.

 Ýagşy ýa ýaman zat ýokdur. Ony ýagşy ýa-da ýaman edip görkezýän zat pikirdir.
Uilýam Şekspir

Hemme kişä ýardam edýän bir sada gönükme bar. Heý, siz özüňiz bilen uzak wagtlap içki gepleşik edip görüpmidiňiz? Içki sesiňiziň özüne geplemän durmaga erk edip bilmeýän ýagdaýa düşenine gabat gelipmidiňiz? Beýniniň arakesmesiz gepleýän pursatlary kän bolupdy. Biz köne meselämizi goşýarys ýa-da täze aladamyzy çözmek üçin köne ýapyşalgalary ulanmagyň aladasyny edýäris. Indiki gezek hem şeýle bolaýsa, siz ýöne keşbiň sesini peseldäýiň. Şeýtmek bilen adamlaryň köpüsi öz meselesini çözmegi başarýar. Şeýle hyýaly gepleşikde öňki sesiň size bir zatlary amala aşyrmagy gadagan edýän, hereketiňize ýol bermeýän pursatlary bolupmydy? Eger şeýle ýagdaý bolaýsa, siz söýgi heneklerini etmäge synanyşyň. Indi özüňizi nähili duýýarsyňyz? Siziň ýapyşalga edinen zatlaryňyz öňküsinden has güýjäp, içki duýgyňyzyň etdirmejek bolýan hereketini hökman etmeli diýen netijä gelýärsiňizmi? Bu ýagdaýy öz başyňyzdan geçirip görseňiz, meseläniň tapawudyny derrew duýarsyňyz.

Geliň, ýene bir gönükme geçirip göreliň. Ozal örän güýçli esas bilen eden bir işiňizi ýatlaň. Bedeniňizi gowşadyň-da, özüňizde şol bolup geçen wakanyň örän meňzeş hyýaly keşbini döretjek boluň. Indi size birnäçe sowal beresim gelýär. Arasyna wagt salyp, şol sowallaryň her haýsyna gezek-gezegine jogap gaýtaryň. Jogabyňyza dogry ýa-da nädogry diýjek adam ýok. Sowallara adamlaryň hersi özüçe jogap gaýtarar.

Siz şol keşbe sereden mahalyňyz kino, ýa-da «stop kadr» (doňan şekil) görersiňiz. Görýän şekiliňiz reňklimi ýa dälmi? Ol sizden ýakyndamy ýa uzakdamy, sagdamy, çepdemi, ortadamy, gyradamy? Ol görnüş assosiatiw (öz gözüňiz bilen görmek) ýa dissosiatiw (keseden seretmek) ýagdaýdamy? Onuň daş görnüşi aýdyň duýulýarmy ýa-da gözýetime ýetýärmi? Ol durumy ýa tutuksymy, ýagtymy ýa kölegelimi? Ol keşp çäksiz giň bolup görünýärmi, ykjammy ýa ýaýraň? Şu gönükmeleri berjaý edip, duýgynyň haýsy öwüşgüniniň sizde has täsirli ýagdaý döredýändigini, haýsynyň size öz diýenini etdirýändigini, haýsynyň sizi has-da özüne çekýändigini bilip bilersiňiz?

Indi şol keşbi duýgyňyzyň eşidiş hem kinestetik kanallaryndan geçirip görüň. Daş-töwerekden ses gelende,  ol öz  sesiňiz bolup ýa-da kişi sesi bolup eşidilýärmi? Size ýetýän ses gepleşikmi ýa monologmy? Eşidýäniňiz batlymy ýa pes ses? Ol baý intonasiýaly sesmi ýa bir kakuwly, ritmlimi ýa bitertip, aýdýanlaryňyzdan ýa-da eşidýänleriňizden iň esasysy haýsy? Sesler nirede ýerleşýär? Olar nireden eşidilýär? Siz keşbi nähili duýýarsyňyz? Gödekmi ýa mylaýym,  ýakymsyzmy  ýa näzik, ýitimi ýa ýiti däl,  Siz ol zatlary bedeniňiziň haýsy bölegi bilen duýýarsyňyz? Onuň tagamy nähili, turşumy ýa süýji?

(dowamy bar).


20.05.2023 16:35
6.7k+

Toni ROBBINS, «Özüňe erk etmegiň gudraty» (38-nji bölüm)

Dowamy. Beýleki bölümleri şu salgylardan okap bilersiňiz: 1-nji bölüm 2-nji bölüm 3-nji bölüm 4-nji bölüm 5-nji bölüm 6-njy bölüm 7-nji bölüm 8-nji bölüm 9-njy bölüm 10-njy bölüm 11-nji bölüm 12-nji bölüm 13-nji...

29.04.2023 15:12
5.7k+

Toni ROBBINS, «Özüňe erk etmegiň gudraty» (36-njy bölüm)

Dowamy. Beýleki bölümleri şu salgylardan okap bilersiňiz: 1-nji bölüm 2-nji bölüm 3-nji bölüm 4-nji bölüm 5-nji bölüm 6-njy bölüm 7-nji bölüm 8-nji bölüm 9-njy bölüm 10-njy bölüm 11-nji bölüm 12-nji bölüm 13-nji...

16.04.2023 13:23
6.4k+

Toni ROBBINS, «Özüňe erk etmegiň gudraty» (35-nji bölüm)

Dowamy. Beýleki bölümleri şu salgylardan okap bilersiňiz: 1-nji bölüm 2-nji bölüm 3-nji bölüm 4-nji bölüm 5-nji bölüm 6-njy bölüm 7-nji bölüm 8-nji bölüm 9-njy bölüm 10-njy bölüm 11-nji bölüm 12-nji bölüm 13-nji...

10.04.2023 14:09
5k+

Toni ROBBINS, «Özüňe erk etmegiň gudraty» (34-nji bölüm)

Dowamy. Beýleki bölümleri şu salgylardan okap bilersiňiz: 1-nji bölüm 2-nji bölüm 3-nji bölüm 4-nji bölüm 5-nji bölüm 6-njy bölüm 7-nji bölüm 8-nji bölüm 9-njy bölüm 10-njy bölüm 11-nji bölüm 12-nji bölüm 13-nji...