Toni ROBBINS, «Özüňe erk etmegiň gudraty» (23-nji bölüm)

  • 23.12.2022 17:49
  • 5.6k+
Toni ROBBINS, «Özüňe erk etmegiň gudraty» (23-nji bölüm)

Dowamy. Beýleki bölümleri şu salgylardan okap bilersiňiz:

Men on üç ýaşymdakam, durmuşda näme bilen meşgullanmagyň pikirini edip başladym-da, sport teswirleýjisi bolaryn diýen aýgyda geldim. Bir gezek golaýdaky kitap dükanynda Goward Koselliniň öz kitabyna awtorlyk ýazgy ýazyp, okyjylara satjakdygy barada gazetde habar okadym. Men sport teswirleýjisi bolmak isleseň, ussatlar bilen söhbetdeş bolmagy başarmalydygyny ýatladym. Dyrmaşaňda iň beýik şaha dyrmaşyp başlasaň nähili bolar? Men sapakdan gaçdym-da, kimdir birindenem mikrofon diläp, ejemden özümi şol kitap dükanyna eltmegini haýyş etdim. Men ol ýere baran mahalym jenap Kosell eýýäm dükandan gitjek bolup duran eken. Ony bir topar teswirleýji gurşap alypdy. Men tolgundym, aljyradym. Her kim öz sowalyna jogap almak, onuň soňky aýdýanlaryny ýazga geçirmek isleýärdi. Maňa haýsydyr bir ýol bilen olaryň elleriniň aşagyndan sümlüp, Koselle golaý barmak başartdy. Men ýetişibildigimden gepläp, oňa näme edýänimi, näme etmek isleýänimi aýdyşdyrdym, özüme bir zatlar gürrüň bermegini soradym. Ol maňa interwýu berdi. Ol ýagdaý meniň durmuşda nämäniň mümkindigi, nämä ýetip boljakdygy, adamlara kalbyňdaky pikiri aýdyp, näme gazanyp boljakdygy baradaky ozalky pikirlerimi üýtgetdi. Koselliň aladasy bilen men gündelik gazete işe durdum hem ol ýerde abraý gazandym.

Ynamyň döremeginiň üçünji çeşmesi ― bilim. Durmuşdan alynýan tejribe bilim döredýän çeşmeleriň biridir. Bilim, düşünje gazanmaklyga okamak, kinolar, daşky dünýäni synlamak, sungat eserlerini gözden geçirmek hem ýardam edýär. Bilim, düşünje ýakymsyz gurşawdan sypmakda ýol görkezýän çelgidir. Özüňizi gurşap alýan dünýäniň erbetdigine üns bermäň, siz başga adamlaryň ýeten üstünlikleri barada köp okap hem özüňize artykmaçlyk getirjek ynamy döredip bilersiňiz. Garaýagyz doktor, syýasatçy Robert Kerwin «Nýu-ýork taýms» gazetinde garaýagyzlardan ýokary ligada oýnaýan Jeki Robinsonyň mysalynda  ýagdaýyny düýpden özgerdendigi barada şeýle ýazýar: «Men özümiň garaýagyzlara degişlidigimden örän hoşal boldum. Garaýagyz Jekiniň gazanan üstünligi meni hem üstünlik gazanmaga gönükdirdi, ýeten derejämiň serhedini giňelmegine ýardam etdi».

Özüňde ynam döretmegiň dördünji ýoly ― ozal gazanan üstünliklerimiziň tejribesine daýanmak. Ynamyň iň amatlysy, iň netijelisi eliňden zat gelýändigine bir gezek hem bolsa ynanmagyňyz. Eger üstünlik size bir gezek hemra bolan bolsa, ýene-de üstünlik gazanjakdygyňyza özüňizi ynandyrmak aňsat bolar. Men şu kitabyň wagtynda çykmagy üçin ilkinji garalama görnüşini bir aýdan hem az möhletde taýýarlamalydym. Ony başararyn öýtmeýärdim. Işe girişip, her gün bir bapdan ýazyp ugradym welin, bellenen möhletde işi amala aşyrjakdygyma ynandym. Men özümde kitaby möhletinde tabşyrjakdygyma ynam döredenim üçin şeýle boldy.

Hemme žurnalistler meniň ýokarda ýatlanym ýaly ýagdaýy başdan geçirýärler. Makalany bir sagadyň dowamynda gazete taýýarlamak şerti ýaly kyn ýagdaý durmuşda hälimi-şindi bolup hem durmaýar. Žurnalistleriň köpüsini öz hünärlerindäki şol ýagdaý ýaýdandyrýar. Ýöne gyssagly materialy bir gezek wagtynda taýýarlamak başa baraýsa, awtorda mydama-da şeýle bolar diýen ynam döreýär. Muny artistlere, telekeçilere ýa-da başga hünärli adamlara degişlilikde hem aýtsa bolar. Her bir zady edip boljakdygyna dörän ynam ― bilgiçlik (welilik) bilen aýdylanyň berjaý bolmagyna getirýär.

Ynamyň döremeginiň bäşinji şerti. Ol gazanmak isleýän netijäňiziň jemini eýýäm dörän  netije ýaly edip aňyňyzda döretmek. Şeýle hem siziň ozalky tejribäňiz göz öňüne tutýan maksadyňyzy amala aşyryp bilmek baradaky içki duýgyňyzy hem ynamyňyzy üýtgedip biler. Edil şolar ýaly-da, ol tejribe siziň öz ertirki ýagdaýyňyzy görmek isleýşiňize hem ynamyňyza täsir ýetirer. Men ol ýagdaýy üstünligi nesýe ýagdaýda başdan geçirmek diýip atlandyrýaryn. Eger gazanan netijäňiz güýçli, gerek, manyly hasyl bermeýän bolsa, siz özüňize gerek hyýaly dünýäni tejribä daýanmak bilen döredip, ony ýagdaýyňyz, ynamyňyz, hereketiňiz üçin göz öňüne getirmäniň kömegi bilen peýdalanyp bilersiňiz. Mysal üçin, siz söwdanyň wekili bolsaňyz, näçe pul gazanmak aňsat düşýär? On müň dollarmy ýa-da ýüz müň? Gep ýüz müň dollar gazanmagyň ýeňildiginde. Onuň sebäbini häzir düşündirerin. Siz on müň dollar gazanyp näme etjek bolýarsyňyz? Diňe tölegleri tölemäge ýetse bolar diýmekçimisiňiz? Diňe şol maksada ýetmek üçin şonça güýç harçlan bolsaňyz, onda sizi joşdurmak, begendirmek, işiňizi ýola goýmak üçin harajady nireden almaly?

Siz «Haýda, ýaş ýigit, haýda! Aýyň aýagynda tölegler garaşyp durandyr» diýip, özüňizi gamçylap biljekmi? Sizi biljek däl, ýöne şeýle ýagdaý men-ä janlandyryp bilmezdi.

Ýöne söwda söwdadyr. Siz öz kärdeşleriňize jaň edip duşuşýarsyňyz-da, haýsydyr bir netije gazanjagyňyzy hem göz öňüne tutman, olara harydyňyzy berýärsiňiz. Şonuň üçinem ýüz müň dollar gazanmak on müňden has täsin, has özüne çekiji ýagdaý döredýär. Şonuň bilen birlikde-de, siziň tolgunçly ýagdaýyňyz diňe bergili bolman ýaşamagyň däl-de, uzadan ýeriňe el ýetirip ýaşamak derejedäki mümkinçilik gazanmaga mejbur eder.

(dowamy bar).


20.05.2023 16:35
6.7k+

Toni ROBBINS, «Özüňe erk etmegiň gudraty» (38-nji bölüm)

Dowamy. Beýleki bölümleri şu salgylardan okap bilersiňiz: 1-nji bölüm 2-nji bölüm 3-nji bölüm 4-nji bölüm 5-nji bölüm 6-njy bölüm 7-nji bölüm 8-nji bölüm 9-njy bölüm 10-njy bölüm 11-nji bölüm 12-nji bölüm 13-nji...

06.05.2023 20:11
5.3k+

Toni ROBBINS, «Özüňe erk etmegiň gudraty» (37-nji bölüm)

Dowamy. Beýleki bölümleri şu salgylardan okap bilersiňiz: 1-nji bölüm 2-nji bölüm 3-nji bölüm 4-nji bölüm 5-nji bölüm 6-njy bölüm 7-nji bölüm 8-nji bölüm 9-njy bölüm 10-njy bölüm 11-nji bölüm 12-nji bölüm 13-nji...

29.04.2023 15:12
5.7k+

Toni ROBBINS, «Özüňe erk etmegiň gudraty» (36-njy bölüm)

Dowamy. Beýleki bölümleri şu salgylardan okap bilersiňiz: 1-nji bölüm 2-nji bölüm 3-nji bölüm 4-nji bölüm 5-nji bölüm 6-njy bölüm 7-nji bölüm 8-nji bölüm 9-njy bölüm 10-njy bölüm 11-nji bölüm 12-nji bölüm 13-nji...

16.04.2023 13:23
6.4k+

Toni ROBBINS, «Özüňe erk etmegiň gudraty» (35-nji bölüm)

Dowamy. Beýleki bölümleri şu salgylardan okap bilersiňiz: 1-nji bölüm 2-nji bölüm 3-nji bölüm 4-nji bölüm 5-nji bölüm 6-njy bölüm 7-nji bölüm 8-nji bölüm 9-njy bölüm 10-njy bölüm 11-nji bölüm 12-nji bölüm 13-nji...