Toni ROBBINS, «Özüňe erk etmegiň gudraty» (21-nji bölüm)

  • 11.12.2022 12:11
  • 5.1k+
Toni ROBBINS, «Özüňe erk etmegiň gudraty» (21-nji bölüm)

Dowamy. Beýleki bölümleri şu salgylardan okap bilersiňiz:

Jon Stýuart Mill şeýle ýazýar: «Berk ynamy bar ýeke adam, togsan dokuz sany ynamsyz, diňe öz bähbidi bilen ýaşaýan adama deňdir». Ynamy her bir adam üçin kämillige barýan ýoly salgy berýän närse hasaplap bileris. Ynam biziň degna ulgamymyzyň gönükdirijisidir. Siz bir zadyň bardygyna ynam edýän bolsaňyz, özüňizi hem-de onuň, hakykatdanam, bardygyna ynanýan kalbyňyzy şol zada tarap gönükdirýärsiňiz. Eger öz ynamyňyzy manyly, akylly-başly ulansaňyz, ol siziň durmuşyňyzda oňatlyk döredýän ägirt uly güýje öwrülerdi. Başga bir tarapdan welin, hereketiňizi hem pikiriňizi çäklendirýän ynamyňyz, ähli zady puja çykaryp biler. Din asyrlarboýy millionlarça adama ynam kömegini bermedik bolsa, olar durmuşda başaran zatlaryny amal edip bilmezdiler. Ynam kän-kän täteriklik zatlaryň üstüniň açylmagyna hem ony ulanyp, netije gazanmagymyza ýol açýar.

Ynam bizi maksada tarap alyp barýan karta hem kompasdyr. Ynamy bolmadyk hem ony ulanmaýan adamlaryň elinden hiç zat gelmez. Ol adamlar küreksiz gaýyga münen adamlardyr. Eger sizde ynam dörese, ýaşamagy arzuw edýän durmuşyňyza ýetmäge ýardam etjek güýjüň döredigidir. Ynam bize görmek isleýän zadymyzy görmäge kömek edýär, şona ýetmek üçin ýagdaý döredýär.

Gepiň keltesi, dünýäde ynamdan güýçli ugrukdyryjy zat ýok. Hakykatdanam, adamzat ähliniň taryhy ynamyň taryhydyr. Isus Hristios ýa Muhammet pygamber, Kopernik, Kolumb, Edison ýa-da Eýnşteýn bolsun ― taryhyň akymyny üýtgeden adamlar biziň ynamymyzy üýtgetmegi başaran adamlar bolmaly. Şonuň üçinem biziň aňymyzy üýtgetmek üçin, ilki bilen ynamymyzy üýtgetmeli. Eger biz kämilligi modelirlemek islesek, ony bizden öňürti eden adamlaryň hereketini gaýtalamaly hem ynamlaryny öwrenmeli. Adamyň özüni alyp barşy barada näçe köp zat bilsek, ynamyň durmuşymyza täsir edýän ägirt uly erkiniň bardygyna şonça-da berk ynanýarys. Ol erk biziň köpimizde bar bolan durmuşyň logiki gurluşyny ýygy-ýygydan bozup-da bilýär. Hatda fiziologiýa babatda-da, ynam biziň hakyky ýagdaýymyza gözegçilik edýär...

Biziň köpimiz plasebonyň täsirine düşünýäris. Däri-dermanyň kömek edýändigine ynanýan adam  hakyky dermana derek täsirsiz boş gerdejik ( (plasebo) berseňem, hakyky dermanyň ýetirýän täsirini duýýar. Norman Kazins ynanmagyň nämedigine iş ýüzünde göz ýetirensoň şeýle diýýär: «Däri-derman ulanmagyň mydama zerurlygy ýok. Sagaljagyňa ynanmaklyk—ine, näme köplenç dertden gutarýar». Plasebonyň täsiri baradaky täsin derňew tenini deşip geçen ýaraly näsaglar bilen geçirilipdir. Olar iki topardan ybarat ekenler. Birinji topardaky näsaglara täze, keselden derrew dyndarjak derman beriljekdigini öňünden duýdurýarlar. Ikinji topardaky näsaglara bolsa täze derman beriljekdigini, ýöne ol dermanyň bejeriş täsiriniň nähilidiginiň entek doly belli däldigi aýdylýar. Birinji topardaky näsaglaryň 70 göterimi öz saglyklarynda ep-esli gowulaşma duýandyklaryny, ikinji topardakylaryň bolsa diňe 25 göterimi bilen şeýle bolandygy bellenilýär.

Aýdylan zatlaryň hemmesi beýnä hem degna ulgamyna ýetirilýän maglumatlar akymynyň täsirinde döreýän ýeke-täk ynam bilen baglaşýar. Örän güýçlüdigine garamazdan, bu işde hiç hili syr ýok. Ynam biziň özümizi alyp barmakda içki dünýämize täsir ýetirýän ýagdaýdan başga zat däl. Onuň oňat netije gazanylmagy ahmal mümkinçiliklerimize tarap bizi gönükdirýän ynam bolmagy-da mümkindir. Ýöne onuň güýç-kuwwatdan daşlaşdyrýan, hereketimizi çäklendirýän, asla ýeňiş gazanyp bolmaz ýaly ýagdaýa uýdurýan ynam bolmagy-da ahmaldyr.

Eger siz üstünlik gazanjakdygyňyza ynansaňyz, sizde ony amala aşyrmak üçin güýç hem hyjuw peýda bolar. Ol biziň hemişe iş salyşýan närsämizi netijä getirer. Bir zady amala aşyryp bilerin ýa-da amala aşyryp bilmerin diýen iki çaklamaňyzyň ikisinde-de siz mamla. Şol iki ynamyň ikisinde-de uly güýç bar. Mesele haýsy ynama tabyn bolmakda, hem-de özüňizde şol ynamy döretmekde. Üstünlige eltýän ýol biziň ynamymyzyň saýlan ugrumyzdygyna düşünmekden başlanýar. Adatça, biz şeýle pikir hem edýäris. Oňa garamazdan, ynamyň aýgydy oýlanyşykly dörän aýgytdyr. Siz özüňizde  işiňizi çäklendirjek ýa-da ähli zatda goldajak ynam döredip bilersiňiz. Esasy mesele tutan maksadyňyza ýetmekde özüňizi goldap biljek ynamy tapyp, başga ynamlaryň hemmesinden daşlaşmakdadyr.

Güýjümiziň haýsy bölegini ulanyşa gönükdirmek boljakdygyny saýgarýan hem ynamdyr. Ynanmak çogup gelýän täze aýgytlaryň öňüni açyp hem, böwetläp-de biler. Şeýle bir ýagdaýy göz öňüne getiriň. Kimdir biri size: «Duz getir» diýip ýüzlenýär. Siz goňşy otaga barýarkaňyz: «Men duzuň nirededigini bilemok» diýip içiňizi gepledýärsiňiz. Birnäçe minudyň dowamynda otaga ser salyp: «Men duzy tapamok» diýip gygyrýarsyňyz. Size ýumuş buýran adam ýerinden turup, duzdany alýar-da size: «Duz alnyňyzda ahyryn. Eger duz ýylan bolan bolsa sizi çakardy» diýýär. Siz duzy tapamok diýen wagtyňyz, beýniňize duzuň tapylmagy barada görkezme beren dälsiňiz. Beýle ýagdaý psihologiýada shotoma diýip atlandyrylýar. Adamyň tejribesi, diýen sözleri, görmek, duýmak, eşitmek, ysgamak, tagam duýmak ýaly hereketleri aňda saklanyp galýar. Ýöne siz nämedir bir zady ýatlap bilemok diýip ynam bilen aýdanyňyzda hem ýalan sözläňizok. Emma siz edil şolar ýaly ynam bilen bir zady bitirerin diýip, degna ulgamyňyza ol barada duýduryş berseňiz, ol ulgam maglumat saklaýan beýniňiziň ýoluny açýar-da, gerekli maglumat size gelip ýetýär.

(dowamy bar).


20.05.2023 16:35
6.7k+

Toni ROBBINS, «Özüňe erk etmegiň gudraty» (38-nji bölüm)

Dowamy. Beýleki bölümleri şu salgylardan okap bilersiňiz: 1-nji bölüm 2-nji bölüm 3-nji bölüm 4-nji bölüm 5-nji bölüm 6-njy bölüm 7-nji bölüm 8-nji bölüm 9-njy bölüm 10-njy bölüm 11-nji bölüm 12-nji bölüm 13-nji...

06.05.2023 20:11
5.3k+

Toni ROBBINS, «Özüňe erk etmegiň gudraty» (37-nji bölüm)

Dowamy. Beýleki bölümleri şu salgylardan okap bilersiňiz: 1-nji bölüm 2-nji bölüm 3-nji bölüm 4-nji bölüm 5-nji bölüm 6-njy bölüm 7-nji bölüm 8-nji bölüm 9-njy bölüm 10-njy bölüm 11-nji bölüm 12-nji bölüm 13-nji...

29.04.2023 15:12
5.7k+

Toni ROBBINS, «Özüňe erk etmegiň gudraty» (36-njy bölüm)

Dowamy. Beýleki bölümleri şu salgylardan okap bilersiňiz: 1-nji bölüm 2-nji bölüm 3-nji bölüm 4-nji bölüm 5-nji bölüm 6-njy bölüm 7-nji bölüm 8-nji bölüm 9-njy bölüm 10-njy bölüm 11-nji bölüm 12-nji bölüm 13-nji...

16.04.2023 13:23
6.4k+

Toni ROBBINS, «Özüňe erk etmegiň gudraty» (35-nji bölüm)

Dowamy. Beýleki bölümleri şu salgylardan okap bilersiňiz: 1-nji bölüm 2-nji bölüm 3-nji bölüm 4-nji bölüm 5-nji bölüm 6-njy bölüm 7-nji bölüm 8-nji bölüm 9-njy bölüm 10-njy bölüm 11-nji bölüm 12-nji bölüm 13-nji...