Toni ROBBINS, «Özüňe erk etmegiň gudraty» (19-njy bölüm)

  • 21.11.2022 16:52
  • 4.9k+
Toni ROBBINS, «Özüňe erk etmegiň gudraty» (19-njy bölüm)

Dowamy. Beýleki bölümleri şu salgylardan okap bilersiňiz:

«Her bir hereketi döredýän zat pikirdir»
Ralf Uoldo EMERSON

Eger biz öz-özümiz bilen pikir alyşmagymyzy derňemek bilen, keseden eşidilýän, gulaga ýetýän hem taktil (syzmak arkaly duýulýan) signallaryndan diňe öz eşitmek isleýänlerimizi jemlesek, maksada ýetmek mümkinçiligi örän ujypsyz, ýa-da bir seretseň, düýpden ýok diýerlik bolsa-da, ep-esli derejede peýdaly netije gazanyp bilerdik. Işeňňir hem örän ýiti telekeçiler, trenerler, terbiýeçiler, guramaçylar daşky delilleri umytsyz ýaly görünýän durmuş ýagdaýlaryny özleri hem başgalar üçin üstünlik gazanmaga ukyply edip görkezmäge, ol barada degna ulgamlaryna duýduruş (signal) ýetirmäge ökde adamlardyr. Olar özlerini hem başgalary içki serişdeleri doly ynanmagy başarjak derejede terbiýeleýärler, şonuň üçinem doly üstünlige ýetilýänçä hereket etmek mümkinçiliginden daşlaşmaýarlar. Siz deňze gark bolan hazynany on ýedi ýyllap gözlän Mel Fişer hakynda eşiden bolmaly. Ol tä, umumy gymmaty 400 million dollara barabar bolan hazynany tapýança maksadyndan dönmeýär. Meniň ol barada okan makalamda hazyna gözlän toparyň bir agzasy «Siz näme üçin Mel bilen şeýle kän wagtlap işlediňiz?» diýen sowala «Meliň adamlary joşdurmakda tapylgysyz ukyby bar» diýen jogap berýär. Her gün ol özüne şol hazynany tapmasa, ynjalmajakdygyny ynandyrýar. «Mel her gün irden özüne hem ýoldaşlaryna: «Şu gün şowly gün bolmaly» diýýär, agşamlyk bolsa «Şowly gün ertir bolmaly» diýýär. Onsoňam ol beýle sözleri ýöne agzynyň ugruna aýdyp goýberäýenok-da, özünde hem ýoldaşlarynda hazynanyň ertir tapyljakdygyny göz öňüne getirdýän, umyt döredýän ynam bilen aýdýar. Her gün ol özünde hazynanyň tapyljagyna uýýan ýagdaýy döredýär. Ol ýagdaý hem ony maksadyna ýetýänçä ruhdan düşürmän, gözlegi dowam etdirmäge güýç berdi. Ine, size iň ýokary üstünligiň formulasyna mysal. Mel özüne näme gerekdigini bilýär. Ol aýgytly hereketler edýär. Ol haýsy nokadyň  işlejekdigini öwrenýär, eger ol nokat işlemese-de, başga, maksadyna ýetirjegini tapýar.

Tanaýan guramaçylarymyň arasynda iň ukyplysy Gawaý uniwersitetiniň futbol komandasynyň baş treneri Dik Tomeý. Ol adamyň içki ýagdaýynyň onuň başarjaňlygyna hem işeňňirligine örän güýçli täsir ýetirýändigine gowy düşünýär. Bir gezek Waýmont uniwersitetiniň komandasy bilen ýaryş geçirilende, onuň oglanlaryny gaty heläk etdiler. Oýnuň birinji ýarymyndan soň hasap 0:22-di. Her topar bir-birinden habarsyz, başga-başga oýun oýnaýan ýalydy.

Arakesmä gidip barýan oglanlaryň ýagdaýlarynyň nähilidigini özüňiz göz öňüne getiriberiň. Ýüzleri salyk, keýpsiz haldaky oýunçylaryny synlan Tomeý ýigitleriniň ýagdaýyna täsir edip bilmese, oýnuň ikinji ýarymynyň hem netijesiz boljakdygyna göz ýetirýär. Oglanlaryň şeýle fiziologik ýagdaýda, şeýle göwnüçökgünlikde özleriniň içki resurslaryny ulanyp bilmejekdikleri bellidi.

Şonuň üçinem Dik olara köp ýyllar bäri ýygnan gazet böleklerini, suratlaryny getirip görkezýär. Her gazet böleginde dürli hasap bilen utulýan komandalar barada ýazylan maglumatlar bar eken. Utulan komandalar soň özlerini ele alyp, ýeňiş gazanmagy öwrenipdirler. Dik şol maglumatlary sesli okamaga öz oglanlaryny mejbur edýär. Şeýlelik bilen, ol ýaşlaryň kalbynda öňkülerden düýpden başga, sport meýdançasyna ýeňiş gazanmak maksady bilen girer ýaly ynam döredýär. Futbolçylaryň kalbynda dörän neýrofiziologik ýagdaý, içki ynam komandany üstünlige getirýär. Dikiň oglanlary şondan soňky ýaryşlarda, özleri üçin edil iň soňky oýun ýaly, düýpden başgaça hereket edýärler. Waýomingiň birinji ýarymy 00-22 hasaby bilen utan topary, oýnuň ikinji ýarymynda ýeke utuk hem gazanyp bilmän, bu oýunda 27-22 hasabynda utulýar. Beýle ýagdaýy Dikiň futbolçylarynyň mümkinçilikleriň serhedini üýtgetmekligi başarandyklary bilen baglaşdyryp bileris.

Ýakynda «Bir minutda dörän menejer» diýen kitabyň awtorlarynyň biri Ken Blanşar bilen uçarda bile uçdum. Ol «Golf daýjest» žurnaly üçin «Bir minutda dörän golfçy» atly makala ýazypdyr. Blanşar amerikan golfunyň örän ukyply instruktorlarynyň biri bilen bile işläp, oýnuň tehnikasy baradaky düşünjesiniň çägini giňeldipdir. Şol barada örän kän maglumata gabat gelen hem bolsa, Ken olaryň hemmesini ýatlap bilmeýändiginden zeýrendi. Men oňa ilki beýle ýagdaý üçin zeýrenip ýörmegiň hajatynyň ýokdugyny aýdyp: «Iň bolmanda, bir gezek golf pökgüsini jaýdar uran saparyň boldumy?» ― diýip soradym. Ol beýle ýagdaýyň bolandygyny, onda-da birnäçe gezek bolandygyny aýtdy. Şonda oňa kalbyndaky ýatlamany galdyrmagyň manysyny  düşündirdim. Onuň üstünlik gazanmagy üçin diňe bir etmeli zadynyň, özüniň golf pökgüsini jaýdar uran gezeginiň kalbynda gizlenip ýatan täsirini peýdalanmakdygyny aýtdym. Oňa şol şowlulyga dolanyp, peýdalanmagy  zerur bolan tilsimleri öwretmek üçin, bary-ýogy, sanlyja minut ýeterlik boldy. (Siz şeýle tehnikanyň ýollaryny kitabyň 7-nji bölüminde öwrenersiňiz).

Ýokarky ýatlamanyň soňy nähili boldy? Ken golf meýdançasyna çykýar-da, soňky on bäş ýyl bäri edip bilmedik inçe hereketlerini etmekligi başarýar. Üstesine-de, ol bu oýny ozalky iň şowly oýnundan on bäş urgy ir tamamlaýar. Bu nädip beýle bolup bildi? Oňa hatda nämedir bir zatlary ýatlamagyň-da geregi bolmandyr, ähli zat öz-özünden düzelipdir. Oňa diňe özünde ozaldan bar bolan zatlardan peýdalanaýmak galypdyr. Adamyň özüni alyp barşy içki ýagdaýy bilen bagly. Siz birmahal durmuşda uly üstünlik gazanan bolsaňyz, şol mahalky aň hem fiziki ýagdaýyňyzy ýatlap, şol üstünligi ýene gaýtalap bilersiňiz. 1984-nji ýylyň olimpiýa oýunlarynyň öň ýany men 1500 metr aralyga erkin ýüzýän türgen Maýkl O Braýnen bilen işleşdim. Ol çyny bilen türgenleşik geçirýärdi, ýöne üstünlik gazanyp boljak derejä ýetip biljegine ynamy ýokdy. Ol kalbynda ösüşe böwet bolýan päsgelçilikleriň bardygyny duýýardy. Şonuň üçinem ol ýaryşda birinji ýeri alaryn öýtmeýärdi-de, bürünç, şowly bolaýanda kümüş medaldan hantamady. Garşydaşy Jorj Dikarlo bolsa birnäçe gezek ony utupdy.

(dowamy bar).


20.05.2023 16:35
6.7k+

Toni ROBBINS, «Özüňe erk etmegiň gudraty» (38-nji bölüm)

Dowamy. Beýleki bölümleri şu salgylardan okap bilersiňiz: 1-nji bölüm 2-nji bölüm 3-nji bölüm 4-nji bölüm 5-nji bölüm 6-njy bölüm 7-nji bölüm 8-nji bölüm 9-njy bölüm 10-njy bölüm 11-nji bölüm 12-nji bölüm 13-nji...

06.05.2023 20:11
5.3k+

Toni ROBBINS, «Özüňe erk etmegiň gudraty» (37-nji bölüm)

Dowamy. Beýleki bölümleri şu salgylardan okap bilersiňiz: 1-nji bölüm 2-nji bölüm 3-nji bölüm 4-nji bölüm 5-nji bölüm 6-njy bölüm 7-nji bölüm 8-nji bölüm 9-njy bölüm 10-njy bölüm 11-nji bölüm 12-nji bölüm 13-nji...

29.04.2023 15:12
5.7k+

Toni ROBBINS, «Özüňe erk etmegiň gudraty» (36-njy bölüm)

Dowamy. Beýleki bölümleri şu salgylardan okap bilersiňiz: 1-nji bölüm 2-nji bölüm 3-nji bölüm 4-nji bölüm 5-nji bölüm 6-njy bölüm 7-nji bölüm 8-nji bölüm 9-njy bölüm 10-njy bölüm 11-nji bölüm 12-nji bölüm 13-nji...

16.04.2023 13:23
6.4k+

Toni ROBBINS, «Özüňe erk etmegiň gudraty» (35-nji bölüm)

Dowamy. Beýleki bölümleri şu salgylardan okap bilersiňiz: 1-nji bölüm 2-nji bölüm 3-nji bölüm 4-nji bölüm 5-nji bölüm 6-njy bölüm 7-nji bölüm 8-nji bölüm 9-njy bölüm 10-njy bölüm 11-nji bölüm 12-nji bölüm 13-nji...