Dowamy. Beýleki bölümleri şu salgylardan okap bilersiňiz:
- 1-nji bölüm
- 2-nji bölüm
- 3-nji bölüm
- 4-nji bölüm
- 5-nji bölüm
- 6-njy bölüm
- 7-nji bölüm
- 8-nji bölüm
- 9-njy bölüm
- 10-njy bölüm
- 11-nji bölüm
- 12-nji bölüm
- 13-nji bölüm
- 14-nji bölüm
- 15-nji bölüm
- 16-njy bölüm
- 17-nji bölüm
Biziň her birimizde dünýä, modellere bolan öz garaýşymyz bar, şol hem biziň daşky gurşaw baradaky düşünjelerimizi kemala getirýär. Adamlar bilen gatnaşygyň, sözleşigiň, kitap okamagyň, telegepleşikleri görmegiň netijesinde, biz daşky gurşawymyzy döredýän maglumatlary alýarys, nämäni kabul edýänimizi, nämäni kabul etmeýänimizi seljerýäris. Mitçeliň ikinji gezek dünýä gelmegine, onuň täzeden kemala gelmegine oglanlykda tanan bir adamy ýatlamagy sebäp bolýar. Ol adam ysmaz bolsa-da, durmuşda örän uly üstünliklere baryp ýetýär. Aýtmak isleýän zadym — Mitçelde agyr ýagdaýdan baş alyp çykmaga, bagtly bolmaga, öýkünmäge nusga ― model bolupdy.
Başga adamlary amatly modellemek üçin olaryň dünýäni manyly herekete getirjek anyk ynam bilen herekete etmäge mejbur etjek ýagdaýyny tapmaly. Biz olaryň dünýä hakdaky ozalky tejribelerini nähili peýdalanandyklaryny anyk bilmeli. Olar näme diýipdirler, näme duýupdyrlar? Eger bedenimizde şolar ýaly duýgyny duýsak, şol duýgynyňky ýaly netijäni hem gazanarys. Modellemegiň düýp manysy hem şondan ybarat. Durmuş mydama haýsydyr bir netijäni görkezýär. Ol onuň hemişelik kanuny. Eger siz nähili netije almak isleýändigiňizi bilgeşleýinden anyklamasaňyz, ony gerekli görnüşinde göz öňüne getirmeseňiz, haýsydyr bir tötänlik ― gep-gürrüň, telewizion gepleşik we şolara meňzeş zatlar sizi goldamak-ha däl, tersine, kabul ediş mümkinçiligiňize zeper ýetirjek modelleri görkezer. Durmuş edil derýa ýalydyr. Ol öz hanasyndan akýar. Eger siz maksadyňyza laýyk, göz öňüne tutan, gerek tarapyňyza görä ýörite hereket etmeseňiz, derýa sizi öz akymy boýunça alyp gider. Durmuşy ýene bakja bilen deňeşdirip bolar. Eger siz beýniňize özüňize gerekli fiziologik hem aň tohumyny sepmeseňiz, mellegiňizde haşal ot biter. Eger aňymyza hem ýagdaýymyza erk etmegi ýörite öwrenmesek, daşky gurşaw kalbymyza, islesek-islemesek, özüniň döreden görnüşini ornaşdyryp biler. Onuň netijesiniň aýylganç bolmagy-da ahmaldyr. Şonuň üçinem biz öz dünýägaraýşymyza düzediş girizip, mydama aňymyzyň goragynda durmalydyrys, mellegimizi haşal otdan arassalap durmalydyrys.
Şol meselä dahylly ýene bir üns beräýmeli ýagdaý, «Uçýan Wallendler» diýen belli sirk toparynyň akrobaty Karl Wallendiniň taryhydyr. Ol ýyllarboýy howada edýän aňrybaş oýunlary bilen tomaşaçylary haýran galdyryp geldi. Ol hiç mahal ýykylmagyň pikirini etmeýär.Ýöne bir gezek aýalyna; «Men özümi ýokardan ýykylýan halda gördüm» diýýär. Şeýle hem ol özüni belentlikden aşak gaçýan ýagdaýda göz öňüne getirip başlaýar. Üç aýdan soň ol ýokarda maşk görkezip ýören ýerinden aşak gaçyp wepat bolýar. Käbir adam ol wakany boljak zady öňünden görmek diýip kesgitläp biler. Ýöne ol barada başga nukdaýnazar hem bar. Ol öz degna ulgamynda üýtgewsiz, hemişe bardygyny ýatladyp duran duýgy döredýär. Ol duýgy artistiň kalbynda ýokardan aşak gaçmagy ýatladyp, ahyram maksadyna ýetýär. Ol öz aňyny täze bir akyma gönükdirýär welin, pajyga amala aşýar. Şonuň üçinem durmuşymyzda nämäniň gerekdigini, nämäniň gerek däldigini saýgarmagymyz zerur şerte öwrülýär.
Eger biz öz pikirimizi mydama ýaşaýyşda bolup geçýän erbetliklere hem öz islemeýän, halamaýan zatlarymyza tarap gönükdirsek, özümizde şol ýagdaýlary goldaýan duýgy dörederis. Gep ugruna: siz gabanjaň adammy? Ýok, siz gabanjaň däl. Ozal bir mahal ýagdaýyňyza görä şert döredip, gabanjaň bolan bolmagyňyzam ahmal. Ýöne gabanjaňlyk siziň öz aýgydyňyz bolan däldir. Geçmişiňizi umumylaşdyrmak ýoly bilen, siz öz-özüňizde hereketleriňizi geljege tarap gönükdirjek hem geljekde özüňizi alyp baryşyňyza tabyn boljak dünýä döredersiňiz. Siziň özüňizi alyp barşyňyzyň öz ýagdaýyňyza baglydygyny, ýagdaýyňyzyň bolsa öz nobatynda siziň fiziologiýaňyzyň hem içki dünýäňiziň ýagdaýy bilen kybapdaşdygyny ýatlaň. Ol zatlary siz sanlyja pursatda özgerdip bilersiňiz. Eger siz geçmişde gabanjaň bolan bolsaňyz, ol diňe öz kalbyňyzda gabanjaňlyk dünýäsini döredeniňiz sebäpli bolan ýagdaý. Häzir siz ýagdaýy başga görnüşde göz öňüne getirip, aňyňyzda degişli özgerişligi döretjek ýagdaýy oýaryp bilersiňiz. Ol ýa-da başga bir bolşy göz öňüne getirýän mümkinçiligi saýlap almaga sizde mydama mümkinçilik bar. Eger siz söýgüliňiz size biwepalyk edýändir diýen ýagdaýy göz öňüne getirseňiz, tiz wagtda özüňizi gabanmak ýa-da gahar-gazap dünýäsinde duýarsyňyz.
Siziň halaýan adamyňyzyň aýagyny gyşyk basjak adam däldigini ýadyňyza salyň. Siziň bolmadyk ýagdaýdan özüňizçe bolan ýagdaý döretmegiňiz, ony siz bilen ýaşaýandygyna ökündiribem biler. Şol ýagdaýy döreden özüňiz. Eger siz söýýän adamyňyzy gabanjaňlyk bilen bir aýakdan sürmän, işde aladasy kän bolany sebäpli öýe gijä galyp gelendigine özüňizi ynandyrsaňyz, ýakymsyz ýagdaýyňyzy ýakymly ýagdaý bilen hem çalşyryp bilersiňiz. Ýagdaýyň çaklamasynyň soňky netijesi gijä galyp gelen ýakynyňyzy güler ýüz bilen garşylap, onuň kalbynda-da siz bilen bir ten, bir jan bolup ýaşamak höwesini oýarar. Siziň ýakynyňyz wagtyň geçmegi bilen hakykatdanam, gabanylmaga mynasyp ýagdaýa düşüp biler. Ýöne wagtyndan öň, esas ýok ýerinden oňa onça güýç, onça alada harçlamak nämä gerek? Gabanmak baradaky pikir siziň çaklamaňyz, ýöne «suw görmän tamman çykarmak» bilen özüňiziňem, gowy görýän adamyňyzyňam keýpini bozmak nämä derkar?
(dowamy bar).