Toni ROBBINS, «Özüňe erk etmegiň gudraty» (16-njy bölüm)

  • 07.11.2022 14:46
  • 5.2k+
Toni ROBBINS, «Özüňe erk etmegiň gudraty» (16-njy bölüm)

Dowamy. Beýleki bölümleri şu salgylardan okap bilersiňiz:

Ikinji anyk sowal şundan ybarat: Bir adamy biynjalyklyk döredýän görnüşi göz öňüne getirmäge näme mejbur edýär? Başga bir adam öz içki dünýäsiniň hilini ynamsyzlyk hem ýigrenjiň täsiri bilen baglaşdyrýar. Siz şeýle ýagdaýda öz ene-ataňyzyň muňa garaýşyny ýa-da esasy modelini öz tejribäňize daýanyp modelirläp bilersiňizmi? Siz oglanjykkaňyz kakaňyz öýe giç dolansa, ejeňiz mydama biynjalyksyzlanýardy. Siz özüňizde edil şonuň ýaly biynjalyksyzlyk döredip bilersiňizmi? Şolar ýaly ýagdaýda ejeňiz kakaňyza ynanmaýandygyny aýtsa, şolar ýaly ýagdaýy, belkem, modelirlärdiňiz. Şeýlelikde, siziň ynanyşyňyz, durmuşa bolan gatnaşygyňyz, gymmatlyklar hem belli bar adam bilen gatnaşygyňyz, adamyň özüni alyp barşyny göz öňüne getirişiňize täsirini ýetirýär.

Daşky dünýäni kabul edişimize, ony göz öňüne getirişimize uly täsir ýetirýän ýene bir güýçli, agramly ýagdaý bar. Ol ýagdaý hem öz hususy fiziologiýamyzyň modelleridir. Beden dartgynlylygy, içegäniň, öýkeniň işleýşi, maddalaryň alyş-çalşygy, dem alşyň ― bu zatlaryň hemmesi ahwalyňa uly täsir edýär. Içki duýgy hem fiziologik kibernetik amalyýetler birleşip, arasy üzülmeýän halka döredýär. Bir elemente täsir ýetirýän zat beýleki elemente-de täsirini ýetirýär. Şonuň üçinem daşky ýagdaýyň üýtgemegi, içki amalyýetleriň-de üýtgemegini aňladýar. Eger siziň söýgüliňiz ýa-da çagaňyz öýe gelmeli wagtyndan gijä galsa, bedeniňiz işjeň ýagdaýda bolýar. Şonda siz çagaňyzy öýe gelýändir, ýöne ulaglar wagtly-wagtynda gatnamaýany üçin, çaga gijä galyp geler diýen pikir ýöredersiňiz. Eger-de siz haýsydyr bir sebäbe görä, ýokary beden dartgynlygyň fiziologik ýagdaýynda ýa-da örän ýadaw, näsag bolsaňyz, ganyňyzdaky süýjüligiň hem içki joşgunyňyzyň derejesi pese düşen bolsa, siz ýakymsyz duýgyňyzyň, ýakymsyz içki joşgunyňyzyň derejesini ýokarlandyrýan görnüşleri göz öňüne getirersiňiz. Eger siz özüňizi fiziki taýdan oňat duýýan wagtyňyz dünýäni kabul edişiňiz bilen, näsag mahalyňyzdaky kabul edişiňizi deňäp görüň. Ýer bilen gök ýaly tapawudy bolar. Eýsem, keýpiňizi bozýan zatlara sataşanyňyzda, bedeniňiz dartgynlyk duýmaýarmy? Şeýlelikde, içki duýgy hem fiziologiýa diýen iki ýagdaý biri-biri bilen mydama gatnaşykda bolup, siziň başdan geçirýän ahwalyňyzy döredýär. Şol ýagdaý hem özümizi alyp barşymyzy kesgitleýär. Şeýlelikde, özümizi alyp barşymyza gözegçilik etmek üçin, öz ýagdaýymyza gözegçilik etmegi öwrenmelidiris, hem-de onuň işini ýola goýmalydyrys. Ýagdaýy ele almak üçin bolsa, daşky gurşaw hem fiziologiýa baradaky içki duýgymyzy gönükdirmegi başarmaly. Ýöne öz ýagdaýyňyza islän wagtyňyz ýüz göterim gözegçilik edip biljekdigiňize ynanyň. Öz durmuş tejribäňizden peýdalanmagy öwrenmekden öňürti, şol tejribäni nähili gazanandygyňyza düşünmeli.

Ähli süýdemdirijiler ýaly adamlar hem daşky gurşaw baradaky maglumatlary duýgy agzalarynyň kömegi bilen alýarlar. Adamda tagam duýuş, ys alyş, görüş, eşidiş, duýuş ýaly bäş sany agza bar. Ýöne biz gelýän aýgydymyzyň köp bölegini, esasan görüş, duýuş, eşidişiň kömegi bilen edýäris.

Ol ýöriteleşdirilen agzalar daşky duýduryşlary birneme «işlenen» görnüşinde beýnä ýetirýär. Beýni olary timarlanan görnüşde ulanyşa taýýarlaýar. Şeýle hem beýni bize  gerekli habary ulanyşa berýär-de, galanlaryny yza geçirýär.

Şeýlelikde, içki duýgymyzyň wakalary kabul edip ýygnan maglumatlary daşky wakalar bilen doly gabat gelmänem biler. Habary siziň hususy içki duýgylaryňyzyň önümi diýsegem galat bolmaz. Adamyň aňy hemme kabul edilýän maglumatlary doly täzeden işläp bilmeýär. Eger biz çep elimiziň külbike barmagynda gan damarynyň urşundan başlap, gulak perdesiniň tirpildisine çenli müňlerçe «pyşyrdynyň» hemmesini kabul etsek, akylymyzdan azaşardyk. Şonuň üçinem beýnimiz «süzgüjini» ulanmak bilen, diňe bize häzir hem biraz soňrak gerek boljak maglumatlary özünde saklaýar, galan maglumatlary yza süýşürýär.

Maglumatlary süzgüçden geçirmek adamyň dünýäni kabul ediş mümkinçiliginiň geriminiň giňdigine şaýatlyk edýär. Ýoldaky bir ulag çaknyşygyny iki adam iki hili görýär, hem-de her biri ol wakany özüçe gürrüň berýär. Olaryň biri gören zadyna üns berse, beýleki eşidenine üns berýär. Olar wakany dürli nazar bilen görüpdiler. Olaryň kabul ediş mümkinçiligi dürli. Mysal üçin, olaryň biriniň gözi görgür, beýlekiniňki kütegräk. Olaryň biri, belkem, ozal şeýle ulag çaknyşygyny başdan geçiren bolmagy-da ahmal. Onuň ýagdaýy göz öňüne getiriş içki duýgusy hem bolup biler.

Töweregimizde bolup geçýän haýsydyr bir zadyň ýagdaýyna hiç mahal dürs baha berip bilmeýändigimiz üçin, şol bolup geçýän zady öz mümkinçiliklerimizi çäklendirýän däl-de, özümize-de, özgelre-de peýdaly, ynam, güýç-kuwwat berýän, joşdurýan görnüşde görüp bilmeýäris?

Şol islegi amala aşyrmak üçin öz ýadymyza, aňymyza erk etmeli; aňymyzy her adam üçin peýdaly, ruhlandyryjy ýagdaýy döretmäge taýýarlamaly. Siz islendik derejede pikiriňizi dürli zatlara gönükdirip bilersiňiz. Mydama işi ugruna bolýan adam hem, asla amala aşmajak zat hakda arzuw etmegiň netijesinde, gaharlanyp ýa-da göwnüçökgün ýagdaýa düşüp biler, ýogsam, ol edýän hereketiniň gowy netije berýändigini göz öňüne getirip bilerdi ahyryn. Ýagdaý her niçik agyr bolanda-da, siz ony özüňizi joşdurjak ugra gönüger ýaly edip biljek derejede göz öňüne getiriň.

(dowamy bar).


20.05.2023 16:35
6.7k+

Toni ROBBINS, «Özüňe erk etmegiň gudraty» (38-nji bölüm)

Dowamy. Beýleki bölümleri şu salgylardan okap bilersiňiz: 1-nji bölüm 2-nji bölüm 3-nji bölüm 4-nji bölüm 5-nji bölüm 6-njy bölüm 7-nji bölüm 8-nji bölüm 9-njy bölüm 10-njy bölüm 11-nji bölüm 12-nji bölüm 13-nji...

06.05.2023 20:11
5.3k+

Toni ROBBINS, «Özüňe erk etmegiň gudraty» (37-nji bölüm)

Dowamy. Beýleki bölümleri şu salgylardan okap bilersiňiz: 1-nji bölüm 2-nji bölüm 3-nji bölüm 4-nji bölüm 5-nji bölüm 6-njy bölüm 7-nji bölüm 8-nji bölüm 9-njy bölüm 10-njy bölüm 11-nji bölüm 12-nji bölüm 13-nji...

29.04.2023 15:12
5.7k+

Toni ROBBINS, «Özüňe erk etmegiň gudraty» (36-njy bölüm)

Dowamy. Beýleki bölümleri şu salgylardan okap bilersiňiz: 1-nji bölüm 2-nji bölüm 3-nji bölüm 4-nji bölüm 5-nji bölüm 6-njy bölüm 7-nji bölüm 8-nji bölüm 9-njy bölüm 10-njy bölüm 11-nji bölüm 12-nji bölüm 13-nji...

16.04.2023 13:23
6.4k+

Toni ROBBINS, «Özüňe erk etmegiň gudraty» (35-nji bölüm)

Dowamy. Beýleki bölümleri şu salgylardan okap bilersiňiz: 1-nji bölüm 2-nji bölüm 3-nji bölüm 4-nji bölüm 5-nji bölüm 6-njy bölüm 7-nji bölüm 8-nji bölüm 9-njy bölüm 10-njy bölüm 11-nji bölüm 12-nji bölüm 13-nji...