Dowamy. Beýleki bölümleri şu salgylardan okap bilersiňiz:
- 1-nji bölüm
- 2-nji bölüm
- 3-nji bölüm
- 4-nji bölüm
- 5-nji bölüm
- 6-njy bölüm
- 7-nji bölüm
- 8-nji bölüm
- 9-njy bölüm
- 10-njy bölüm
- 11-nji bölüm
- 12-nji bölüm
- 13-nji bölüm
- 14-nji bölüm
- 15-nji bölüm
- 16-njy bölüm
- 17-nji bölüm
- 18-nji bölüm
- 19-njy bölüm
- 20-nji bölüm
- 21-nji bölüm
- 22-nji bölüm
- 23-nji bölüm
- 24-nji bölüm
- 25-nji bölüm
- 26-njy bölüm
- 27-nji bölüm
- 28-nji bölüm
- 29-njy bölüm
- 30-njy bölüm
- 31-nji bölüm
- 32-nji bölüm
- 33-nji bölüm
- 34-nji bölüm
AŇY KÄMILLEŞDIRMEK — BEÝNIŇI IŞLETMEKDIR
Günäkäri gözlemäň-de, serişde gözläň.
Genri FORD
Adamlarda käte serişde, iň esasy-da serişdäni işletmek üçin başarnyk ýetmezçilik edýär. Häzir siz ýagdaýa nähili erk etmelidigini, durmuşdan geregiçe gowulyk almagy, öz derejäňizi üýtgetmegi, bedende akym edýän hereketi gowulandyrmagy öwrenersiňiz. Üstesine-de, siz ol aýdylanlary sanlyja sekuntda amala aşyrarsyňyz.
Meniň pikirimçe, manyly netije gazanmak özgermegiň täze görnüşiniň modelini döretmekden başlanýar.
Adam özi bilen bolup geçýän zatlaryň hemmesini tejribäniň netijesi görnüşinde ýygnaýar, bu bolsa onuň kalbynda tehniki ýazgy ýa-da kart-plastinka ýaly bolup saklanýar. Beýniňize zerur görkezmäňizi berseňiz, şol «ýazgylaryň» islendigini islän wagtyňyz ulanyp bilersiňiz.
Şoňa görä-de, islän pursadymyz geçen tejribäni ýatlap, gerekli düwmäni basmak bilen, bagtyýarlyk «aýdymyny» ýa-da başga bir düwmäni basyp bolsa, ezýetli pursatlary gaýtadan dikeldip bileris. Eger-de siziň bejergiňiz agyry-ezýet berjek düwmäni telim gezek basmaklyga iterse welin, keseli ýeňmegi göz öňüne tutýan gowy maksadyňyz ters netije berip, ýakymsyz ýagdaý güýçlener.
Men bize düýpden ters ýagdaý gerek diýip pikir edýärin. Belki-de, biz hem diňleýän grammofonumyz düýpden başga heň eşitdirer ýaly, ony gaýtadan düzmelidiris. Şol bir düwmäni basanyňyzda tukat aýdym-saza derek, şatlyk heňiniň, begenç heňiniň ýaňlanyp duranyny göz öňüne getiriň.
Bu ideýanyň manysy diňlenmeýän ýazgylar täzeden ýazylmaz, ýygnalmaz, netijede, sizi heläk etmez. Bu pikir manysyz ýaly bolup hem duýulýandyr. Grammofonyň programmasyny üýtgedip, aňymyzda ýaramaz ýagdaý döredýän ýazga derek, ruhuňy göterjek heňleri ýazmak kyn däl ahyryn. Bize hususy ýagdaýymyzy üýtgetmek üçin, gerekmejek, agyry-yzany gaýtadan getirýän tejribäni ýene başdan geçirmek nämä derkar?
Bize derkar zat içki ýakymsyz ýagdaýymyzy beýnimize awtomatik görnüşde ýetirip biljek, hem maksadymyza ýetmäge ýardam etjek oňyn äheň bilen çalşyrmak. Agyry-ynjyly ýaramaz pikirlerden daşlaşmak.
Aň ýetiren pikirlerim arkaly rugsat berenimden gaýry hiç zat meniň üstümden agalyk etmez.
Entoni Robbins
Anyk hem gerekli maglumat almak üçin her ülüşden näçesiniň gerekdigini bilmegiňiz zerur. Eger siz işe esasy düzümden gereginden az ýa-da gereginden kän goşant etseňiz, özüňize gerek görnüşli netijäni alyp bilmersiňiz.
Nämedir bir zady üýtgetmek islänlerinde adamlar ýagdaýlary duýmak ýa-da özüňi alyp barmak ýaly görnüşiň birini, käte ikisini-de göz öňünde tutýarlar. Mysal üçin, çilimkeş adam özüniň fiziki ýa-da emosional duýgularyny hem-de kän çilim çekmeginden döreýän özüňi alyp barmak modelini ýygy-ýygydan üýtgetmek isleýär. Ýagdaýyň güýji barada gürrüň eden babymyzda adamyň ýagdaýyny, şeýle hem özüni alyp barşyny üýtgetmegiň iki ýolunyň bardygyny belläpdik. Öňi bilen, adamyň fiziologiýasyny üýtgetmeli. Fiziologiýany üýtgetmek bolsa duýgularyň üýtgemegine hem-de özüňi alyp barmagyň görnüşiniň özgermegine eltýär. Ol zatlaryň ikisi-de duýgynyň döreden zatlary. Ýa-da adamyň içki duýgusyny özgertmeli. Bu bap biziň göz öňüne getirmämizi ýagdaý hem predmet babatda nähili ýol bilen anyk üýtgetmek hakynda gürrüň berer. Onuňam maksady ol üýtgetme duýgymyzy özgerdip, öňde goýlan islege ýetmäge ýardam etjek hereket döretmekdir.
Içki dünýämizi özgerdip biljek iki pursat bar. Biz öz göz öňüne getirýän zadymyzy özgerdip bileris, ýagny, eger biz ýagdaýy iň dereksiz ssenariý boýunça göz öňüne getirýän bolsak, ol ssenarini başga gowusy bilen çalşyryp bilerdik. Ýogsa-da, predmeti göz öňüne getirişimizi üýtgetmeli bolarys. Biziň aňymyzda üstünden basylanda beýnimiziň reaksiýasyny islendik ugra gönükdirýän, oýarýan klawiş ýa-da düwme bar. Mysal üçin, käbir adam bir zady adatdan uly zat diýip göz öňüne getirmek bilen, öz hereketlerini oňyn tarapa gönükdirip bilýär. Eger göz öňüne getirmegiň her hili ýollarynyň bardygynyň, olaryň bize dürlüçe täsir edýändiginiň üstüni açyp, beýnimiziň jylawyny elimize almak bilen, ýagdaýy özümiziň zelelimize däl-de, bähbidimize modelirlemek islesek, onda adamyň üstünlige ýetende nämeleri aňynda aýlandygyny, özüne nämeler diýendigini, nämäni göz öňüne getirendigini öwrenmeli. Bize ol adamyň aňyna golaýlamak üçin gowy enjamlar gerek bolar. Duýgynyň tärleriniň syry, gör, nirelerde gizlenýär! Ol gowy netije gazanmakda ulanylýan gerekli goşundy ýaly bir zatdyr. Olar adam tejribesiniň hemme gurluşyny döretmekde ýardam edýän iň soňky kerpiçjiklerdir. Düşünmek hem şeýlelik bilen wizual tejribäni derňäp durmagy öwrenmek üçin, tejribäniň açykdygyny, reňkiniň gara ýa akdygyny, durgunmy ýa hereketdedigi barada näçe kän zat bilsek, şonça-da özümize bähbitli bolar. Şeýle hem ses duýgusynyň kömegi bilen olaryň sesi belentmi, pesmi, golaýmy, daşmy anyklap bolar. Biziň kinestetik tejribe ýumşakmy ýa gatymy, kütekmi ýa ýitimi, maýyşgakmy ýa berkmi bilmegimiz gerek. Aşakda men duýgynyň şol pursatlarynyň sanawyny getirmekçi.
(dowamy bar).