Dowamy. Beýleki bölümleri şu salgylardan okap bilersiňiz:
- 1-nji bölüm
- 2-nji bölüm
- 3-nji bölüm
- 4-nji bölüm
- 5-nji bölüm
- 6-njy bölüm
- 7-nji bölüm
- 8-nji bölüm
- 9-njy bölüm
- 10-njy bölüm
- 11-nji bölüm
- 12-nji bölüm
- 13-nji bölüm
- 14-nji bölüm
- 15-nji bölüm
- 16-njy bölüm
- 17-nji bölüm
- 18-nji bölüm
- 19-njy bölüm
- 20-nji bölüm
- 21-nji bölüm
- 22-nji bölüm
- 23-nji bölüm
- 24-nji bölüm
- 25-nji bölüm
- 26-njy bölüm
- 27-nji bölüm
- 28-nji bölüm
- 29-njy bölüm
- 30-njy bölüm
- 31-nji bölüm
YNAM 5.
ADAMLAR SIZ ÜÇIN ÄGIRT ULY BAÝLYKDYR
Kämil, ýagny uly üstünlikleri amala aşyrýan adamlaryň köpüsine başgalara çuňňur hormat goýmak duýgusy hem-de olaryň başarnyklaryna mynasyp baha bermek başarnygy mahsusdyr. Olarda umumy maksada düşünmek, tabşyrygy goldamak endikleri bar. Eger «Innowasiýa hem telekeçilik», «Kämilligiň gözleginde» ýa-da «Bir minutda menejer» ýaly telekeçilik hakyndaky täze kitaplarda nähilidir bir bir üşük zerresi bar bolsa, olar «Başga adamlaryň goldawy bolmasa agramly üstünlik gazanmak mümkin däl, üstünlige tarap barýan ýol bir bütewi göwre bolup işleýän ýeňijileriň döreden ýoludyr» diýen pikirlerdir. Biz bir ýapon edarasynda işleýän işgärleriň hem ýolbaşçylaryň özüňe özüň hyzmat etmeli kafede bile naharlanyşlary hakyndaky reportažy gördük. Ol edarada işiň rowaç bolmagy üçin her adam işe öz goşandyny goşýar. Ýapon ykdysadyýeti adamlaryň gurjak hasap edilmän, hemme kişiniň ukybyndan doly hem deň peýdalanmagy başarmaklyk ýola goýlandygy üçin, örän ýokary üstünliklere eýe bolýar.
«Kämilligiň gözleginde» diýen kitabyň awtorlary Tomas J. Piters hem Robert H. Uoterman dürli kompaniýalary beýiklik derejesine ýetirýän esasy sebäpleri ýüze çykarýarlar. Olaryň biri adamlara adamçylyk nukdaýnazaryndan garamak eken. «Şeýle kompaniýalarda üstünlik gazanmak üçin adamlara aýratyn hormat goýmakdan gaýry esas tapaýmak aňsat däl» diýip awtorlar belleýärler. Üstünlik gazanýan firmalaryň ýolbaşçylary işgärlerine-de uly hormat bilen garap, olary iş guraly däl-de, işdeş ýoldaş hasaplaýar ekenler. Awtorlaryň bellemeklerine görä, bir derňewde «Hýullet Pakkard» kompaniýasyndan ýigrimi menejer öz edaralarynyň artykmaçlygynyň şahsyýete gönükdirilen gowy syýasata baglydygyny aýdypdyr. Ol maýda söwda bilen alyjylaryň gatnaşygyna garaşly edara däl-de, häzirki zamanyň çylşyrymly tehnologiýasy bilen ýokary derejede iş salyşýan kompaniýa. Şonuň üçinem ýokary medeniýetli kadrlar syýasaty esasy maksat hasap edilýär.
Bu ýerde getirilen kän-kän mysallar ýaly ýörelgäni durmuşa geçireniňden, agzap goýanyň aňsat. Adamlara hormat bilen garamak ― öz maşgala agzalaryň ýa-da işdeşleriň arasynda dilden aňsatja sypýan gep. Ýöne ony durmuşa geçirmek welin, ýeňil iş däl.
Bu kitaby okaýan wagtyňyz ýadaman-ýaltanman gäminiň destini gitmeli ugra görä mydama aýlap oturan gämiçiniň keşbini ýadyňyzda saklaň. Bize öňde goýan maksadymyza ynam bilen ýetmek üçin, mydama hereketimizi ugrukdyrmak gerek. Adamlara uly hormat bilen garaýaryn diýmek bilen, ol gepiň manysyny durmuşa ornaşdyrmak aýry zat. Ýetişikli adamlar başgalardan «Muny nähili etsekkäk? Ol iş haýsy ýol bilen gidilse başa barar?» diýip soramagy özlerine kiçilik bilmeýärler. Olar nähili ukyply bolanda-da, «ýekäniň çaňynyň çykmajakdygyny», kollektiwiň uly güýçdigini, şol güýji herekete getirmegiň bolsa aňsat däldigini bilýärler.
(dowamy bar).