Dowamy. Beýleki bölümleri şu salgylardan okap bilersiňiz:
- 1-nji bölüm
- 2-nji bölüm
- 3-nji bölüm
- 4-nji bölüm
- 5-nji bölüm
- 6-njy bölüm
- 7-nji bölüm
- 8-nji bölüm
- 9-njy bölüm
- 10-njy bölüm
- 11-nji bölüm
- 12-nji bölüm
- 13-nji bölüm
- 14-nji bölüm
- 15-nji bölüm
- 16-njy bölüm
- 17-nji bölüm
- 18-nji bölüm
- 19-njy bölüm
- 20-nji bölüm
- 21-nji bölüm
- 22-nji bölüm
- 23-nji bölüm
- 24-nji bölüm
- 25-nji bölüm
- 26-njy bölüm
- 27-nji bölüm
- 28-nji bölüm
Biziň şübhelerimiz ― dönüklerdir. Olar bizi synanyşyk etmäge gorkmadyk ýagdaýymyzda gazanyp biljek gowulygymyzy ýitirmäge mejbur edýärler.
Uilýam ŞEKSPIR
Ýeňijiler, liderler, öz işiniň ussatlary başyna baran işlerinden netije çykmasa, onuň hemme zadyň gutarandygyny aňlatmaýandygyna düşünýärler. Olar gazanylan maglumaty täzeläp, üýtgedip uzak garaşylan başga netijäni gazanmakda peýdalanmagy başarýarlar. Bakminster Fuller şeýle ýazýar: «Adamlaryň şu mahala çenli gazanany synanyşyklaryň hem ýalňyşlyklaryň netijesi. Adamzat diňe öz ýalňyşlyklaryndan öwrenýär». Käte biz öz ýalňyşlyklarymyzy, käte-de başgalaryň ýalňyşlyklaryny sapak edinýäris. Ömür boýy opurylyşyk hasap eden iň uly bäş ýalňyşlygymyzy ýatlamaga synanyşyk edeliň. Ol sapakdan näme öwrendik? Ol sapak bize näme berdi?
Onuň siziň ömrüňizde iň gymmatly sapak bolandygyny uly ynam bilen aýtmak bolar.
Fuller mysal hökmünde gäminiň destini alýar. Ol gäminiň destini haýsydyr bir tarapa ahyryna çenli bursak, sürüji her näçe alada etse-de, edip bilen zady bolmaz, gämi duran ýerinde pyrlanar durar diýýär. Gäminiň bir duran ýerinde pyrlanmagyny bes etdirip, öňki durkuna getirmek üçin, destçi desti aldygyna tersine aýlamaly bolýar. Onsoň gämi barmaly nokadyna çenli gitmeli ugrundan özgerdýän gyşarmalary ýeňip, asuda deňizde arkaýyn sürüp barýar. Ol ýagdaý diňe owadan bir görnüş däl-de, adamyň ussatlyk derejesini hem görkezýär. Gynansagam, köpimiz şeýle pikir etmeýäris. Her ýalňyşy, her şowsuzlygy pajyga hasap edýäris. Ol, elbetde, nädogry. Ol bize erbet täsir edýär.
Köp adam semizlikden ezýet çekýär. Ýöne diňe ezýet çekmekligiň ol meselä asla ýetirýän tasiri ýok. Oňa garamazdan, semiz adamlar şeýle ýagdaýy «artykmaç ýag» edinmekdäki şowuna düşen ýagdaý hasaplap, indi bolsa ony täze netije gazanmakda ― «syrdam adam» adyny almakda ulanmagyň aladasyny edýärler. Ol täze ady almak üçin täzeçe hereket etmeli. Eger siz şeýle netije gazanmak üçin nähili hereket etmelidigini bilmeýän bolsaňyz, kitabyň 10-njy babyna üns beriň ýa-da «syrdam adam» adyny alan kimdir biriniň eden hereketini modelirläň. Onuň agramyny bir ýagdaýda saklamak üçin äden ädimlerini, anyk hereketlerini öwreniň. Ol ýagdaýy özüňiz babatda ulanmak bilen siz hem maksadyňyza ýetersiňiz. Siz öz artykmaç agramyňyzy şowsuzlyk hasap edip gezip ýörseňiz, wagtyňyzy bipeýda ötürersiňiz. Emma nukdaýnazaryňyzy oňyn tarapa üýtgeden badyňyza, täze üstünlik hemraňyz bolar.
Şowsuzlygyň gutulgysyzdygy baradaky ynam beýni üçin zäherdir. Öz kalbymyza ýakymsyz täsir ýetirmek bilen fiziologiýamyzyň ýagdaýyna zeper ýetirýäris, oýlanmak duýgymyzy, bedenimiziň umumy durkuny pese düşürýäris. Biziň köpimiz üçin iň bir agyr çäklilik şowsuzlyk howpudyr. Oýlanmak konsepsiýasynyň mümkinçilikleri barada ders berýän lukman Robert Şuller mydama daýanýan sowalyny berýär: «Üstünligiň ujy görnüp, şowsuzlyk hem sizden ara açýan bolsa, näme etmek islärdiňiz?» Şu sowal barada oýlanyň. Oňa nähili jogap bererdiňiz? Eger siz üstünligiň hakykatdygyna ynanan bolsaňyz, isleýän üstünligiňiziň has-da agramly bolmagy üçin, bir topar täze hereket edip bilersiňiz. Näme üçin has uly şowlulyga garaşmaly däl? Eýsem, ozalky maksadyňyz ösüş üçin ýeke-täk mümkinçilikmi? Men size edil şu pursatdan başlap şowsuzlyk diýen düşünjäniň ýokdugyny beýniňize ornaşdyrmagy maslahat berýärin. Diňe netije bar. Haýsy iş bolsa bolsun, onda hökman netije bolýar. Eger ol size gerek netije bolmasa, täsiri üýtgedip özüňize has wajyp täze netijäni gazanyp bilersiňiz. «Şowsuzlyk» diýen sözüň üstüni çyzyň-da, onuň ýerine «netije» diýen sözi ýazyň. «Netije» diýen söze şu kitapda gabat gelen badyňyza, özüňizi islendik tejribeden sapak almak ynamyna tarap gönükdiriň.
(dowamy bar).