Dowamy. Beýleki bölümleri şu salgylardan okap bilersiňiz:
- 1-nji bölüm
- 2-nji bölüm
- 3-nji bölüm
- 4-nji bölüm
- 5-nji bölüm
- 6-njy bölüm
- 7-nji bölüm
- 8-nji bölüm
- 9-njy bölüm
- 10-njy bölüm
- 11-nji bölüm
- 12-nji bölüm
- 13-nji bölüm
- 14-nji bölüm
- 15-nji bölüm
- 16-njy bölüm
- 17-nji bölüm
- 18-nji bölüm
- 19-njy bölüm
- 20-nji bölüm
- 21-nji bölüm
Olar başarjaň, sebäbi özlerini başarjaň hasaplaýarlar.
Wergiliý
Ynam diýmek näme? Ol öňden döredilen, belli bir gurluş ulgamy görnüşinde taýýarlanylan, daşymyzy gurşap alýan dünýä bilen gatnaşyk saklap, biziň özümiz bilen arabaglanyşygymyzy hemişe süzgüçden geçirip duran täsin güýçdür. Ynam nireden döreýär? Näme üçin käbir adamy ynamy üstünlige tarap gönükdirýär, käbir adamy bolsa edýän ynamy mydama şowsuzlyga alyp barýar? Eger biz üstünlige eltýän ynamy modelirlemek islesek, öňi bilen, ol ynamyň nireden gelip çykýandygyny anyklamagymyz gerek.
Birinji çeşme ― daşky gurşaw. Ine, şu ýerde üstünlikden üstünligiň döreýändigini, şowsuzlygyň şowsuzlyk getirýändigini hertaraplaýyn yzarlamaly mesele döreýär. Durmuşdaky iň aýylgançlyk gettoda (şäheriň çetinde käbir topar adamlaryň esasy halkdan üzňe, mejbury halda ýaşadylýan ýeri. – terjimeçiniň belligi) bolup geçýär. Onda howp ýa-da ýaşaýyş mümkinçiliklerinden mahrum edilýän şert, düzgün ýok. Adamlar ol şertdäki ýaşaýyş bilen öwrenişip bilerler. Ýöne ol ýeriň aýylgançlygy daşky gurşawyň adamyň ynamyna hem arzuwyna erbet täsir edýänliginde. Daşky gurşawyňda görýäniň göwnüçökgünlik bolsa, betbagtlyk bolsa fiziki dünýäňde üstünlige eltjek ynam döretmek, başa barmajak islege öwrülýär. Ýadyňyza düşýän bolsa, biz kitabyň geçen babynda modelirlemek barada gürrüň edipdik, onuň biziň her gün iş salyşýan kärimizdigini belläpdik. Eger siz baýlygyň hem rowaçlygyň içinde ýaşaýan bolsaňyz, baýlygy hem rowaçlygy modelirlemek örän aňsat bolar. Eger siz garypçylyk hem göwnüçökgünlik gurşawynda bolsaňyz, gowulygy nädip modelirlejek? Albert Eýnşteýn şeýle diýýär: «Öz sosial gurşawynyň nädogry täsirinden çykyp, öz hakyky nukdaýnazaryny beýan edip bilýän adam kän däl. Adamlaryň köpüsi özlerinde erkinlik döretmegiň pikirini-de etmeýärler». Men modelirlemek baradaky çaltlaşdyrylan kurslarymyň birinde uly şäherlerde öýsüz-öwzarsyz, köçede ýaşaýanlar bilen sapak geçdim. Biz olaryň akyl strategiýasyny hem ynam ulgamyny modelirlemegiň aladasyny edýäris. öňürti olary naharlaýarys, hormat edýäris, soňam öz ömür taryhlary, häzir özlerini duýuşlary, ertirki günleriniň nähili boljagyny göz öňüne getirişleri barada aýtmaklaryny haýyş edýäris. Soň biz olaryň özlerini alyp baryşlaryny, durmuşda aýylganç ýagdaýlara sezewar bolandyklaryna garamazdan, öz ýaşaýyşlaryny ýola goýmagy başaran adamlaryň ýagdaýy bilen deňeşdirip görýäris.
Çikago uniwersitetinden Benjamin Blum örän ukyply ýüzlerçe ýaş sportsmene, sazandalara, alymlara gözegçilik edip, olaryň köpüsinde oglanlykda häzirki ýeten derejelerine tarap gönükdiren ýapyşalga bolmandygyny haýran galmak bilen belleýär.
Oňa garamazdan ünse, akylly-başly goltga sataşan oglanlaryň özleri hereket edip başlaýarlar. Haýsydyr bir gowy netijä ýetiljegine entek ynam döremänkä, olarda uly zehiniň üsti açylýar.
Daşky gurşaw, maksat hem ynam üçin täsir ediji, iň bir zerur, güýçli generator bolup biler. Ýöne ol ýeke-täk goldaw däldir. Eger ol şeýle bolmasa, biz hereketsiz, üýtgewsiz ýagdaýda ýaşardyk, ýagny baýlaryň çagalary diňe baýlygy bilerdiler, garyplaryň çagalary hem garyplykdan gaýry zady bilmän, ömürlerini mätäçlikde geçirerdiler. Ýöne biz ynamyň döremegine ýardam edýän gaýry esaslary-da görýäris.
Maýdaja ýa-da ulurak wakalar hem ynamyň döremegine täsir edip biler. Her bir adamyň durmuşynda ömürboýy ýadyndan çykman galýan wakalar bolup geçýär. Jon Kennedili waka bolan güni siz niredediňiz? Eger şol wagt siz uly adam bolan bolsaňyz, özüňiziň nirede bolandygyňyzy henizem ýatda saklaýandygyňyza ynanýaryn. Ol gün—kän-kän adamyň hususy dünýägaraýşyny esli derejede hem hemişelik özgerden gün boldy. Hut şonuň ýaly-da siz öz hususy durmuşyňyzda bolan, size ýatdan çykarman saklar ýaly täsir eden kän wakany bilýänsiňiz. Ana, şol hem biziň durmuşymyzy özgerdip biljek ynamy döredýän tejribedir.
(dowamy bar).