Dowamy. Beýleki bölümleri şu salgylardan okap bilersiňiz:
- 1-nji bölüm
- 2-nji bölüm
- 3-nji bölüm
- 4-nji bölüm
- 5-nji bölüm
- 6-njy bölüm
- 7-nji bölüm
- 8-nji bölüm
- 9-njy bölüm
- 10-njy bölüm
- 11-nji bölüm
- 12-nji bölüm
- 13-nji bölüm
- 14-nji bölüm
Her bir ýagdaýy kalbymyzda bolup geçýän millionlap newrologik işiň jemi hasaplap bolar. Başga söz bilen aýdylanda, ol biziň şu mahalky tejribämiziň jemidir. Biziň ahwalymyz köplenç, oýlanyşyksyz döreýär. Biz bir zady görýäris-de, oňa ol ýa-da beýleki ýagdaýa geçip jogap okaýarys. Onuň peýdaly, manyly ýagdaý bolmagy-da, mümkinçiliklerimizi çäklendirýän ýagdaý bolmagy-da ahmaldyr. Ýetişikli, işi oňýan adamlar bilen bişow adamlaryň tapawudy nämede? Olaryň birinjisi özüni ýagdaý bilen baglaşdyryp, ol ýagdaýy hem tutan işiniň maksada ýetmeginde ýardam boljak güýç hökmünde ulanýar. Bişowlar ony başarmaýarlar.
Adamlar haýsydyr bir kesgitli hala düşmegi hemme zatdan beter isleýärler. Näme isleýändigiňiziň sanawyny düzjek boluň. Söýgi isleýärsiňizmi? Ýöne söýgi diýilýän zat belli bir duýgynyň ýa-da joşgunyň netijesinde başdan geçirilmeden döräp, biziň degna ulgamymyza daşyndan gelip ornaşýan närsedir. Özüňize ynamly bolmak isleýärsiňizmi? Hormatmy? Olar hem özümiziň özümizde döredýän halymyz. Belki, siz köp pul isleýänsiňiz? Ýagşy, ýöne sizi ýüzüne bireýýäm pahyr bolan beýik şahslaryň şekili çekilen gök kagyz gyzyklandyranok, ahyryn. Siz pula edinip boljak zatlary—söýgini, özüňe erk etmekligi, ynamy, erkinligi ýa-da puluň güýji bilen gazanylýan başga bir artykmaçlyk isleýänsiňiz? Ýöne söýginiň açary, şatlygyň açary, adamyň öz ömrüni şol tarapa ugrukdyrmak üçin ömürboýy azap çekip döreden, ýetmek islän häkimligi bilen bagly dälmi? Ol özüňe erk etmek, öz ýagdaýyňy gerek ugra gönükdirjek ukybyň, başarnygyň, düşünjäniň açarydyr.
Öz halyňy islendik netijäni gazanmak üçin ulanýan başarnygyňa eltjek ilkinji ýol, aňyňy netijeli ulanmak ylmydyr. Onuş üçin bize, iň bolmanda, beýnimiziň, ýagny aňymyzyň dünýäsini az-kem bilmek, öwrenmek zeruryýetligi döreýär. Öňi bilen-ä, ol ýa-da beýleki ýagdaýyň nähili döreýändigini anyklamaly. Köp asyrlaryň dowamynda adamy öz ýagdaýyna erk etmek, nähili ýol bilen-de bolsa, hal-ahwalyny özgertmek meselesi gyzyklandyrypdyr. Şol maksada ýetmek üçin ol aç gezmäge (berhiz tutmaga), däri-dermanlara, dürli-dümen däplere, saz-söhbede, aýşy-aşrata, gözboýagçylyga, aýdym aýtmaklyga ýüz tutupdyr. Men size ýokarda agzalan tilsimlerden has netijeli boljak, tiz amala aşjak çykalga tapyp bermek isleýärin.
Özümizi alyp barşymyzdan döreýän hereket bolsa, töwerek bilen gatnaşygymyzyň, manyly, işeňňir haldaky ýagdaýymyzyň derejesine görä bolar. Eger biziň ýagdaýymyz pes, işjeň däl halda bolsa, özümizi alyp barşymyzyň töwerek bilen gatnaşygy hem gowşak bolar. Beýle bolanda häzir başdan geçirýän ýagdaýymyz näme döredip biler diýen sowal ýüze çykýar.
Her ýagdaýyň iki sany esasy düzümi bolýar. Birinji, ol biziň içki göz öňüne getirişimiz. Ikinjisi, bedeniň täterikligini ulanmaklygyň fiziologik şertleri. Siziň daşky dünýäni kabul edişiňiz, şeýle hem wajyp meseleler barada özüňizi habardar edişiňiz hem häzirki hal-ýagdaýyňyzy döredýär. Mysal üçin, eger aýalyňyz ýa-da dostuňyz söz beren mahalyndan has giç gelse, siz olary nähili garşylarsyňyz? Siziň ol meselä garaýşyňyzyň derejesi aýalyňyzyň ýa dostuňyzyň gelen pursadyndaky ýagdaýyňyzyň derejesine bagly bolar. Şeýle hem siziň ýagdaýyňyza olaryň gijä galmaklarynyň sebäbini çaklaýşyňyz, göz öňüne getirişiňiz hem täsir edip biler. Siz uzak wagt garaşmagyň netijesinde dostuňyzy ulag heläkçiligine sezewar bolan, näsaghana düşen ýa-da öläýen bolmagynyň hem pikirini edip otyrkaňyz, ol gapydan giräýse, ony şatlyk gözýaşy, ynjalma bilen garşylarsyňyz, bolan wakany bilmek üçin öýüňizi soraghana öwrersiňiz. Beýle ahwal biynjalyklygyň döreden ýagdaýyndan gelip çykýar.
Ýöne dostuňyzyň peýda bolmagynyň öň ýany gijä galmaklygyň sebäbini ýakymsyz many bilen baglaşdyryp göz öňüne getiren bolsaňyz ýa-da gijä galýanyň siziň ýitirýän wagtyňyzyň gymmaty barada pikir hem etmeýändigi barada oýlanan bolsaňyz, ony düýpden başga keýp bilen garşylardyňyz. Şol garşylamak hem siziň ýagdaýyňyz bilen bagly bolar. Beýle diýmek bilen gahar-gazap duýgusydyr äsgermezlik duýgusyndan ýagdaýyň düýpden başga görnüşiniň döreýändigini nygtamak isleýärin.
(dowamy bar).