Toni ROBBINS, «Özüňe erk etmegiň gudraty» (8-nji bölüm)

  • 07.09.2022 14:19
  • 9.1k+

Dowamy. Beýleki bölümleri şu salgylardan okap bilersiňiz:

2. TAPAWUDY  DÜZÝÄN  TAPAWUT

Durmuşda örän täsin wakalar bolýar:
eger siz iň gowusyndan başga zatlaryň hemmesinden
ýüz öwürseňiz, hut şol gowy zada-da sataşarsyňyz.

U. Somerset Moem

Şol ýagdaý ýüze çykanda ol ulagy sagatda ýüz kilometrden hem ýokary tizlikde sürüp barýardy. Ýoluň gyrasyndaky zada bir pursatlyk ünsüni bölüp, ýene ýola nazaryny aýlanda, görmeli zady saýgaryp ýetişmäge pursat bolmady. Öňden barýan agyr ýük maşyny birden saklandy. Janyny gutarmak üçin oňa motosikli ýanbaş ýatyryp, ýük ulagyň aşagyndan süýşüp geçmekden başga alaç galmady. Motosikliň benzin gabynyň gapagy atylyp gidende, iň aýylganç ýagdaý ýüze çykdy. Dökülen benzine ot düşdi... Ol hassahanada ýatyrka özüne geldi. Ol erbet yzadan ýaňa zordan demini alýardy, uludan dem almaga-da, gymyldamaga-da gorkýardy. Onuň bedeniniň dörtden üç bölegi üçünji derejeli ýanyk bilen örtülendi. Oňa garamazdan, ol agyr ýagdaýyň öňünde ýan bermejek bolýardy. Şeýdibem, ol öňki işine dolanyp geldi, ozalky telekeçilik işini dowam etdirdi... Ýöne bela gelse goşa geler diýleni, onuň uçup barýan uçary ýere gaçyp, bilinden aşagy ömürlik ysmaz boldy.

Her bir adamyň hem nesibesinde bedenini agyr synaga sataşdyrýan durmuş pursatlarynyň gelýän wagty bolýar. Durmuşda adama adalatsyz garamak döwri diýilýän agyr pursat gelýär. Adamyň garşy durmak mümkinçilikleriniň çäginde hem onuň daşynda ynanjymyzyň, gymmatlyklarymyzyň, çydamymyzyň, erjelligimiziň, guwanjymyzyň çägini derňäp görjek bolýan ýaly bir pursat. Ol pursat adam bedeniniň hemme böleklerini, güýç-kuwwatyny, hyjuwly-joşgunyny, begenjini-guwanjyny agyr synagdan geçirilýän kyn ýagdaýa getirýär. Käbir adam nesibesinde peýda bolan ol synaglary, tersine, öz durmuşyndaky çözülmedik meseleleri çözmek, özüne erk etmek, özüni terbiýelemek işine ýardam edýän sapak hökmünde peýdalanýar. Siz dürli-dürli adamyň ykbal synaglaryna dürlüçe garaýyşlarynyň bolýandygynyň sebäbi barada hiç mahal pikir etmediňizmi? Men pikir etdim. Meni durmuş hadysalarynyň käbiriniň adamy tijenmäge mejbur edýändigi baradaky mesele özüne çekýärdi. Ömürboýy meni şeýle adamlary beýleki köpçülikden nämäniň parhlandyrýandygy oýlandyrýardy. Adamy liderlige, işewürlige ýetirýän zat näme? Depesinden durmuş kynçylyklary ýagyp duran ýaly hem bolsa, näme üçin köp adam şadyýan, bagtyýar ýaşaýar? Şol bir wagtyň özünde-de bagtyýar durmuşda ýaşamaga hemme mümkinçilikleri bar adamlar bolsa tukat, keýpsiz, göwnüçökgün ýagdaýda ýaşaýarlar?

Maňa ýene bir adamyň taryhyndan gep açmaga rugsat ediň. Onuň yzyndan bolsa, gürrüňi şol iki adamyň taryhyndaky aýratynlyk barada dowam edeliň. Onuň durmuşy şowly ýol bilen gitdi. Ol edil ertekilerdäki ýaly baýdy hem zehinlidi, 22 ýaşyndaka eýýäm Çikagonyň «Ikinji şäher» diýen belli toparynyň iň ýaş agzasy boldy. Şonuň yz ýanyndan ol Nýu-Ýorkda şou-biznesiň tanymal «ýyldyzyna» öwrüldi, 70-nji ýyllarda ol telewideniýede meşhur bolýar, kinoda surata düşmek bilen, kän wagt geçmänkä «kinoýyldyzy» adyna eýe bolýar. Saz bilen iş salşyp, ol ugurda-da derrew belli bolýar. Onuň onlarça gowy dostlary, şowly nikasy, Nýu-Ýorkda hem Martas Winýard adasynda «depseň yranmaz» baý jaýlary bar. Gepiň külesi, onuň üçin dili geplese tapylmajak zat ýokdy.
Siz şol iki adamyň haýsyna meňzemek isleýärsiňiz? Birinjiniňki ýaly ykbaly arzuw etjek adamy tapmak aňsat düşmese gerek.
Ýöne şol iki adam barada ýene birnäçe zat aýtmaga maňa ýol beriň.

Birinji ― meniň tanaýanlarymyň arasynda iň bir ýaşaýşa ukyply, güýçli, ýetişikli adam. Oňa Mitçel diýýärler. Ol häzir Kolorado ştatynda aman-esen ýaşap ýör. Şol aýylganç ýol heläkçiliginden soň ol köp adamyň ömürboýy gabat gelmejek kän-kän şatlygyny, üstünligini başdan geçirdi. Ol Amerikanyň iň belli, iň ajaýyp adamlary bilen ýakyn gatnaşyk saklaýar. Millionerlige ýetdi. Ol ýüz-gözüniň oda ýanyp persala bolandygyna garamazdan, Kongresiň saýlawyna-da gatnaşdy. Siz onuň saýlaw ündewiniň nähili bolandygyny bilýärsiňizmi? «Meni Kongrese agza ediň. Men ol ýerde diňe ile görünmekden lezzet alýan görmegeýje ýüz bolup oturmaryn». Onuň tapylgysyz aýaly bar. 1986-njy ýylda ol Kolorado ştatynyň gubernatorynyň orunbasarlygyna saýlanýar.

Meniň ikinji adyny tutmak isleýänimi siz örän oňat tanaýansyňyz. Ol size köp ýerde köp gezek hezil berendir. Onuň ady Jon Beluşi, öz döwrüniň iň bir tanymal komik artistleriniň biridi. Ol diňe öz ýüregini däl, gaty kän adamynyň-da ýüregini «otlamagy» başarypdy. Onuň 33 ýaşynda derňewçiniň tassyklamagyna görä, «derman serişdeleri bilen zäherlenmekden ölendigi» eşidilende, ýakyndan tanaýan adamlary bu sebäp geňirgendirdi. Daşyndan garasaň, onuň ähli zady ýerbe-ýer görünýärdi. Içki dünýäsi bolsa tutuş weýran bolan bolmalydy.

(dowamy bar).


20.05.2023 16:35
6.8k+

Toni ROBBINS, «Özüňe erk etmegiň gudraty» (38-nji bölüm)

Dowamy. Beýleki bölümleri şu salgylardan okap bilersiňiz: 1-nji bölüm 2-nji bölüm 3-nji bölüm 4-nji bölüm 5-nji bölüm 6-njy bölüm 7-nji bölüm 8-nji bölüm 9-njy bölüm 10-njy bölüm 11-nji bölüm 12-nji bölüm 13-nji...

06.05.2023 20:11
5.3k+

Toni ROBBINS, «Özüňe erk etmegiň gudraty» (37-nji bölüm)

Dowamy. Beýleki bölümleri şu salgylardan okap bilersiňiz: 1-nji bölüm 2-nji bölüm 3-nji bölüm 4-nji bölüm 5-nji bölüm 6-njy bölüm 7-nji bölüm 8-nji bölüm 9-njy bölüm 10-njy bölüm 11-nji bölüm 12-nji bölüm 13-nji...

29.04.2023 15:12
5.7k+

Toni ROBBINS, «Özüňe erk etmegiň gudraty» (36-njy bölüm)

Dowamy. Beýleki bölümleri şu salgylardan okap bilersiňiz: 1-nji bölüm 2-nji bölüm 3-nji bölüm 4-nji bölüm 5-nji bölüm 6-njy bölüm 7-nji bölüm 8-nji bölüm 9-njy bölüm 10-njy bölüm 11-nji bölüm 12-nji bölüm 13-nji...

16.04.2023 13:23
6.4k+

Toni ROBBINS, «Özüňe erk etmegiň gudraty» (35-nji bölüm)

Dowamy. Beýleki bölümleri şu salgylardan okap bilersiňiz: 1-nji bölüm 2-nji bölüm 3-nji bölüm 4-nji bölüm 5-nji bölüm 6-njy bölüm 7-nji bölüm 8-nji bölüm 9-njy bölüm 10-njy bölüm 11-nji bölüm 12-nji bölüm 13-nji...