Dowamy. Beýleki bölümleri şu salgylardan okap bilersiňiz:
- 1-nji bölüm
- 2-nji bölüm
- 3-nji bölüm
- 4-nji bölüm
- 5-nji bölüm
- 6-njy bölüm
- 7-nji bölüm
- 8-nji bölüm
- 9-njy bölüm
- 10-njy bölüm
- 11-nji bölüm
- 12-nji bölüm
- 13-nji bölüm
- 14-nji bölüm
- 15-nji bölüm
- 16-njy bölüm
- 17-nji bölüm
- 18-nji bölüm
- 19-njy bölüm
- 20-nji bölüm
- 21-nji bölüm
- 22-nji bölüm
- 23-nji bölüm
- 24-nji bölüm
- 25-nji bölüm
- 26-njy bölüm
- 27-nji bölüm
- 28-nji bölüm
- 29-njy bölüm
- 30-njy bölüm
- 31-nji bölüm
- 32-nji bölüm
- 33-nji bölüm
- 34-nji bölüm
- 35-nji bölüm
Biziň daýanýan keşplerimiziň ýene bir aýratynlygy bar. Olar assosiatiw ýa-da dissosiatiw bolup bilerler. Assosiatiw keşp sizi wakanyň içinde bolan ýaly edip görkezýär. Siz ol keşbi edil öz gözüňiz bilen görýän ýaly halda duýýarsyňyz. Siziň bedeniňiz hem şu mahal şol keşbiň içinde ýaly bolýar. Siz özüňizi häzir edil şol ýerde ýaly duýýarsyňyz-da, keşbi görýärsiňiz, sesini hem ozal eşideniňiz ýaly derejede eşidýärsiňiz.
Dissosiatiw keşp bolsa ony siz däl-de, başga biri duýýan ýaly ýagdaý döredýär. Eger ol siziň hususy dissosiatiw keşbiňiz bolsa-da, özüňiz tarapyndan surata alnan kinofilmi görýän ýaly bolarsyňyz.
Aýak çekiň-de, ýaňy-ýakynda bolup geçen haýsydyr bir ýakymly wakany ýatlaň. Özüni-de mümkingadar, açygrak görjek boluň. Şol tejribä dolanjak hem içine has-da aralaşjak boluň. Wakamy, keşpmi, reňk-açyklyk we ş.m... öz gözüňiz bilen gören zatlaryňyzy ýatlaň. Eşiden zatlaryňyzy ýatlaň, ony gaýtadan eşitmäge synanyşyň. Joşgun, howa ýagdaýy ýaly şol wagt sataşan zatlaryňyzy gaýtadan duýjak boluň. Şol wagt dörän duýgularyňyzy täzeden başdan geçirjek boluň.
Gapma-garşylygyň görnüşlerini (assosiatiw-dissosiatiw) häsiýetlendirmek bilen, siz durmuşa bolan garaýşyňyzy üzül-kesil özgerdip bilersiňiz.
Ýadyňyzda bolsa adamyň özüni alyp barşynyň onuň häzirki ýagdaýy bilen gönümel baglydygyny biz ozal öwrenipdik. Onuň häzirki ýagdaýy bolsa içki dünýäsiniň - göz öňüne getirmegiň, eşitmegiň (sesiň, sözüň) täsirleri bilen dörän görnüşine kybapdaşdyr. Edil režissýoryň öz filmini tomaşaça ýetirmek islän täsirini döredýänçä, islege laýyk etmek üçin üýtgedişi ýaly, siz hem durmuşyň özüňizde galdyran wakalaryny geregiçe özgerdip bilersiňiz. Şeýle-de siz öz aňyňyzy hem hereketiňizi iň ýokary diýip hasaplaýan talaplaryňyza hem maksatlaryňyza bap geler ýaly derejede özgertmegi başararsyňyz.
Ol ýagdaýyň nähili döredilýändigini görkezmäge rugsat ediň. Öňi bilen-ä, etmeli hereket barada okap, indiki görkezmeleri okamazyňyzdan öňürti, käbir gönükmeleri bitirmeli. Gönükmeleri iki bolup etseň hasam täsirli bolar. Onuň üçin birek-birege gezek-gezegine sowal berip, gezek-gezegine-de jogap gaýtaryň.
Men siziň durmuşyňyzda bolup geçen bir gowy wakany ýatlamagyňyzy isleýärin. Ol düýn-öňňinlikde ýa-da bireýýäm hem bolup geçen bolup biler. Bedeniňizi gowşadyp gözüňizi ýumuň-da, şol bolan wakany ýatlaň. Indi bolsa görýän şekiliňizi has ýagty, has açyk bolar ýaly edip güýçlendirjek boluň. Şekiliň kem-kemden ýagtylyşyna görä ýagdaýyňyzyň özgerişini yzarlaň. Ondan soň bolsa, görýän şekiliňiziň ulalýan görnüşini özüňize has golaý getirip synlaň. Siz şekile täsir etjek bolanyňyzda nähili ýagdaý döreýär? Siziň tejribäňiz has güýçli, has manyly görnüşe geçer. Şeýle dälmi? Keşbiň göwrüminiň ulalmagy, ýagtylygynyň artmagy hem onuň golaýa getirilmegi — öňküden has uly, has ýakymly keşbiň döremegine getirer. Görmek arkaly içki dünýäňizde dörän gujur artyp, öňki ýagdaýyň size ýetirýän täsiri güýçlenýär. Ol täsir sizi has oňyn, şatlykly, işeňňir bolmak derejesine çenli ýokary göterýär.
Hemme adamda özüniň üç sany duýgy ýa-da göz öňüne getirme ulgamyna çykalga bar. Olar wizual (görüş), eşidiş hem kinestetik duýgular. Ýöne dürli-dürli adamyň şol duýgularyň her haýsyna dürlüçe garaýşy bar. Adamlaryň aglabasy öz beýnilerine, esasanam, göz öňüne getirmäniň wizual ulgamynyň kömegi bilen ýol salýar. Olar öz beýnilerine ornaşan keşplere üns berýärler. Başga birleri dünýäni eşitmegiň kömegi bilen kabul edýärler. Üçünji topardakylaryň bolsa kinestetik duýgusy ösen. Şeýle adamlar öz eşidenlerine hem duýanlaryna üns berýärler. Şonuň üçinem wizual keşpler bilen türgenleşik geçeniňizden soň, şol hereketleri göz öňüne getirmäniň beýleki ulgamlary bilen hem gaýtalamaga synanyşyň.
Ýap-ýaňy gabatlaşan ýakymly ýatlamaňyza ýene dolanyp baryň. Öňki eşiden sesleriňizi has gataldylan ýagdaýa ýetirmäge synanyşyň. Ol seslere has güýçli ritm berjek boluň, peseldiň, tembrini çalşyň, güýç beriň. Indi duýgynyň kinestetik görnüşi bilen hem soňky eden hereketleriňizi gaýtalamaga synanyşyň. Ýatlamaňyzy öňki bolşundan has ýakymly, mylaýym duýgy dörär ýaly derejä ýetiriň. Indi şol geçmişi ýatlanyňyzda siziň duýgyňyz nähili ýagdaýy başdan geçirýär?
Adamlar daşky täsirlere bir kakuwly jogap gaýtarmaýarlar. Kinestetik täsirlilik käbir adamda aýratyn güýçli reaksiýa döredýär. Görnüşiň, şekiliň ýagty ýa has uly edilmeginden güýç alýandygyny köpiňiz ozal görensiňiz. Içki göz öňüne getirme hem has ýakymly ýagdaýa geçýär. Ol bizde has işjeň, oňyn ýagdaý döredýär. Men şu gönükmäni öz seminarymyň diňleýjileri bilen geçirenimde, her gezek olarda özboluşly özgerme bolýandygyna üns berýärin. Olaryň bedeniniň fiziologik ýagdaýyny synlap, dem almalarynyň çuňlaşandygyny, eginleriniň dikelendigini, ýüzleriniň asudalaşandygyny, göwrelerine täze güýç goşulandygyny duýýaryn.
(dowamy bar).