Dowamy. Beýleki bölümleri şu salgylardan okap bilersiňiz:
- 1-nji bölüm
- 2-nji bölüm
- 3-nji bölüm
- 4-nji bölüm
- 5-nji bölüm
- 6-njy bölüm
- 7-nji bölüm
- 8-nji bölüm
- 9-njy bölüm
- 10-njy bölüm
- 11-nji bölüm
- 12-nji bölüm
- 13-nji bölüm
- 14-nji bölüm
- 15-nji bölüm
- 16-njy bölüm
- 17-nji bölüm
- 18-nji bölüm
- 19-njy bölüm
- 20-nji bölüm
- 21-nji bölüm
- 22-nji bölüm
- 23-nji bölüm
- 24-nji bölüm
- 25-nji bölüm
- 26-njy bölüm
- 27-nji bölüm
- 28-nji bölüm
- 29-njy bölüm
- 30-njy bölüm
- 31-nji bölüm
- 32-nji bölüm
- 33-nji bölüm
YNAM 7.
IŞIŇE ÝÜREKDEN BERILMESEŇ, ÜSTÜNLIK GELMEZ
Ýetişikli adamlar gyzykmak hem çyndan berilmekligiň örän güýçli energiýa berýändigine ynanýan adamlardyr. Eger-de üstünlikden daş düşmeýän haýsydyr bir ýörelge bar bolsa, ol işiňe berilmeseň, üstünligiň bolmajakdygyna bolan ynamdyr. Gabat gelen hünärde artykmaçlyk gazanýanlara üns berip görseňiz, olaryň iň zor, iň işeňňir, iň güýçli adamlar däldigini aňarsyňyz. Ýöne siz ol adamlaryň öz işlerine gezek gelende barypýatan işjanly adamlardygyny welin bilersiňiz. Beýik rus balerinasy Anna Pawlowa bir gezek şeýle diýipdir: «Üstünlik gazanmagyň syry -- bir maksada tarap aýak çekmän gitmekdir». Bu biziň iň ýokary üstünlige ýetmek formulamyzyň ýene bir tassyklamasy. Maksadyňy bilmek, işleýän zadyňy modelirlemek, hereket etmek, edýän hereketiňe duýgyňy garmagy başarmak, işden netije gazanýançaň agzalan zatlary hemişe taplap durmak -- üstünlikdir.
Bu formulany islendik ugruň, hatda esasy zadyň nesil görkezijilerine degişli pursatlarynda-da ulanmak bolar. Sporty mysal alalyň. Larri Berdiň dünýäde tanymal basketbolçy bolup ýetişmegine näme sebäp boldy? Oňa henizem köp adam haýran galýar. Ol haýal-ýagal. Ol gaty towsup bilmeýär. Ol käte hereketi haýalladylyp görkezilýän kino şekillerindäki ýaly haýal hereket edýär. Ýöne oýnaýşynyň manysyna aralaşsaň welin, onuň şeýle ajaýyp oýunçylygynyň sebäbiniň üstünlige ýetmeklige bolan çäksiz ynamyndadygyna düşünýärsiň. Ol özünde bar bolan güýjüň ählisini daş çykarýar, ruhy dünýäsi örän baý. Ol hemme kişiden kän türgenleşik geçýär.
Pit Rouz ady belli beýsbolçy. Ol yhlasy, aladasy, meýdança baranda ukybynyň hemmesini ulanmagy başarýanlygy üçin özüne rekordlar kitabyna ýol açdy. Tom Uotson Stenfordda okaýarka hiç kimdi, häzir welin, beýik golfçy. Ol golfçular maşgalasynyň adaty agzasydy, treneri henizem ony ýatlanda: «Men ömrümde Tommiden kän türgenleşik geçýän türgene gabat gelmedim» diýýär. Fiziki ýagdaýyna görä, bir türgen bilen beýlekiniň arasynda görnüp duran tapawut ýok. Ýöne sporta jany-teni bilen berilmegi, ýokarda agzalan oýunçylary adaty oýunçylardan tapawutlandyrýar.
Işe ýürekden berilmeklik her bir hünärde üstünligiň zerur çeşmesidir. Den Rater dünýä derejesine çykmazyndan ozal, Hýustonyň telereportýorlarynyň arasynda ady rowaýata öwrülen kişidi. Onuň agajyň üstünde oturyp, Tehasyň kenaryna ýetip gelýän harasat barada gepleşik geçirişini Hýustonyň telereportýorlary henizem haýran galmak bilen ýatlaýarlar. Men bir gezek kimdir biriniň Maýkl Jekson barada: «Ol häki bir, bagtyçüwen adam. Ýogsam, ol ýatanda hiç kim eken-de, ertir tanymal adam bolup turaýypdyr» diýenini eşitdim. Edil beýle-hä däldir. Maýkl Jeksonyň zehini barmy? Gürrüňsiz bar. Özem ol öz zehininiň üstünde bäş ýaşyndan başlap işläpdir. Ol şol mahallar hem aýdym aýtmagy, tans etmegi, öz aýdymlarynyň sözlerini özi ýazmagy öwrenipdir. Dogrusyny aýtsak, onda haýsydyr bir möçberde tebigy zehin bolandyr. Ýöne onuň özüni goldan hünärmenlerden sapak alandygyny hem unutmaly däl. Ol özünde ynam, ynanmak diýen zerur gylyklary döredipdir hem ösdüripdir. Ol öz kalbynda ynanmak ulgamyny oýaryp, ony üstünlik gazanmak üçin doly güýjünde ulanyp bilipdir. Ol özi üçin üstünlik gazanmagyň kän-kän görnüşini işläp düzüpdir. Ony gerek tarapyna ugrukdyryp duran maşgalasy hem bolupdyr. Iň esasy zat hem, ol üstünlige ýetmek üçin, belli bir derejede maddy pida hem taýyn bolupdyr. Men gymmat düşse-de, «BNB» abbrewiaturasyny ulanmagy gowy görýärin. Ol «Bahasy näçe bolsa-da» diýen manyny berýär. Işleri şowly adamlar üstünlik gazanmak üçin kän zat etmäge taýyn. Kämillige ýetmek üçin başga-da daýanç nokatlary barmy? Elbetde, bar. Eger siz şol nokatlary ulanyp bilseňiz şonça-da gowy. Bu kitapda siz dana adamlaryň ýürek açmalaryny okap, olary öz işiňizde peýdalanyp bilersiňiz. Başga-da birnäçe peýdaly maslahatlara gabat gelersiňiz. Iş edip özüni görkezen adamlaryň tejribesini peýdalanyň. Olaryň nähili ynamy ulanýandyklaryny, üstünlige ýetmegine nämäniň täsir edýändigini biliň. Ýokarda getirilen ýedi ynam entek size ýetmänkä-de, birnäçe adam üçin täsinlik döredipdi.
Men siziň: «Bu meselede gaty kän «eger» diýen söz bar. Eger meniň ynamym özümi goldamaýan bolsa»... – diýen ýaly garşy durjak pikiriňizi açyk duýýaryn. Goý, şeýle bolsun. Ýöne siz ol babatda eýýäm ilkinji ädimiňizi ädip, meselä düşünmäge synanyşyk etdiňiz. Siz näme isleýäniňizi eýýäm bilýärsiňiz. Ikinji ädim bolsa, içki ynamyňyzy hem hereketiňizi bilmek, derňemek, baha bermek bilen öz aňyňyzy ugrukdyrmak bolar.
Şeýlelik bilen, biz kämillige barmaly ýola düşeljek daşjagazlary ýuwaş-ýuwaşdan goýuşdyryp başladyk. Biz maglumatlar patyşalara mynasyp derejedäki zat diýen netijä geldik hem gatnaşykdaky iň gowy hünärmen diýip näme etjegini bilýän, islendik netijä ýetýänçä hereketini üýtgedip durmagy başarýan adamy hasaplaýarys. Kitabyň 2-nji babynda bolsa, kämillige barýan ýoluň modelirlemek synagyndan geçen ýoldugyny bilipdik. Eger siz işinde manyly bir derejä ýetýänçä irginsizlik bilen hereket edip üstünlik gazanan adamlaryň ynam, fiziologiýa, özboluşlylyk kysmy hereketlerini modelirläp, olaryň ýeten derejesine siz hem aňsatlyk bilen ýetersiňiz. 3-nji bapda biz ýagdaýyň güýji hakynda gep açypdyk. Biz adamyň haýsydyr bir neýrofiziologik ýagdaýynyň nähili derejede güýjüniň bolýandygyna garapdyk. 4-nji bapda ynamyň dünýäsini, onuň joşduryjy güýç hökmünde kämilligiň gapysyny açýan güýçdügini öwrenipdik. Şol bapda kämilligi döredýän ynamyň ýedi esasynyň üstünde durup geçipdik.
Häzir bolsa geçen sapaklaryňyzy doly manyda özleşdirmekde haýyr berjek ýollar barada gürrüň etmekçi. Okamaga, öwrenmäge wagt ýetdi!
(dowamy bar).