Dowamy. Beýleki bölümleri şu salgylardan okap bilersiňiz:
- 1-nji bölüm
- 2-nji bölüm
- 3-nji bölüm
- 4-nji bölüm
- 5-nji bölüm
- 6-njy bölüm
- 7-nji bölüm
- 8-nji bölüm
- 9-njy bölüm
- 10-njy bölüm
- 11-nji bölüm
- 12-nji bölüm
- 13-nji bölüm
- 14-nji bölüm
- 15-nji bölüm
- 16-njy bölüm
- 17-nji bölüm
- 18-nji bölüm
- 19-njy bölüm
- 20-nji bölüm
- 21-nji bölüm
- 22-nji bölüm
- 23-nji bölüm
- 24-nji bölüm
- 25-nji bölüm
- 26-njy bölüm
- 27-nji bölüm
YNAM 2.
ŞOWSUZLYK DIÝEN ÝAGDAÝ ÝOK
Diňe netije bar. Ol 1-nji ynamyň netijesi ýaly. Ýöne onuň zerurlykdygy öz-özünden görnüp dur. Adamlaryň aglabasy şowsuzlyk diýlip atlandyrylýan zadyň öňünde döreýän gorkudan halas däl. Oňa garamazdan, köpimiz bir zada garaşýarkak, düýpden başga zadyň peýda bolan pursadyny tiz-tizden ýatlaýarys. Hemmämiz ekzamenden ýykylyp gördük, özümiziň hyjuwly hyýallarymyzyň dargamagyndan ezýet çekdik, telekeçilik niýetlerimizi bolsa «netije çykmaz, bar zat tersine bolýar» diýen pikir bilen bagladyk. Bu kitapda men ýetişikli adamlaryň diňe mydama ýygy-ýygydan gaýtalaýany sebäpli «netije», «jem» diýen sözleri ulanýaryn. Olar şowsuzlygy görmek islemeýärler, ony hasabam etmeýärler.
Adamlar islendik işden mydama haýsydyr bir netije çykarýarlar. Biziň döwrümizde bagty çüwen adamlar utulyşdan gaçyp utuşa ýeten däl-de, tutan maksadyndan oňly netije çykmasa-da, oňat netije gazanmagy başarjakdygyna ynanýanlar. Soň ol adamlar şeýle tutumlaryny indiki, täze maksatlarynda peýdalanýarlar. Olar täze hereket edip, täze-de netije gazanýarlar. Şol barada oýlanyň. Şu günüň düýnki günden görnüp duran baýdygy, düýnki günden artykmaçlygy nämede? Ol tejribe bilen bagly. Şowsuzlykdan çekinýän adamlar özlerini, içki dünýäsini maksadyň amala aşmajakdygyna taýynlaýarlar. Hut şeýle ýagdaý hem olaryň maksatlarynyň durmuşa geçmezligine ýardam edýär. Siz şowsuzlykdan gorkýarsyňyzmy? Siziň okuwa, öwrenmäge garaýşyňyz nähili? Adam tejribesiniň islendigini öwrenip, olardan tutýan maksatlarynyň hemmesi üçin peýdaly netije gazanmak boljak ahyry.
Mark Twen bir gezek: «Göwnüçökgün ýaş ýigitden erbet tukatlyk ýok» ― diýipdir. Hak söz. Şowsuzlyga, ýeter-ýetmezçilige ynanýanlaryň nesibesine garyplyk ýazylan ýalydyr. Özlerini beýik işlere gönükdirýän adamlar şowsuzlygy ýatlamaýarlar. Olar işleri oňmasa-da, özlerini dereksiz pikirleriň garamagyna bermeýärler.
Bir ömrüň beýanyny siz bilen paýlaşmak isleýärin. Ol:
— 21ýaşynda telekeçilikde tozýar.
— 22 ýaşynda Kongresiň wekilçiligine saýlanmaýar.
— 24 ýaşynda ýene bir gezek telekeçilikde tozýar.
— 26 ýaşynda aýaly ýogalýar.
— 27 ýaşynda degna ulgamy zeper tapýar.
— 34 ýaşynda palata wekilçiligine saýlanmaýar.
— 36 ýaşynda ýene şol şowsuzlyk gaýtalanýar.
— 45 ýaşynda senat saýlawynda seçilmeýär.
— 47 ýaşynda özüni wise-prezidentlige hödürläp, şowsuzlyga uçraýar.
— 49 ýaşynda ýene-de senat saýlawynda seçilmeýär.
— 52 ýaşynda bolsa Amerikanyň prezidentligine saýlanýar.
Ol adamyň ady Awraam Linkoln. Eger ol ömrüniň şowsuzlyklaryny şowsuzlyk diýip kabul eden bolsa, prezidentlik derejesine ýetermidi? Elbetde, ýetmezdi. Tomas Edison hakynda belli bir gürrüň bar. Ol elektrik lampasyny kämilleşdirmek üçin 9999 gezek şowsuz synanyşyk edeninden soň, kimdir biriniň; «Siz 10000 gezek synanyşyp, rekord gazanjak bolýarsyňyzmy?» diýen sowalyna: «Aýdýanyňyz näme? Men ýekeje gezegem şowsuzlyga-da uçramok. Men her gezekki synanyşygymda elektrik lampasynyň nähili bolmaly däldiginiň üstüni açdym»― diýip jogap beripdir. Başga sözler bilen aýtsak, ol her gezek hereketiň dowamlylygynyň täze netijä eltýändiginiň üstüni açypdyr.
(dowamy bar).