Toni ROBBINS, «Özüňe erk etmegiň gudraty» (27-nji bölüm)

  • 23.02.2023 18:37
  • 6.3k+
Toni ROBBINS, «Özüňe erk etmegiň gudraty» (27-nji bölüm)

Dowamy. Beýleki bölümleri şu salgylardan okap bilersiňiz:

YNAM 1.
HEMME ZAT ZERURYÝETLIK HEM-DE ÖZ SEBÄP BOLMAGYŇ BILEN ÝÜZE ÇYKÝAR. ONY HEM ÖZÜŇE HYZMAT ETDIRMEK MÜMKIN

U.Mitçelli gürrüň ýadyňyzdamy? Kynçylyklary ýeňmek üçin onda nähili ynam bolupdy? Ol başyndan inen ýagdaýy bolaýmaly ýagdaý hasaplap, ony öz bähbidine ulanmak aýgydyna gelýär. Ýetişikli adamlaryň hemmesi-de dörän ýagdaýy adatdan daşary hereket bilen özlerine tabyn etmekde edil Mitçell ýaly aýgyda gelýärler. Olary dörän ýagdaýdan gelip çykýan ýakymsyz netije hakyndaky pikir, juda gyzyklandyryp hem durmaýar-da, diňe onuň amatly  netijesi barada pikirlenýärler. Olar dörän şowsuzlygyň aşagynda şol şowsuzlyk ýaly, belki, ondanam uly şowlulygyň bardygyna ynanýarlar.

Men durmuşda uly üstünlikler gazanýan adamlaryň hut şeýle pikire gulluk edýändiklerine örän ynanýaryn. Şeýle pikiri hususy durmuşyňyzda ulanmaga synanyşyp görüň. Islendik ýagdaýda täsir döretjek ýapyşalga näçe diýseň bar. Aýdaly, siziň telekeçilik işiňizde garaşan şertnamaňyzy baglaşmak başa barmady. Ýogsam, ol şertnama, ynam edişiňize görä, siz bilen hökman baglaşylmalydy. Şeýle ýagdaýda kimdir biri özüni kemsidilen hasaplaýar, kim näsaglaýar, kimdir biri içgä ýüz urýar, käbirleri bolsa gahar-gazaba münýär. Köp adam ähli meselede şertnamany elinden alan firmany günäkär hasaplap, onda işleýänleri hem barypýatan ýaramaz, diňe öz aladalaryny edýän adamlar hasaplaýar. Iş  ahyryna ýetmäni üçin, işgärlerinden närazy ýolbaşçylar hem tapylýar.

Şeýle netije içki joşgunymyzyň birneme  peselmegine getirip, işiň netijesine oňyn täsir ýetirmez. Adamlaryň öýke-kinesi, gahar-gazaby, nägileligi gyzyklandyrýan meselede bize çigit ýaly-da kömek etmez. Bu ýagdaýda her bir herekete oýlanyşykly baha bermek, bolan işden sapak almak, «haýadyň deşigini ýapmak» hem täze dörän mümkinçilikleri üns bilen derňemek üçin kän oýlanyp kelle döwmek — bähbitsiz tejribeden bähbitli netije çykarmagyň ýeke-täk ýoly bolmaly.

Negatiw ýagdaýdan bir gowy mysal getirmegime sizden ejaza soraýaryn. Ozalky mugallyma hem iň owadan zenan, häzir bolsa ýetişikli, işjeň, Kaliforniýa ştatynyň Fresno şäherinde ýaşaýan Merilin Gamilton birwagt aýylganç ahwalata uçrap, ölümiň gyrasyndan gaýtdy. Şol mahal ol ýigrimi dokuz ýaşyndady. Ol deltaplanda uçup ýörkä, gaýa urlup, bilinden aşagy ysmaz bolýar.

Şol aýylganç wakadan soň oňa hiç zat elinden gelmejek zenanyň güni bilen ylalaşaýmagyň galandygy düşnükli zat. Ýöne Merilin bu  pajygadan özi üçin bähbit tapmagy başarýar. Başda ol herekedini çäklendirýäni üçin, öz maýyplyk arabajygyna bagly ýagdaýyndan örän närazy bolýar. Häzir maýybyň tigirli arabasynyň ýetmezini ýa artykmaçlygyny aňşyryp biljek gümanymyz ýok. Ol maýyp arabasynyň düýpden başga görnüşini döretmegiň pikirini edipdir. Ol özüniň ozal deltaplan ýasaýan iki sany ýoldaşynyň ýardam etmegi bilen, maýyplyk arabajygynyň düýpden täze nusgasyny döredýär. Şeýle hem olar «Mouşn dizaýnz» diýen kompaniýa açýarlar. Ol kompaniýa maýyplyk arabajygyny öndürýän ugurda uly üstünlik gazanyp, Kaliforniýanyň 1981-nji ýyldaky iň gowy kiçi telekeçilik kompaniýasy diýen baýraga eýe boldy. Olar 1981-nji ýyldan bäri işgärleriniň sanyny segsene ýetirdiler. Kompaniýanyň dünýä ýüzünde sekiz ýüz wekili bar, hasabyndaky puluň möçberi ençeme million dollara ýetdi.

Men Merilin Gamiltonyň öz ynamyny maksada ýörite ugrukdyrandygyny aýdyp biljek däl. Ýöne ol şeýle ýagdaýda anyk näme edip boljakdygynyň bähbitli mümkinçilikleriniň ösüş kesgidini tapyp, oňa bap gelýän ýol bilen hereket etmegi başarypdyr. Hakykatda hem, islendik şowly iş şol bir ahwalyň çäginde   amala aşýar hem ösýär.

Geliň, öz ynamymyz barada ýene bir pursat oýlanyp göreliň. Hemme zat şowlulygamy ýa şowsuzlyga tarap barýarmy? Biziň aladalarymyz üstünlige eltermi ýa eltmez? Her bir ýagdaýda siz içki mümkinçilikleri görýäňizmi ýa-da şowsuzlygy? Adamlaryň köpüsi oňyn tarapa däl-de şowsuzlyga tarap leňňer atýan ýaly. Beýle ýagdaýyň üýtgemegine barýan ilkinji ädim şeýle ýagdaýyň bardygyny boýun almak. Çäksizlik ynamynyň döremegi çäkli adamlaryň döremegine getirýär. Beýle ýagdaýdan çykmak üçin serhedi, çäkliligi bozmak hem has ýokary derejedäki serişdeleriň işine gatnaşmak zerurdyr. Biziň medeniýetimizde lider diýilýän, her hili ýagdaýda oňyn mümkinçilikleri tapýan, çölde galsa-da töwereginde ülpüldäp oturan gülleri görýän adam bolmaly. Ol mümkin däl diýersiňizmi? Ysraýylda daýhanlar näme amal etdiler? Sizde mümkinçilik mydama tapylar diýen ynam bar bolsa, siz ony taparsyňyzam, durmuşa-da geçirersiňiz.

(dowamy bar).


20.05.2023 16:35
6.7k+

Toni ROBBINS, «Özüňe erk etmegiň gudraty» (38-nji bölüm)

Dowamy. Beýleki bölümleri şu salgylardan okap bilersiňiz: 1-nji bölüm 2-nji bölüm 3-nji bölüm 4-nji bölüm 5-nji bölüm 6-njy bölüm 7-nji bölüm 8-nji bölüm 9-njy bölüm 10-njy bölüm 11-nji bölüm 12-nji bölüm 13-nji...

06.05.2023 20:11
5.3k+

Toni ROBBINS, «Özüňe erk etmegiň gudraty» (37-nji bölüm)

Dowamy. Beýleki bölümleri şu salgylardan okap bilersiňiz: 1-nji bölüm 2-nji bölüm 3-nji bölüm 4-nji bölüm 5-nji bölüm 6-njy bölüm 7-nji bölüm 8-nji bölüm 9-njy bölüm 10-njy bölüm 11-nji bölüm 12-nji bölüm 13-nji...

29.04.2023 15:12
5.7k+

Toni ROBBINS, «Özüňe erk etmegiň gudraty» (36-njy bölüm)

Dowamy. Beýleki bölümleri şu salgylardan okap bilersiňiz: 1-nji bölüm 2-nji bölüm 3-nji bölüm 4-nji bölüm 5-nji bölüm 6-njy bölüm 7-nji bölüm 8-nji bölüm 9-njy bölüm 10-njy bölüm 11-nji bölüm 12-nji bölüm 13-nji...

16.04.2023 13:23
6.4k+

Toni ROBBINS, «Özüňe erk etmegiň gudraty» (35-nji bölüm)

Dowamy. Beýleki bölümleri şu salgylardan okap bilersiňiz: 1-nji bölüm 2-nji bölüm 3-nji bölüm 4-nji bölüm 5-nji bölüm 6-njy bölüm 7-nji bölüm 8-nji bölüm 9-njy bölüm 10-njy bölüm 11-nji bölüm 12-nji bölüm 13-nji...