Dowamy. Beýleki bölümleri şu salgylardan okap bilersiňiz:
- 1-nji bölüm
- 2-nji bölüm
- 3-nji bölüm
- 4-nji bölüm
- 5-nji bölüm
- 6-njy bölüm
- 7-nji bölüm
- 8-nji bölüm
- 9-njy bölüm
- 10-njy bölüm
- 11-nji bölüm
- 12-nji bölüm
- 13-nji bölüm
- 14-nji bölüm
- 15-nji bölüm
- 16-njy bölüm
- 17-nji bölüm
- 18-nji bölüm
- 19-njy bölüm
- 20-nji bölüm
- 21-nji bölüm
- 22-nji bölüm
- 23-nji bölüm
- 24-nji bölüm
- 25-nji bölüm
ÜSTÜNLIK BARADA ÝEDI SANY ŞÜBHELI GÖZ ÖŇÜNE GETIRME
Beýni gujaga sygmaz. Ýöne ol jennet bilen dowzahyň ikisini-de özüne sygdyryp bilerdi.
Jon Milton
Ýaşaýan dünýämizi, nähilidigini bilib-u-bilmän, özümiz saýlap alýarys. Eşret saýlan bolsak şony hem alýarys. Gedaýçylyk dünýäsinde ýaşamak islän bolsak, şol islegimize ýetýäris. Kitabyň öňki baplaryndan bilşiňiz ýaly, ynam hem maksat kämilligiň özenidir. Biziň ynamlarymyz daşymyzy gurşap alýan hakykaty kabul etmekde anyk hem berk guramaçylykly gatnaşygy ýüze çykarýar. Olar biziň durmuşa garaýşymyzy hem-de ömrümizi nähili geçirjekdigimizi görkezýär. Olar bize öz aňymyzy haçan işletmelidigini, haçan togtatmalydygyny öwredýärler. Şonuň üçinem üstünlik ýolundaky ilkinji ädim, gazanjak maksadymyza ýetirjek ynamy hem-de durmuş ýörelgelerini saýlamakdaky ilkinji ädim bolmalydyr.
Üstünlige barýan ýol maksadyňa düşünmek, maksada okgunly hereketi ýola goýmak, gazanan netijelere dogry düşünmek, ahyr netijäni üpjün etmek üçin hatyrjemligi elden bermezlik bilen kesgitlenilýär. Bu aýtgy ynama-da degişli. Size maksadyňyzy goldaýan ynam, ýetmek isleýän ýeriňize ýetirjek ýörelgeler gerek. Eger siziň ynamyňyz şony üpjün etmese, ony terk edip, täzesini döretmäge synanyşyp görmeli bolar.
Men üstünlikdäki «müňkürlik döredýän göz öňüne getirmeler» hakynda aýdamda, adamlar birhili aljyraňňylyga düşýärler. Hiç kim öz durmuşyny şübhe bilen baglamak islemeýär. Ýöne men ol aýtgymyň üsti bilen diňe: «Ýaşaýan dünýämiziň nähilidigini bilemzok» diýmek isläpdim. Biz ozal görkezen çyzgymyzyň egri ýa güberçekdigini aýdyp bilemzok ahyryn. Biz öz ynamymyzyň ýalandygyna ýa-da dogrudygyna göz ýetirip bilmeýäris. Ynamymyz hakynda belli bir aýdyp biläýjek zadymyz, ynamyň bize hem töweregimizdäkilere ýardam edýänini ýa edmeýänini anyklamaklyk.
Kitabyň şu babynda men «şübhe» diýen düşünjäni haýsydyr bir zadyň hakykatdan-da nähilidigine göz ýetirip bilmeýäris diýen manyda ulanýaryn. Eger biz şol çyzgymyzyň egreldilendigni bilsek, onuň güberçekligi barada pikir hem ýöretjek bolmazdyk. «Şübhe» sözi bu ýerde ýalan, nädogry, ynamsyzlyk diýen many bermeýär-de, haýsydyr bir zada näçe ynansagam, onuň başga nusgalaryna hem gapymyzy açmalydygymyzy ýatladýar. Men şol ýedi ynama özüňiziň üns berip görmegiňizi, olaryň bähbitli ýa däldigini özüňiziň çözmegiňizi isleýärin. Men ol ýedi düşünjäni ömürlerini modelirlemäge synanyşan tanymal şahslaryň garaýyşlaryna daýanyp topladym. Kämilligiň modelini döretmeklige onuň nämedigini düşündirýän ynam ulgamyny taýýarlamakdan başlamaly. Men şu ýedi düşünje adamlara öz mümkinçiliklerini has giň ulanmakda, kän işlemekde, erjel bolmakda, ýokary netije gazanmakda goltgy bolar diýen ynamyň üstüni açdym. Men olara üstünlige eltýän ýeke-täk çykalga diýmek islemeýärin. Ýöne olar işe başlamakda örän bähbitli. Olaryň bir topar adama peýda getirişleri ýaly, siz üçinem şeýle bolmagyny isleýärin.
(dowamy bar).