Toni ROBBINS, «Özüňe erk etmegiň gudraty» (9-njy bölüm)

Toni ROBBINS, «Özüňe erk etmegiň gudraty» (9-njy bölüm)

Dowamy. Beýleki bölümleri şu salgylardan okap bilersiňiz:

Şonuň üçinem size ýene bir gezek: üstünlik gazanýan adamlar bilen ähli zadyny ýitirýän adamlaryň arasynda nähili tapawut bar? - diýen sowaly beresim gelýär. Bir zat edip bilýän bilen elinden zat gelmeýäniň arasynda näme parh bar? Ýene biri ähli kynçylygy ýeňip, ýaşaýşyny jennete öwürýär, başga biri şony başarmaga hemme mümkinçilikleri bar hem bolsa, hiç zat edip bilmän, ömrüni pajyga bilen tamamlaýar. Näme üçin käbir adam durmuşyň berýän tejribesini sorup alýar-da, ony öz  peýdasyna ulanýar, şol bir wagtyň özünde-da başgalar bu tejribäniň garşysyna hereket edýärler? Mitçel bilen Jon Beluşiniň arasynda näme parh bar? Durmuşyň hilini şeýle tapawutly edýän zat näme?

Bu soňky sowal meni ömrüm boýy biynjalyk edip geldi. Ýetginjek döwürlerimde-de kän baýlygyň eýesi, amatly işi bar, adamlar bilen gowy gatnaşyk saklaýan, oňat daş sypatly, jany sagat adamlara kän gabat geldim. Olaryň durmuşyny meniň hem dost-ýarlarymyň durmuşyndan tapawutly eden zat näme? Ahyrsoňy, men onuň sebäbiniň biziň birek-birek bilen gatnaşygymyzda hem edýän hereketimizdedigine düşündim. Elimizden gelýän zatlaryň hemmesini etsegem, näme üçindir, hiç hili netije gazanyp bilmedik ýagdaýymyzda biz näme edýäris? Ýetişikli adamlaryňam kyn meselesi ýetişiksizleriňkiden az däl. Aladasy ýok adamlar diňe dünýäden gaýdanlar. Şowsuzlykdan gelip çykýan üstünlik biz bilen nähili ýagdaýyň bolup geçýänini parhlandyrmaýar-da, biziň şol ýagdaýy nähili kabul edýänimizi we şol sebäpli nähili ädim ätjekdigimizi tapawutlandyrýar — bar tapawudam şunda.

Mitçel bedeniniň dörtden üç böleginiň üçünji derejeli ýanygyň tagmasy bilen örtülendigini bilende, onda bu habary özi üçin  nähili kabul etmeli diýen mesele ýüze çykýar. Ol ölüme ýa-da ruhdan düşüp ýaşamaly adamyň gününe kaýyl bolmalydy. Ýöne ol özi bilen mydama gepleşip ýörmek, gatnaşyk açmak ýoluny saýlaýar hem bu pajygaly sapagyň ýöne ýere berlen däldigini, bir ajaýyp gün oňa bagtly pursada ýetmek serpaýynyň ýapyljakdygyna özüni ynandyrýar. Özi bilen şeýle gepleşikleriň geçirilmegi netijesinde, onuň pajygaly derejedäki ýagdaýy  ýaşaýşa höwesli äheň bilen ornuny  çalyşýar. Ol şu ynamyny münüp barýan uçarynyň ýere gaçyp, bilinden aşagy ysmaýan maýyba öwrülensoňam saklaýar. Penjesi, dabany bolmasa-da Pit Strudwik dünýädäki iň kyn «Pik-Paýk» marafon ýaryşyna gatnaşyp, pellehana ýetmegi nädip başardyka? Sowalyň jogaby aňsat, ol özi bilen ylalaşyga geldi. Haçanda bedeni oňa ozal agyry, herekete çäklilik, ysgyndan düşmek duýgularyny berende, ol ýakymsyzlyklaryň erbet atlaryny gowy sözler bilen çalşyryp ýetişdi hem degna ulgamy bilen gepleşigi dowam etdi. Ol gatnaşyk hem oňa ylgamak üçin erk, güýç berdi.

(dowamy bar).