Eýranyň milli ýygyndysy 2026-njy ýylyň dünýä çempionatyna gatnaşmakdan ýüz öwürdi

  • 12.03.2026 12:10
  • 12k+

Eýranyň futbol boýunça milli ýygyndysy 2026-njy ýylyň dünýä çempionatyna gatnaşmaz. Bu barada Eýran Yslam Respublikasynyň sport ministri Ahmad Donýamali TV2 teleýaýlymyna beren interwýusynda mälim etdi.

Bu karar syýasy ýagdaýlar bilen baglanyşyklydyr. Donýamaliniň aýtmagyna görä, milli ýygyndy bölekleýin ABŞ-da geçiriljek ýaryşa gatnaşmagy meýilleşdirmeýär.

2026-njy ýylyň dünýä çempionatyna ABŞ, Kanada we Meksika bilelikde eýelik eder. Bije çekişligiň netijelerine görä, Eýranyň ýygyndysy «G» toparynda Belgiýa, Müsür we Täze Zelandiýa bilen duşuşmalydy.

Dünýä birinjiligine gatnaşmakdan meýletin ýüz öwürmek örän seýrek duş gelýän ýagdaýdyr. Has dogrusy, XXI asyrda futbol boýunça dünýä çempionatlarynyň taryhynda bu waka ýeke-täkdir.

Eýranyň ornuna haýsy toparyň gatnaşjakdygy baradaky karary FIFA-nyň Geňeş býurosy kabul eder. Adatça, şeýle mesele ýüze çykanda saýlama oýunlaryna gatnaşan, reýtingi ýokary we gysga wagtyň içinde ýaryşa taýýar bolup biljek toparlar göz öňünde tutulýar. Häzirki wagtda iň ähtimal dalaşgärler hökmünde Aziýa futbol konfederasiýasynyň agzalary bolan Yrak we BAE (Birleşen Arap Emirlikleri) görkezilýär.

2026-njy ýylyň dünýä çempionaty 11-nji iýundan 19-njy iýula çenli dowam eder. Taryhda ilkinji gezek bu ýaryşda 48 sany milli ýygyndy güýç synanyşar.


02.06.2026 12:06
10k+

Futbol nebereleri: Zidanyň ogly DÇ-2026-da Alžiriň düzüminde oýnar, Ançelottiniň ogly bolsa «Lilliň» tälimçisi boldy

Alžiriň Futbol federasiýasy öňümizdäki dünýä birinjiligine gatnaşjak milli toparyň gutarnykly sanawyny mälim etdi. Bu sanawa Ispaniýanyň «Granada» klubunyň 28 ýaşly derwezeçisi, meşhur fransuz futbolçysy......

01.06.2026 17:02
6.5k+

DÇ-2026-nyň stili: geljekki çempionatyň iň gelşikli we gelşiksiz futbol lybaslary kesgitlendi

Futbol boýunça dünýä çempionatynyň başlanmagyna sanlyja günler galdy. Şonuň üçin şu günler esasan futbol, şeýle-de biletleriň gymmatlygy, FIFA-nyň töweregindäki düşnüksiz jedeller we dürli guramalaryň......

27.05.2026 10:11
7.8k+

Dünýä çempionatynyň resmi topuna her oýundan öň zarýad bermeli bolar

Futbol boýunça 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynyň Adidas kompaniýasy tarapyndan taýýarlanan resmi topy TRIONDA ýaryşyň taryhynda ilkinji gezek içine oturdylan ýörite hereket sensoryna eýe boldy we ol her oýnuň......

21.05.2026 23:19
8.6k+

FIFA Eýranyň 2026-njy ýylyň Dünýä çempionatyna gatnaşmagy üçin kepillik berdi

Eýranyň Daşary işler ministrligi ýurduň milli ýygyndysynyň ABŞ-nda, Kanadada we Meksikada geçiriljek 2026-njy ýylyň Dünýä çempionatyna gatnaşmak üçin Halkara futbol federasiýasyndan (FIFA) kepillik alandygyny......