Dowamy. Beýleki bölümleri şu salgylardan okap bilersiňiz:
- 1-nji bölüm
- 2-nji bölüm
- 3-nji bölüm
- 4-nji bölüm
- 5-nji bölüm
- 6-njy bölüm
- 7-nji bölüm
- 8-nji bölüm
- 9-njy bölüm
- 10-njy bölüm
- 11-nji bölüm
- 12-nji bölüm
- 13-nji bölüm
- 14-nji bölüm
- 15-nji bölüm
- 16-njy bölüm
Ýetişikli adamlaryň hemişe bähbit getirjek öz içki ýagdaýlaryna çykalgasy bolýar. Olaryň işiniň bişow adamlaryň işinden tapawudy şol ýagdaý bilen baglanyşykly dälmikä? Ýene Mitçelli ýatlalyň. Meseläniň özeni onuň bilen şol pajygaly wakanyň bolmagy däl-de, onuň bolan wakany göz öňüne getirişinde. Ol ilki-hä ýangyndan, otdan ezýet çekip, yzyndanam ysmaz bolup ýatsa-da, özüni işeňňir, manyly halda göz öňüne getirmegi başardy. Hiç kimiň başdan-aýak ýaman ýa-da ýagşy bolmaýandygyny belläň. Muňa biziň bolan wakany öz göz öňümize getirişimize görä baha bermeli. Özüňiziň işeňňir, ýetişikli, döretmäge ukyply bolan döwrüňizi ýatlamaga wagt tapyň.
Ol közüň üstünden aýakýalaňaç ýöreýän wagtymyz ýaly bir pursatdyr. Eger men häzir size: «Okap oturan kitabyňyzy goýuň-da, közüň üstünden ýöräň!» diýip haýyş etsem, turagada meniň haýyşymy bitirjegiňize müňkür bolýaryn. Ol häzir siziň ýagdaýyňyzy manyly etjek ýagdaý däl. Men näçe ynandyrjak bolsam-da, siziň haýyşy höwes bilen bitirmejegiňizi bilýärin.
Közüň üstünden ýöremeklik howp hem şolar ýaly hereketi çäklendirjek ýagdaýyň bardygyna garamazdan, adamlara maksada ýetmek üçin islegi, höwesi döretmegi öwredýär. Közüň üstünden aýakýalaňaç ýöreýän adamlar, ilki meniň sapagyma gelenlerinde ol işi asla amala aşmajak iş hasap edip gelen adamlar bolmaly. Oňa garamazdan, olar öz fiziologiýalaryny hem nämäni başarjak, nämäni başarmajakdygy baradaky içki duýgularyny üýtgetmegi öwrendiler. Şonuň üçinem közüň üstünden ýöremek olar üçin howply bir zat bolmaklygyndan, bilýän, tanyş zatlaryna öwrüldi. Olar şol közli meseläniň kömegi bilen özlerinde işjeň, dörediji duýgyny oýarmagy başardylar, ozal amala aşmagy mümkin däl hasap eden işlerini amala aşyryp, üstünlik gazandylar.
Oduň üstünden ýöremek adamlara öz mümkinçiliklerini, garaýşyny üýtgetmäge kömek edýär. Ozal käbir işiň amala aşmagynyň mümkin däldigi adamyň aňynyň ýagdaýy bilen bagly bolan bolsa, näme üçin «mümkin dällikleri» özgeren aňyň kömegi bilen ýeňmeli dälmişin? Aňyň uly güýçdügi hakda aýtmak başga, ony özüň başdan geçirmek başga. Közüň üstünden ýöremek hut şoňa ýardam edýär. Ol özüňde, hususy mümkinçilikleriň, ynamyň görnüşlerini döredýär, içki duýgularyň, ýagdaýyň täze görnüşleriniň döremegine eltýär, durmuşyň gowulanmagyna, adamlaryň täze üstünlikler gazanmagyna ýardam edýär. Oduň üstünden ýöremek adamlara özlerini alyp baryşlarynyň öz içki dünýäsi bilen baglydygyny, edil şol pursat öz tejribesinde birnäçe özgerme döretmek bilen düşündirýär. Adamlar özlerine ynam etmek bilen manyly hereket etjekdiklerine ynanýarlar. Çaky, şeýle üstünlige ýetmekligiň ýoly kän bolmaly. Közüň üstünden aýakýalaňaç ýöremeklik, desssine ýatdan çykmajak kän sanly netijeli hem özüne çekiji ýollaryň diňe biridir.
Islän maksadyňa ýetmegiň açary nämede? Ol açar bolýan ýagdaýy işjeň ýagdaýa ýetirer ýaly derejede göz öňüne getirmekde, şol derejä ýeteniňden soň hem islän maksadyňa ýetirjek hereketi döretmekde bolsa gerek. Eger siz şony başarmasaňyz, indiki etjek synanyşygyňyz hem netije bermän, diňe şowsuzlyga uçrarsyňyz.
Bu pikirler biziň durmuşymyzdaky hemme zatlara-da degişlidir. Eger biz hiç hili netije çykmajagyny göz öňüne getirýän bolsak, hiç hili netije çykmaz. Eger-de biz hemme zadyň ýerbe-ýer boljagyna ynansak, kalbymyzda özümizi degişli ýagdaýa, ýagny oňyn netijä garaşmaga, oňa ýetmekde ýardam etjek esaslary döredýäris. Ted Terner, Li Ýakokko hem U. Mitçel dagy bilen gaýry adamlaryň arasyndaky tapawut, şu ýerde ady tutulanlaryň dünýäni özleriniň tutan islendik maksatlaryna ýetirjek ýer hasap edendiklerindedir. Dogry, biz iň işeňňirlik görkezýän halatymyzda-da, islän maksadymyza hemişe ýetip bilmeýäris, ýöne ruhumyzy degerli ýagdaýda taýynlasak, içki güýçlerimiziň hemmesini netijeli ulanmaga mümkinçilik dörederis.
Şu ýerde şeýle bir sowal bermek ýerine düşerdi: Eger içki göz öňüne getiriş, ýagny kabul ediş ýagdaýy hem-de fiziologiýa bileleşip, biziň özümizi alyp barmak ýagdaýymyzyň döremeginiň üstünde işleýän bolsa, onda şeýle ýagdaýdakak özüňi alyp barmagyň anyk görnüşlerini näme döredýär? Söýgi jadysyna düşen bir adam gujaklap duran söýgülisini bogmaga-da taýýar. Başga bir aşyk bolsa söýgüsini uýala-gorka zordan beýan edýär. Beýle ýagdaýa şeýle düşündiriş berse bolar: Biz ol ýa-da başga bir ýagdaýa uçran wagtymyz, beýnimiz özüňi alyp barmagyň dürli-dürli görnüşlerine barýan ýollaryny ulanýar. Ol ýollaryň sany biziň daşky dünýämizdäki nusgalarymyzyň sanyna bagly. Käbir adam gahara dolan pursady özüňi alyp barmagyň diňe bir görnüşine (modeline) girýär. Ol adam gürrüňdeşiniň üstüne ýumrugyny düwüp topulmaga-da taýyn. Belki, ol adam şeýle hereket edilýändigini ene-atasynyň hereketinde görendir ýa-da bir gezek şeýle hereketi özi ulanmak bilen, bähbit gazanandyr. Şonuň üçinem şol adamda geljekde-de şeýle ýagdaý döräýse, hut şol hereketi gyşarnyksyz ulanmaly diýen üýtgewsiz aýgyt dörär.
(dowamy bar).