Dowamy. Beýleki bölümleri şu salgylardan okap bilersiňiz:
- 1-nji bölüm
- 2-nji bölüm
- 3-nji bölüm
- 4-nji bölüm
- 5-nji bölüm
- 6-njy bölüm
- 7-nji bölüm
- 8-nji bölüm
- 9-njy bölüm
- 10-njy bölüm
- 11-nji bölüm
- 12-nji bölüm
- 13-nji bölüm
- 14-nji bölüm
- 15-nji bölüm
- 16-njy bölüm
- 17-nji bölüm
- 18-nji bölüm
- 19-njy bölüm
Ýagdaýyny üýtgetmegi başarmak, adamlaryň köpüsine gerek endik. Adamlar mydama bagtly, şadyýan, joşgunly, sabyr-takatly bolmak isleýärler. Olar ruhy rahatlygy halaýarlar, janlaryna aram bermeýän närselerden daşlaşsalar kem görmeýärler. Olar, mysal üçin, özlerini göwnüçökgün, gaharly, lapykeç, keýpsiz ýagdaýda-da duýup bilýärler. Şeýle wagtda olar özlerini nähili alyp barýarlar? Endiklerine görä, olar telewizory açyp, özlerinde täze duýgularyň döremegi üçin ýapyşalga gözleýärler, tomaşa edip gülýärler. Şeýlelik bilen, öz tukat ýagdaýlaryndan ýuwaş-ýuwaş daşlaşýarlar. Käbirleri bolsa daşaryk çykyp gidýärler-de, bir zada ― çilimemi, iýmek-içmegemi güýmenýär, ýene biri sportzala gidýär. Iň erbet ýeri, şeýle çykalga tapanlaryň güýmenjesi uzak dowam etmeýär. Telewizoryň gepleşigi gutaran badyna, ol öňki tukatlygyna dolanyp gelýär. Tukat ýagdaý tagamly iýmek-içmekden, ýa-da içgiden soňky irdenki kellagyry bilen gaýdyp gelýär. Tukat ýagdaýy wagtlaýyn güýmenjä çalyşmagyň bahasy şondan ybarat. Bu kitap size zerur mahaly ýokarky agzalan, gerekmejek, goşmaça kynçylyk döredýän gaçybatalgalar bolmasa-da, içki göz öňüne getirmäňizi hem fiziologik ýagdaýyňyzy nädip özgertmelidigini öwreder. Adamlar neşäni ýa-da içgini näme sebäbe ulanýarlar? Ol iňňe bilen degna damarlaryny sanjyşdyrmakdan bähbit aramak däl-de, ýagdaýa görä ters, gülkünç hereketden lezzet almak. Ýöne olar lezzet almak üçin şolardan başga täriň bardygyny bilmeýärler.
Üstünlik gazanmagy öwrenen adamlar beýniniň has işeňňir böleginden nädip peýdalanmalydygyny oňat bilýärler. Hut şol hem olary başga adamlardan tapawutlandyrýar. Siziň kitabyň bu bölüminden esasy unutmaly däl zadyňyz, öz neýrofiziologiki ýagdaýyňyzyň örän uly güýçdügini hem ony gönükdirip biljekdigiňize ynanmagyňyzdyr. Siz öňüňizden çykan ýagdaýyň erkine tabyn bolmaly dälsiňiz.
Durmuş hakyndaky düşünjämize uly täsir ýetirýän ýene bir zat ― dünýä hakyndaky düşünjäni öz süzgüjinden geçirýän bir ýagdaý bar. Ol biziň belli bir şertde mydama ulanýan ýagdaýymyzy döredýär. Ony iň uly güýç diýip atlandyryp hem bileris. Geliň, indi bolsa şol güýjüň—ynamyň jadyly güýjüni derňäliň.
4. KÄMILLIGI DÖREDÝÄN YNAMDYR
Adam—onuň öz ynanýan zadydyr.
A.P.Çehow
Norman Kazins «Keseliň anatomiýasy» atly kitabynda beýik sazanda Pablo Kazals baradaky bir wakany gürrüň berýär.
Kazins togsan ýaşynyň öň ýany ajaýyp sazanda bilen tanyşyşyny ýatlaýar. Onuň ýazmagyna görä, ol gojanyň her gününi başlaýşyna nebsiň agyrman sereder ýaly hem däl. Ol şeýlebir tapsyz hem artrit keseli bilini büken welin, keseden kömek edilmese, eşigini hem geýip bilmeýär eken. Emfizema keseli hem öýkenine yza berip, dem almagyny kynlaşdyrýar. Ol inçejik boýnuny öňe uzadyp, hasanyň kömegi bilen zordan hereket edýär, elleri çişip, barmaklary ýazylman duran ýaly. Ol hakykatdanam örän garry hem kesel büren adam.
Ol ertirlik nahara oturmazyndan öňürti, ussatlarça erk edip bilýän saz guraly bolan fortepianonyň ýanyna baryp, saz guralynyň öňündäki oturgyja kynlyk bilen özüni goýberýär. Kesesinden garasaň oňa ýazylmaýan barmaklaryny klawiatura degirmek-de örän kyn düşäýjek ýaly.
Soň haýran galaýmaly ýagdaý ýüze çykýar. Ol Kazinsiň gözüniň alnynda çuň manyly döredijilik ýagdaýyna geçýär. Şol wagt onuň fiziologiýasy (daşky görnüşi) şeýlebir özgerýär welin, ol ýaş, güýçli, joşgunly sazandadan hem garaşylmajak görnüşe geçip, çalasyn hereketler bilen saz çalmaga başlaýar welin, Kazinsiň ýazmagyna görä, epilmeýän barmaklar epildi, doňup duran eller herekete geldi. Garrynyň barmaklary degen klawişler üstünden ýagyş damjalary damýan ýaly bolup, öňe-yza towsaklamaga başlaýar. Sazandanyň küýki ýagyrnysy gönelip, dem almasy ýeňilleşen ýaly bolýar. Häzir fortepiano çalmagy ýatlamagy göz öňüne getirmeginiň özi, onuň içki dünýäsini, daşky durkuny tutuş üýtgedipdi. Kazins uly duýgy bilen gurşalyp, ýöne gaty göçmän, Bahdan başlady, ondan soň Bramsyň sazyna geçdi. Şonda onuň täzelenen, başga görnüşe geçen barmaklary klawişleriň üstünde uçuş edýän ýaly bolup görünýärdi.
«Bolýan wakany üns berip synlasaň, saz bilen sazanda bir göwrä, bir bitewülige öwrülen ýaly duýulýardy ― diýip, Kazins belleýär. ― Indi ýaňky ejiz hem näsag garry ýokdy. Nepis hereket hem hyjuw onuň bedeninden artriti aýryp taşlapdy». Ol saz guralynyň öňünden turanda, goja däl-de, ýaş adama meňzäp turýar. Ol öňküsinden dik hem uzynrak bolup görünýär. Ol nahar stolyna tarap ýeňillik bilen ýöräp barýar-da, işdämenlik bilen nahar iýmäge başlaýar. Ertirligini edinenden soň sazanda deňiz kenaryna gezim etmäge gidýär.
Biz ynam diýen zady adaty din ýa-da syýasy doktrina diýip kabul edýäris. Ol köplenç şeýle bolubam çykýar. Ýöne has giň manyda welin, ynam ugrukdyryjy ýapyşalga, ýa-da ýaşaýşa joşgun, many, ýol görkezýän täsin güýç. Biziň öňümizde dürli görnüşdäki delil peýda bolýar. Ynam şonda daşky gurşawymyzy seljerýän süzgüçleriň birleşen düzümi bolup hyzmat edýär. Ynam biziň aňymyza buýruk berýän bir zat. Haçanda biz bir zadyň hakykatdygyna ynansak, öz hususy beýnimize-aňymyza şonuň hakykatdygyny ýa-da däldigini seljermek üçin tabşyryk berýäris. Sazanda Kazins saza, sungata ynanýar. Ol ynam onuň ömrüne gözellik, tertip-düzgün, pähimlilik goşýar. Şonuň üçinem ol ynam ony her gün täsinlik döredip bilýän adama öwürýär. Sazanda sungatyň adatdan daşary gudratyna ynanýandygy sebäpli, özi üçin çakdanaşa güýç gazanýar. Hususy ynamy ony her gün gurbatsyz garrydan güýç-kuwwaty çogup duran geniý derejesine çenli göterýär.
(dowamy bar).