Dowamy. Beýleki bölümleri şu salgylardan okap bilersiňiz:
- 1-nji bölüm
- 2-nji bölüm
- 3-nji bölüm
- 4-nji bölüm
- 5-nji bölüm
- 6-njy bölüm
- 7-nji bölüm
- 8-nji bölüm
- 9-njy bölüm
- 10-njy bölüm
- 11-nji bölüm
- 12-nji bölüm
- 13-nji bölüm
- 14-nji bölüm
- 15-nji bölüm
- 16-njy bölüm
- 17-nji bölüm
- 18-nji bölüm
- 19-njy bölüm
- 20-nji bölüm
- 21-nji bölüm
- 22-nji bölüm
- 23-nji bölüm
- 24-nji bölüm
- 25-nji bölüm
- 26-njy bölüm
- 27-nji bölüm
- 28-nji bölüm
- 29-njy bölüm
YNAM 3.
NÄHILI ÝAGDAÝA DÜŞSEŇIZ-DE, JOGAPKÄRÇILIGI ÖZ BOÝNUŇYZA ALYŇ
Häzirki zamanyň beýik şahslarynyň hem işeňňir, ýetişikli adamlarynyň ýene bir özboluşlyklary: olar öz dünýälerini özleriniň döredýändiklerine ynanýarlar. Olardan aglaba eşidýän sözümiz şeýle: «Ol işiň jogapkärçiligini öz boýnuma alýaryn. Ol meniň öz işim».
Olar şol sözleri ýöne ýere zol-zol gaýtalamaýarlar. Olar ýagşy--ýaman näme ýüze çyksa, oňa özlerini dahylly hasaplaýarlar. Bolan işi özleri döretmedik hem bolsalar, onuň peýda bolmagyna olar, iň bolmanda, söz bilen, öz maslahatlary bilen dahylly bolmaly. Hiç bir alym aňymyzyň hakykatymyzy döredýändigini subut edip bilmeýär. Ol bir tarapdan bähbide çekýär. Ol öü ynamyňa bolan ynamy artdyrýar. Şonuň üçinem oňa ynanasym gelýär. Durmuşda biz özümizi alyp barşymyzdan, oýlanyşymyzdan tejribe toplaýarys. Ol tejribe hem sapak bolýar.
Eger siz kemçilikleriňiz, artykmaçlyklaryňyz bilen öz dünýäňizi döredýändigiňize ynanmaýan bolsaňyz, özüňizi ýagdaýyň eline berdigiňiz bolar. Siz şemalyň ugruna togalanyp barýan peşmege öwrülersiňiz. Açyk aýdaýyn: eger men şeýle yagdaýa düşen bolsam, özüme başga dünýä, başga medeniýet ýa-da başga saýýar gözlärdim. Bu ýerde daşky güýjüň depgi ýassygy bolup ýaşanyňdan, ýaşamadygyň gowy dälmi?
Jogapkärçiligi boýun almak ukyby, meniň pikirimçe, şahsyň güýjüniň hem paýhasynyň iň gowy terezisidir. Eger siz şowsuzlyga ynanman, gerekli netije gazanjagyňyza mydama bil baglaýan bolsaňyz, jogapkärçiligi boýun alsaňyz, hiç mahal ýitirjek zadyňyz bolman, gaýta, gazanjak zadyňyz bolar. Ynam etmegi mysal edip alsak, ol beýleki mümkinçilikleriň logiki taýdan baglanyşygynyň ygtybarlylygyny berkidýär. Ýagdaýyň jylawyny elde saklasaňyz, mydama ýeňiji bolarsyňyz.
Jon Kennedide-de şeýle ynam bolupdyr. Den Pater bir gezek şeýle diýipdir: «Koçinos aýlagynda bolan ýaramaz wakada Kennedi tutuş Amerikan halkynyň öňünde durup, bolan aýylganç wakanyň bolmaly waka däldigini aýdyp, ol bozgakçylygyň ähli jogapkärçiligini öz boýnuna alýandygyny aýtdy. Şony boýun almak bilen, ol ýaş syýasatçylygyndan milletiň hakyky liderine öwrüldi. Ol her bir beýik lideriň edip biläýjek hereketini etdi. Jogapkärçiligi boýun alýan adam döwleti edara etmäge-de mynasyp adamdyr. Ýagdaýy boýun almaýan adam uly ynama mynasyp däldir».
Şu boýun almak ýörelgesi şahslaryň arasyndaky gatnaşyga-da degişli. Biziň her birimizde kimdir birine öz dostlukly garaýşymyzy beýan etmek ýaly bişow tejribe bar. Biz olary gowy görýändigimizi, olary tolgundyrýan kynçylyklara düşünýändigimizi beýan edýäris. Ýöne olar biziň özlerine degişlilikde edýän gatnaşygymyz ýaly gatnaşyk açmaga derek, başgaça hereket edýärler. Birdenem biz bilen gep alyşmak islemeýän, käte bolsa, duşmançylykly adama öwrülýärler. Şeýle ýagdaý bizde gödeklik etmek, dörän ýakymsyzlyk üçin jogapkärçiligi olaryň üstüne atmak islegini döredýär.
Biziň bu aýgydymyz sadaja çykalga, ýöne ony gatybir dogry hasaplamagam bolmaz. Sebäbi ol aýgydyň öňküdenem ýakymsyz bir wakanyň döremegine sebäp bolmagy ahmaldyr. Oňa garamazdan, maksadyňyzyň şu gatnaşykdan özüňize gerek şol netijäni gazanmak bolandygyny ýatlasaňyz, köşeşip bilersiňiz. Onuň üçin siz sesiňiziň äheňini, hereketiňizi, ýüz sypatyňyzy üýtgetmeli bolarsyňyz. Biz gatnaşygymyzyň maksady diýip, alýan jogabymyzy hasaplaýarys. Hereketiňi üýtgetmek bilen, siz gatnaşygyň hilini hem üýtgedip bilersiňiz. Jogapkärçiligiň garamatyny boýnuňyza almak bilen, gazanýan netijäňiziň hilini-de özgerdip bilersiňiz.
(dowamy bar).