Google-yň aýtmagyna görä, Gemini her soraga jogap bermek üçin bary-ýogy 5 damja suw sarp edýär. Hakykatdan hem şeýlemikä?
Google kompaniýasy Gemini emeli aňynyň daşky gurşawa ýetirýän täsiri barada öz barlagyny çap etdi. Kompaniýa netijeliligiň ýokarlanmagy bilen häzirki modeliň ortaça 0,24 watt sagat elektrik energiýasyny (telewizoryň dokuz sekuntlap işlemegine deň) we bir tekst soragy üçin takmynan 0,26 millilitr suw (bäş damja) sarp edýändigini tassyklaýar...