Google «Gemini-de» wideoçat hyzmatyny tanyşdyrdy: onda çatda wideony ýa-da ekrany görkezip bolar

  • 05.03.2025 11:24
  • 2.8k+

Google kompaniýasy MWC 2025 sergisinde «Project Astra» taslamasynyň iki sany täze aýratynlygyny hödürledi. Mart aýyndan başlap, Gemini emeli aň (EA) kömekçisinden peýdalanýan ulanyjylar smartfonyň ekranyndaky mazmuny onuň bilen paýlaşyp ýa-da gönümel kameradan oňa wideo görkezip, gepleşik geçirip bilerler. Bu barada kompaniýanyň resmi blogunda habar berilýär.

Gemini-niň Android operasion ulgamyndaky interfeýsinde täze düwme peýda bolar – «Live bilen ekrany paýlaş» (Share screen with Live). Bu düwme «Gemini-den sora» (Ask Gemini) tekst meýdanynyň ýokarsynda ýerleşer. Ulanyjy ekrandaky mazmuny EA kömekçisine görkezip başlanda, ol telefon jaňy görnüşindäki interfeýse geçýär we Gemini bilen gönümel söhbetdeşlige başlaýar. Netijede, ekrandaky zatlar hakda sorag berip, EA bilen doly we düşnükli gepleşik alyp barmak mümkin bolar.
Gemini Live funksiýasyny doly ekran görnüşinde hem ulanyp bolar. Şeýle-de ekrany paýlaşmak düwmesiniň gapdalynda ýerleşýän wideoçat düwmesini saýlap, kamera arkaly göni ýaýlyma çykyp bolar. Netijede, wideo smartfonyň ekranyny, tas tutuş diýen ýaly tutar.
Bu aýratynlyklar barada Google ilkinji gezek geçen ýylyň maý aýynda geçirilen Google I/O 2024 konferensiýasynda mälim edipdi. Gemini 2.0-yň dekabr aýyndaky tanyşdyrylyş çäresinde, olar barada has giňişleýin aýdylypdy. Samsung Galaxy S25-iň ýanwar aýyndaky tanyşdyrylyş dabarasynda bolsa käbir aýratynlyklar görkezilipdi.
Gemini Live-yň aýratynlyklaryny mart aýyndan başlap, ilkinji bolup Android enjamlary ulanýanlar we Gemini Advanced abunalary synap bilerler.


16.05.2026 23:58
3.3k+

Claude emeli aňy 11 ýyl ozal gulplanan kripto gapjygy açmaga kömek etdi

X (öňki Twitter) sosial ulgamynda «cprkrn» lakamly ulanyjy Anthropic kompaniýasynyň Claude emeli aň modeliniň kömegi bilen içinde 5 sany bitkoini bolan kripto gapjygyna girmegi başardy. Bu gapjyk mundan 10-11......

05.05.2026 05:26
3.2k+

Emeli aň çagalardaky üns ýetmezçiligi we aşa hereketjeňlik sindromyny has irki tapgyrlarda anyklamagy öwrendi

Alymlar emeli aňyň çagalarda üns ýetmezçiligi we artykmaç hereketjeňlik sindromynyň (ÜÝAHS) alamatlaryny, heniz resmi diagnoz goýulmazyndan birnäçe ýyl öň anyklap bilýändigini subut etdiler....

18.04.2026 12:23
4.2k+

Meýn uly maglumat merkezleriniň gurluşygyny gadagan eden ilkinji ABŞ ştaty bolar

Meýn 2027-nji ýylyň noýabryna çenli 20 megawat we ondan-da köp energiýa sarp edýän täze uly maglumat merkezleriniň gurluşygyny togtadan ilkinji ABŞ ştaty bolmagy meýilleşdirýär. Kanun taslamasy elektrik......

22.03.2026 04:00
3.1k+

Pixel 10 Pro XL batareýasynyň 1000 mAs uly bolmagyna garamazdan, iş wagty boýunça Galaxy S26-dan yza galdy

Pixel 10 Pro XL smartfony batareýasynyň göwrüminiň 1000 mA·sag has uly bolmagyna garamazdan, awtonom işleýiş wagty boýunça Samsung Galaxy S26 modelinden ýeňildi. «GSMArena» çeşmesiniň geçiren synaglaryna görä, Galaxy S26 işjeň tertipde takmynan 15 sagat 20 minut, Pixel 10 Pro XL bolsa 12 sagat 29 minut işlemegi başardy...