Google gowulandyrylan multimodal aýratynlyklary bilen Gemini 2.0-ni döretdi: ondaky aýratynlyklar haýsylar?

  • 16.12.2024 15:15
  • 2.8k+

Google öndürijiligini, tizligini we netijeliligini ýokarlandyrýan täze emeli aň modeli bolan "Gemini 2.0-ni" hödürledi diýip, "The Verge" habar berýär.

EA modeli diňe bir özünden öňki modeliň ähli artykmaçlyklaryny saklamak bilen çäklenmän, eýsem täze mümkinçilikleri hem görkezýär: onda içerki ses we şekilleriň döredilmegi, şeýle hem multimodal funksiýalar bar. Döredijileriň pikiriçe, bu model akylly agentleri döretmek üçin esas bolar.
"Gemini 2.0" öňki 1.5 görnüşiniň ilkinji gezek çykanyndan 10 aý soňra peýda bolýar. Häzir ol synag tapgyrynda elýeterlidir, şeýle-de onuň “Flash" ýeňil 2.0 görnüşi hem bar.
"Google DeepMind-iň" baş direktory Demis Hassabis bu ösüşiň adamyň adyndan dürli wezipeleri özbaşdak ýerine ýetirjek EA agentleriniň köpçülikleýin durmuşa geçirilmegine esas döredjekdigine ynanýar.
Mysal üçin, kosmosda gezmäge, obýektleri gözlemäge we daş-töweregi duýmak bilen baglanyşykly beýleki meseleleri ýerine ýetirmäge kömek edýän wizual ulgam bolan “Astra” taslamasynyň mümkinçilikleri giňelder. Mundan başga-da, "Google" Chrome brauzeri üçin  Project Mariner barlag synagyny giňeltdi. Ol köp web meselelerini awtomatlaşdyrmaga kömek eder. Başga bir mysal, programmistlere kodundaky ýalňyşlyklary tapmaga we düzetmäge kömek etmek üçin döredilen Jules agentidir.
Model gözleg we Workspace platformasy ýaly kompaniýanyň esasy hyzmatlaryna birleşdiriler. Mysal üçin, “Google Search-de" eýýäm milliarddan gowrak adam tarapyndan ulanylýan “AI Overviews” aýratynlygy gowulaşar.
Birnäçe aýratyn we tapawutly önümleri çykarmagyň ýerine "Google" bu modeli ählumumy etmäge gönükdirýär.
Şeýle-de bolsa, howpsuzlyk nukdaýnazaryndan EA agentleriniň köpçülikleýin ulanylmagy hünärmenleriň arasynda alada döredýär. Hassabis izolirlenen şertlerde synag ýaly has köp gözlegiň zerurdygyny nygtaýar.
Gemini 2.0 indi Gemini web programmasynda synagdan geçirilip bilner. Geljek ýylyň başynda bu model beýleki "Google" önümlerine birleşdirilip, bütin internetde elýeterli edilmegi meýilleşdirilýär diýip, 
hightech.plus ýazýar.


05.05.2026 05:26
3.1k+

Emeli aň çagalardaky üns ýetmezçiligi we aşa hereketjeňlik sindromyny has irki tapgyrlarda anyklamagy öwrendi

Alymlar emeli aňyň çagalarda üns ýetmezçiligi we artykmaç hereketjeňlik sindromynyň (ÜÝAHS) alamatlaryny, heniz resmi diagnoz goýulmazyndan birnäçe ýyl öň anyklap bilýändigini subut etdiler....

18.04.2026 12:23
4.2k+

Meýn uly maglumat merkezleriniň gurluşygyny gadagan eden ilkinji ABŞ ştaty bolar

Meýn 2027-nji ýylyň noýabryna çenli 20 megawat we ondan-da köp energiýa sarp edýän täze uly maglumat merkezleriniň gurluşygyny togtadan ilkinji ABŞ ştaty bolmagy meýilleşdirýär. Kanun taslamasy elektrik......

22.03.2026 04:00
3.1k+

Pixel 10 Pro XL batareýasynyň 1000 mAs uly bolmagyna garamazdan, iş wagty boýunça Galaxy S26-dan yza galdy

Pixel 10 Pro XL smartfony batareýasynyň göwrüminiň 1000 mA·sag has uly bolmagyna garamazdan, awtonom işleýiş wagty boýunça Samsung Galaxy S26 modelinden ýeňildi. «GSMArena» çeşmesiniň geçiren synaglaryna görä, Galaxy S26 işjeň tertipde takmynan 15 sagat 20 minut, Pixel 10 Pro XL bolsa 12 sagat 29 minut işlemegi başardy...

17.03.2026 10:29
923

Google Maps-de üç ölçegli ugur almak tertibi we Gemini çat-boty peýda boldy

Google kompaniýasy soňky on ýylyň dowamynda Google Maps goşundysyndaky awtomobil nawigasiýasynyň iň uly täzelenmesini hödürledi. Täze «Immersive Navigation» režimi adaty tekiz kartanyň deregine töwerekdäki giňişligiň üç ölçegli görnüşini hödürleýär...