Google Gemini suratlary «fotoşoplamagy» öwrendi

  • 04.05.2025 15:14
  • 5.6k+

Gemini çat-boty suratlary işläp taýýarlamak üçin täze mümkinçiliklere eýe boldy. Google öz blogynda täze algoritmiň nämeler edip bilýändigi barada düşündirdi.

Suratlary üýtgetmek üçin indi diňe çat-bot bilen adaty dilde gürleşmek ýeterlik. Mysal üçin, indi neýrotordan suratyň arkasyndaky fonuň üýtgedilmegini, suratdaky obýektiň başga bir ýere geçirilmegini ýa-da surata täze elementleriň goşulmagyny haýyş edip bolýar. Google tarapyndan neşir edilen mysalda, ite kepkanyň geýdirilendigini we onuň ýaşyl otlukdan ýerden kenara geçirilendigini görmek bolýar.

«Mysal üçin, siz öz suratyňyzy ýükläp, saçyňyzyň dürli reňklerde nähili görünjekdigi barada surat döretmegini Gemini-den haýyş edip bilersiňiz. Ýa-da aždarhalar baradaky ertekiniň ilkinji taslamasyny taýýarlamagyny we bu hekaýany suratlar bilen üpjün etmegini sorap bilersiňiz» — diýip, Google düşündirýär.

Redaktoryň ýaramaz maksatlar üçin ulanylmagynyň öňüni almak üçin, Google emeli aňdan peýdalanylandygyny görkezýän, görünmeýän suw nyşanlary (watermark) tehnologiýasyny döretdi. Şeýle-de kompaniýa bu neýrotoryň döreden suratlarynyň hemmesine suw nyşanlaryny ýerleşdirmegiň mümkinçiliklerini hem öwrenýär. Täze mümkinçilikler häzirki wagtda diňe käbir ulanyjylar üçin elýeterli, ýöne birnäçe hepdäniň dowamynda, Gemini elýeterli bolan ähli ýurtlara ýaýradylyp, 45-den gowrak dile terjime ediler.


25.06.2026 14:57
1k+

Google kino älemine ilkinji gezek maýa goýup, «A24» studiýasynyň paýyny satyn alýar

Google tehnologiýa ägirdi we "A24" meşhur garaşsyz kino studiýasy strategik hyzmatdaşlyk barada ylalaşyk baglaşandyklaryny resmi taýdan yglan etdiler....

25.06.2026 10:21
4.4k+

Özbegistanda emeli aň tutuş mähelläniň meselelerini çözmäge kömek eder

Özbegistanda mähellelerdäki iň derwaýys meseleleri ýüze çykarmak we olary çözmek boýunça çalt çäreleri görmek üçin emeli aň esasly ulgam ornaşdyrylar. Degişli teklipler ýurduň prezidenti Şawkat Mirziýoýewe......

19.06.2026 19:53
2.4k+

Google gurluşykçy we elektrik hünärleri okuwyna $50 mln gönükdirmekçi

Google kompaniýasy «Google.org» gaznasy arkaly ABŞ-nyň 20-den gowrak ştatynda işçi hünärleri boýunça okuw maksatnamalaryna 50 million dollar gönükdirer. Kompaniýa bu taslamanyň çäginde 300 müňden gowrak......

17.06.2026 11:11
1.4k+

Özbegistanda baýragy 100 müň dollara çenli bolan EA startaplarynyň bäsleşigi döredildi

Özbegistanyň Ministrler Kabineti «Emeli aň ulgamynda iň gowy startap» adyny almak ugrundaky her ýylky «President AI Award» bäsleşigini geçirmegiň resminamasyny tassyklady....