Google-yň Gemini emeli aňy indi birbada birnäçe programma bilen işläp bilýär

  • 25.01.2025 15:35
  • 2k+

Google kompaniýasy Gemini emeli aň kömekçisiniň mümkinçiliklerini giňeldip, oňa birbada birnäçe programmalar bilen işleşip, çylşyrymly ýumuşlary ýerine ýetirmegi öwretdi. Täze funksiýa barada Samsung Galaxy S25 smartfonlarynyň çykmagy bilen yglan edildi. Bu smartfonlarda Gemini esasy kömekçi bolar diýip, The Verge habar berýär.

Indi Gemini has çylşyrymly işleri ýerine ýetirip bilýär. Mysal üçin, ol itler bilen baryp boljak restorany tapyp, maglumaty dostuňa iberip biler ýa-da gowy görýän toparyň oýunlarynyň tertibini tapyp, ony senenama goşup biler. Bularyň ählisi üçin ulanyjynyň bir gezek ýüzlenmegi ýeterlik.
Mundan öň birnäçe programma bilen aragatnaşyk etmek käbir Google programmalaryny öz içine alýan Gemini giňeltmeleri arkaly mümkindi, häzir bu programmalaryň sanawyna Samsung-yň S25 üçin Samsung Calendar, Notes, Reminder we Clock ýaly programmalary hem goşuldy. Bir wagtda birnäçe Gemini giňeltmesini ulanmak mümkinçiligi ähli Android, iOS ulanyjylary we brauzer arkaly elýeterlidir.
Gemini Live ses režimi hem täzelendi, ýöne häzirlikçe diňe Galaxy S25, S24 we Google Pixel 9 üçin elýeterli. Bu gurluşlary ulanyjylar suratlary, faýllary we wideolary Gemini bilen çata iberip, jogap we maglumat alyp biler. Geljekde ekrany bilelikde ulanmak we wideony hakyky wagtda görkezmek ýaly täze mümkinçilikler hem peýda bolar.
Şeýle-de, Circle to Search (“Gözlemek üçin daşyny çyzmak”) funksiýasy kämilleşdirildi, ol indi telefon belgilerini, elektron poçta salgylaryny we salgylanmalary awtomatik kesgitleýär.
Google Braýl displeýlerini we eşidiş enjamlaryny Android gurluşlaryna birikdirmegi hem aňsatlaşdyryp, tehnologiýany mümkinçiligi çäkli adamlar üçin has elýeterli etdi.


07.03.2026 17:10
790

OpenAI GPT-5.4-i tanyşdyrdy: Kontekst penjiresi bir million tokene çenli giňeldildi

OpenAI kompaniýasy özüniň täze GPT-5.4 dil modelini tanyşdyrdy. Işläp düzüjiler çylşyrymly meseleleri çözmäge, programirlemäge we dürli gurallar bilen işlemäge has uly üns berip, emeli aň ulgamlarynyň hataryny ösdürmegi dowam edýärler...

06.03.2026 12:05
2.5k+

GPT-5.4-de adatdan daşary pikirleniş režimi peýda bolar

GPT-5.4 modelinde çylşyrymly soraglary işlemek üçin ýörite režimiň peýda bolmagy mümkin. Bu barada "The Information" neşiri habar berýär. Çeşmäniň berýän maglumatyna görä, şeýle tertipde model çylşyrymly logikany we jikme-jik seljermäni talap edýän meseleleri çözmek üçin has köp wagt we hasaplama serişdelerini ulanar...

27.02.2026 21:33
8.3k+

Google Nano Banana 2-ni tanyşdyrdy: 4K çözgüdi we Gemini-niň ähli bilimleri indi elýeterli

Google kompaniýasy özüniň täze Nano Banana 2 neýroulgamyny tanyşdyrdy. Işläp düzüjiler bu täze önümi "şekillendiriş pudagynda iň döwrebap we ösen model" diýip atlandyrýarlar. Bu tehnologiýa ýakyn wagtda korporasiýanyň ähli serwislerine we hyzmatlaryna ornaşdyrylar...

21.02.2026 17:41
1.6k+

Gemini 3.1 Pro bäsdeşlerinden has akylly we ep-esli arzan bolup çykdy

Google kompaniýasy gysga jogap däl-de, çylşyrymly logiki pikirlenmegi talap edýän ýumuşlar üçin niýetlenen täze Gemini 3.1 Pro emeli aň modelini hödürledi. Model programmalary ýazmaga, ylmy barlaglar geçirmäge we hatda animasiýalary döretmäge-de ukyplydyr...