DeepSeek bir hepdede Gemini-niň yzyndan ýetip, dünýäde ikinji meşhur çat-bot boldy

  • 05.02.2025 13:41
  • 2.4k+

Hytaýyň DeepSeek kompaniýasynyň EA modeli Google Gemini bilen Character AI-iň yzyndan ýetip, dünýäde ikinji meşhur çat-bot boldy. Bir hepdäniň dowamynda platformanyň trafigi 614% artdy, girýän ulanyjylaryň sany bolsa her gün 49 mln görkezijisine ýetdi diýip, PCMag habar berýär.

Bir aý mundan ozal platforma girýänleriň sany bir günde, takmynan, 300 müňdi, ýöne ýanwar aýynda kompaniýa uly böküşi başdan geçirdi – auditoriýa 33,4 mln ulanyja çenli giňeldi.
Similarweb çeşmesiniň maglumatlaryna görä, platformanyň umumy trafigi henizem bazaryň öňdebaryjysy bolan ChatGPT-den yza galýar, bu EA platformasyna girýän ulanyjylaryň sany günde 130 milliondan geçýär.
Analitikler DeepSeek-iň okgunly üstünligini V3 modeliniň çykarylmagy bilen baglanyşdyrýar. Bu modeliň okadylmagy üçin kompaniýa 5,5 mln dollar sarp etdi, bu bolsa ABŞ-daky şeýle çözgütler üçin çykdajylardan ep-esli azdyr, mümkinçilikleri bolsa ChatGPT bilen deňleşip bilýär. Modeli erkin ýükläp, ýerli serwerlerde hem işletmek bolýar. Bu ony bulut hyzmatlaryna bil baglamak zerurlygy bolmazdan, EA tehnologiýalaryny ornaşdyrmak isleýän guramalar üçin özüne çekiji edýär.
Üstünliklere garamazdan, täze hytaý taslamasy OpenAI ýaly uly oýunçylar tarapyndan güýçli bäsdeşlik we gizlinlik hem senzura babatynda barha artýan soraglar bilen ýüzbe-ýüz bolýar. 


şu gün 19:53
1.2k+

Gazagystanda emeli aň sebäpli 400 müň iş orny gysgaldylar

Gazagystanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrliginiň birinji wise-ministri Ýerbol Tuýakbaýewiň senatda geçiren brifinginde beren beýanaty boýunça, ýurtda geljek 10 ýylyň içinde emeli aňyň......

13.05.2026 15:09
4.3k+

Angilýa adasy .ai domeni arkaly onlarça million dollar gazanýar

Karib deňzindäki Angilýa adasy emeli aňyň dünýä derejesindäki meşhurlygynyň artmagy bilen býujet girdejileriniň birden köpelmegini hasaba aldy. Muňa garamazdan, adanyň özi tehnologik merkez hasaplanmaýar: bu......

12.05.2026 18:27
1.6k+

Anthropiс dürli din wekilleri bilen emeli aňyň ahlagy hakda maslahatlaşdy

Anthropic kompaniýasy özüniň Claude çat-botuny ösdürmekde ulanylyp bilinjek ahlak ýörelgeleri ara alyp maslahatlaşmak üçin dünýäniň dürli din wekilleri bilen birnäçe duşuşyk geçirdi....

08.05.2026 11:11
3.4k+

Iri neşirýatlar kitap ogrusy hökmünde Mark Sukerbergi kazyýete berdiler

Dünýäniň iň uly bäş neşirýaty (Elsevier, Cengage, Hachette, Macmillan we McGraw Hill) we tanymal ýazyjy Skott Turou Meta-ny kazyýete berdi. Olar Mark Sukerbergi we onuň kompaniýasyny «Llama» atly emeli......