Google Gemini "Pokémon Blue" oýnuny üstünlikli tamamlady

  • 08.05.2025 16:38
  • 1.8k+

Google-yň Gemini 2.5 Pro emeli aňy 1996-njy ýylda çykan Pokémon Blue oýnuny üstünlikli tamamlady.

Gemini Plays Pokémon atly taslamany Google bilen baglanyşykly bolmadyk programmist gurady. Görkezilen oýun kompaniýanyň ýolbaşçylarynyň, şol sanda baş direktor Sundar Piçainiň  ünsüni özüne çekdi, ol bu üstünligi sosial ulgamlarda örän täsirli diýip atlandyrdy.
Gemini oýny özbaşdak oýnamady. AI oýnuň goşmaça tekst düşündirişli ekran suratlaryny aldy. Bu maglumatlar oňa gahrymanyň ýagdaýyna, daş-töweregindäki ýagdaýa we nähili hereket edip boljakdygyna düşünmäge kömek etdi. Şolary seljermegiň esasynda AI hereket etmelimi ýa-da hüjümi saýlap bildi. Ýaýlymy alyp baran programmist çözgütleri aýdyp kömek etmeýändigini aýtdy. Ol diňe tehniki bökdençlikleri düzedip durdy, mysal üçin tabşyryklaryň birinde açarly meseläni çözdi.

Şuňa meňzeş synag öň Claude от Anthropic modeli bilen geçirilipdi. Emma Claude oýny tamamlap bilmedi. Gemininiň ýeňşi gyzyklanma döretdi, ýöne modelleri gönüden-göni deňeşdirmek adalatly däl, sebäbi olar dürli gurallary ulanýarlar we öwrenmeklige dürlüçe çemeleşýärler.
Taslama AI-niň diňe hasaplamalary ýerine ýetirmek bilen çäklenmän, eýsem strategiýa we oýun mehanikasyna düşünmegi talap edýän meseleleri çözmäge ukyplydygyny görkezýär. Bu tehnologiýalaryň bäsleşigi däl, eýsem erkinlikde we amatly gurşawda neýroulgamlaryň nädip ösüp biljekdigini görkezýän synagdyr.
Geljekde taslamany dowam etdirmegi meýilleşdirýärler. Belki, Gemini beýleki nusgawy oýunlary-da özleşdirmäge synanyşar. Bu üstünlik AI-niň ýönekeý hasaplamalaryň çäginden çykýan başga-da çylşyrymly meseleleri çözmäge mümkinçiliginiň bardygyny görkezýär we tehnologiýalary ösdürmegiň täze geljegini açýar.


düýn 19:53
1.1k+

Google gurluşykçy we elektrik hünärleri okuwyna $50 mln gönükdirmekçi

Google kompaniýasy «Google.org» gaznasy arkaly ABŞ-nyň 20-den gowrak ştatynda işçi hünärleri boýunça okuw maksatnamalaryna 50 million dollar gönükdirer. Kompaniýa bu taslamanyň çäginde 300 müňden gowrak......

17.06.2026 11:11
1.3k+

Özbegistanda baýragy 100 müň dollara çenli bolan EA startaplarynyň bäsleşigi döredildi

Özbegistanyň Ministrler Kabineti «Emeli aň ulgamynda iň gowy startap» adyny almak ugrundaky her ýylky «President AI Award» bäsleşigini geçirmegiň resminamasyny tassyklady....

16.06.2026 12:35
6.1k+

Hindistanda öý hojalykçy aýallar we işçiler emeli aň üçin wideo düşürip gazanç edýärler

Hindistanda emeli aň robotlaryny gündelik işleriň ýerine ýetirilişini wideo ýazgy etmek arkaly okatmaga kömek edýän işçilere bolan isleg artýar. Şeýle iş üçin maksatnamanyň gatnaşyjylary sagadyna 3 dollardan......

11.06.2026 23:59
7.1k+

Howlukmaçlyk edilipdir: kompaniýalar emeli aň sebäpli boşadan işgärlerini yzyna çagyrýarlar

Işewürlik dünýäsi «EA-bumerang» diýlip atlandyrylýan garaşylmadyk täze bir ýagdaý bilen ýüzbe-ýüz boldy. Emeli aňy ornaşdyrmak we işi awtomatlaşdyrmak üçin işgärlerini köpçülikleýin işden çykaran kompaniýalar......