Google iň akylly emeli aň modeli bolan "Gemini 2.5 Pro-ny" hödürledi

  • 29.03.2025 11:51
  • 1.8k+

Google kompaniýasy iň ösen emeli aň modeli bolan Gemini 2.5 Pro-ny tanyşdyrdy. Bu modeliň esasy aýratynlygy – jogap bermezden ozal pikirlenmegidir. Bu ony has takyklaşdyrýar we intellektual taýdan has-da güýçli edýär diýip, Google-yň resmi blogunda mälim edilýär.

Täze wersiýa öňki modeller bilen deňeşdirilende maglumat seljermekde, programmirlemekde we çylşyrymly meseleleri çözmekde has ýokary netijeleri görkezýär. Geçirilen synaglaryň ençemesinde, Gemini 2.5 Pro beýleki emeli aň modelleriniň arasynda iň gowy görkezijileri gazandy. Esasanam web goşundylaryny döretmekde we kod redaktirlemekde uly ösüş gazanyldy. Häzirki wagtda modeliň kontekst penjiresi 1 million token, ýöne Google muny 2 million tokene çenli artdyrmagy meýilleşdirýär.
Emeli aň modeli häzirlikçe synag görnüşinde tölegli abunalyga ýazylanlar we işläp düzüjiler üçin elýeterli. Öňümizdäki hepdelerde Gemini 2.5 Pro modeli Vertex AI platformasynda peýda bolar, ondan soň Google korporatiw ulanyjylar üçin bahalandyryş syýasatyny hödürlär.


11.06.2026 23:59
6k+

Howlukmaçlyk edilipdir: kompaniýalar emeli aň sebäpli boşadan işgärlerini yzyna çagyrýarlar

Işewürlik dünýäsi «EA-bumerang» diýlip atlandyrylýan garaşylmadyk täze bir ýagdaý bilen ýüzbe-ýüz boldy. Emeli aňy ornaşdyrmak we işi awtomatlaşdyrmak üçin işgärlerini köpçülikleýin işden çykaran kompaniýalar......

11.06.2026 14:00
2.5k+

Google ulanyjylary Chrome-y gyssagly täzelemäge çagyrýar

Google kompaniýasy Chrome brauzerinde howply gowşaklygy tapdy we ulanyjylara iň soňky howpsuzlyk täzelenmesini mümkin boldugyça gyssagly gurnamagy maslahat berýär. Bu 2026-njy ýylyň başyndan bäri ýüze......

03.06.2026 18:12
6.8k+

Google çybynlaryň sanyny azaltmak üçin tebigata 32 million çybyn goýberer

Google kompaniýasy çybynlar arkaly ýaýraýan kesellere garşy göreşmek maksady bilen, Kaliforniýada we Floridada ýörite işlenilen 32 milliona çenli çybyny tebigata goýbermegi göz öňünde tutýan taslamany durmuşa......

03.06.2026 15:15
3.6k+

Türkmenistanyň Gümrük gullugy «Bir penjire» ulgamyna emeli aňy girizdi

Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy «Eksport-import amallary üçin bir penjire» web-portalyna (tradebridge.gov.tm) emeli aň tehnologiýasyny goşdy. Bu täze tehnologik mümkinçilik 2026-njy ýylyň 1-nji iýunyndan......