Gemini kömekçisini indi Android-de ekrany blokdan açmazdan ulanyp bolýar

  • 06.02.2025 19:20
  • 4.4k+

Google öz Gemini akylly kömekçisini täzeläp, Android-iň gulplanan ekranynda Extensions goldawyny goşdy. Indi ulanyjylar ýumuşlary smartfony gulpdan açmak zerurlygy bolmazdan ýerine ýetirip biler diýip, Android Authority habar berýär.

Extensions funksiýasy Gemini kömekçisine Flights, Maps we Gmail ýaly Google hyzmatlaryndan hem-de beýleki programmalardan şahsylaşdyrylan maglumatlary almaga kömek edýär. Şonuň netijesinde ulanyjy el bilen gözlemek üçin wagt sarp etmän, soraglaryna çalt jogap alyp bilýär. Mysal üçin, dükanyň iş wagtyny bilmek, golaýdaky restorany tapmak ýa-da bron etmegiň ädimlerini görmek bolar.
Gulplanan ekranda Extensions-y işletmek üçin şu aşakdakylar zerur:

  1. Gemini sazlamalaryny açmaly.
  2. “Gulplanan ekranda Gemini” bölümine geçmeli.
  3. “Gemini-ni gulpdan açmazdan ulanmak” opsiýasyny işletmeli.

Şondan soň Gemini-ni “Hey Google” ses buýrugynyň kömegi ýa-da öçürmek-ýakmak düwmesini (Pixel ulanyjylary üçin) dowamly basmak bilen işjeňleşdirmek bolýar.
Google soraglaryň köpüsiniň gulpy açmazdan işlejekdigini, ýöne senenama wakalary ýa-da Gmail-iň mazmuny ýaly şahsy maglumatlara girmek üçin ulgamyň şahsyýeti tassyklamagy sorajakdygyny belleýär.
Diňe aýda 20 dollara Gemini Advanced ýazylyşygy bilen elýeterli bolan Gems ýa-da sesli çat ýaly beýleki funksiýalardan tapawutlylykda, gulplama ekranynda Extensions-y ulanmak mümkinçiligi Gemini-ni ulanyjylaryň hemmesi üçin açykdyr.


04.06.2026 11:54
1.8k+

Duolingo ulanyjylara iň uzak okuw seriýasyny yzyna gaýtarmaga rugsat berdi

Daşary ýurt dillerini öwrenmek üçin niýetlenen "Duolingo" hyzmaty ulanyjylara ýitiren iň uzyn gündelik okuw seriýasyny dikeltmäge mümkinçilik berýän ýörite aksiýany ýola goýdy. Bu başlangyç köp günlük okuw......

03.06.2026 18:12
6.4k+

Google çybynlaryň sanyny azaltmak üçin tebigata 32 million çybyn goýberer

Google kompaniýasy çybynlar arkaly ýaýraýan kesellere garşy göreşmek maksady bilen, Kaliforniýada we Floridada ýörite işlenilen 32 milliona çenli çybyny tebigata goýbermegi göz öňünde tutýan taslamany durmuşa......

03.06.2026 15:15
3.4k+

Türkmenistanyň Gümrük gullugy «Bir penjire» ulgamyna emeli aňy girizdi

Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy «Eksport-import amallary üçin bir penjire» web-portalyna (tradebridge.gov.tm) emeli aň tehnologiýasyny goşdy. Bu täze tehnologik mümkinçilik 2026-njy ýylyň 1-nji iýunyndan......

28.05.2026 09:06
3.2k+

OpenAI emeli aň howpsuzlygy boýunça barlagçy wezipesine adam gözleýär – zähmet haky ýylda 445 müň dollar

OpenAI kompaniýasy emeli aňyň howpsuzlygy boýunça barlagçy wezipesine ýylda 445 müň dollara çenli aýlyk hakly iş ornuny açdy....