Gemini emeli aňy indi sagatlarda, telewizorlarda we awtomobillerde peýda bolar

  • 16.05.2025 18:27
  • 3.4k+

Google kompaniýasy Gemini emeli aň kömekçisini öz ekoulgamyna girizmegi meýilleşdirýär. Ýakyn aýlarda ol Google TV, Android Auto, Wear OS bolan gurluşlarda, şeýle-de Android XR esasly garyşyk hakykat garnituralarynda peýda bolar.

Işläp düzüjileriň blogunda habar berlişi ýaly, Gemini şu ýylyň dowamynda Google TV ulgamyna goşular. Ulanyjylar, mysal üçin, çagalaryň ýaşyna laýyk gelýän filmleri maslahat bermegi ýa-da birinji synp okuwçysyna Gün ekoulgamy barada gürrüň bermegi sorap biler. Algoritm hem gysgaça düşündiriş bilen jogap berer ýa-da YouTube-da degişli wideolary teklip eder.
Android Auto-da Gemini ulgamy Google Assistant-iň ornuny tutar ýa-da onuň üstüni ýetirer. Ol soraglara tebigy dilde düşünip biler, bu hem hereket wagty ulanmagy aňsatlaşdyrar. Mysal üçin, kömekçi elektromobil üçin golaýdaky zarýad stansiýasyny tapar ýa-da täze habarlary jemlär. Emeli aňyň Android Auto ulgamyna hem ýakyn aýlarda goşulmagyna garaşylýar.
Wear OS sagatlarynda Gemini ulanyjylara çylşyrymly buýruklary saýlamazdan ýa-da tekst ýazmazdan ses kömekçisi bilen gürleşmäge mümkinçilik berer. Bu, aýratynam, türgenleşik wagty ýa-da ýolda has amatlydyr.
EA kömekçisi Samsung kompaniýasy tarapyndan işlenip taýýarlanýan Android XR esasly ilkinji garnitura hem giriziler. Bu gurluşda Gemini-niň ýylyň ahyryna çenli elýeterli bolmagyna garaşylýar. 


16.05.2026 23:58
2.8k+

Claude emeli aňy 11 ýyl ozal gulplanan kripto gapjygy açmaga kömek etdi

X (öňki Twitter) sosial ulgamynda «cprkrn» lakamly ulanyjy Anthropic kompaniýasynyň Claude emeli aň modeliniň kömegi bilen içinde 5 sany bitkoini bolan kripto gapjygyna girmegi başardy. Bu gapjyk mundan 10-11......

05.05.2026 05:26
3.2k+

Emeli aň çagalardaky üns ýetmezçiligi we aşa hereketjeňlik sindromyny has irki tapgyrlarda anyklamagy öwrendi

Alymlar emeli aňyň çagalarda üns ýetmezçiligi we artykmaç hereketjeňlik sindromynyň (ÜÝAHS) alamatlaryny, heniz resmi diagnoz goýulmazyndan birnäçe ýyl öň anyklap bilýändigini subut etdiler....

18.04.2026 12:23
4.2k+

Meýn uly maglumat merkezleriniň gurluşygyny gadagan eden ilkinji ABŞ ştaty bolar

Meýn 2027-nji ýylyň noýabryna çenli 20 megawat we ondan-da köp energiýa sarp edýän täze uly maglumat merkezleriniň gurluşygyny togtadan ilkinji ABŞ ştaty bolmagy meýilleşdirýär. Kanun taslamasy elektrik......

22.03.2026 04:00
3.1k+

Pixel 10 Pro XL batareýasynyň 1000 mAs uly bolmagyna garamazdan, iş wagty boýunça Galaxy S26-dan yza galdy

Pixel 10 Pro XL smartfony batareýasynyň göwrüminiň 1000 mA·sag has uly bolmagyna garamazdan, awtonom işleýiş wagty boýunça Samsung Galaxy S26 modelinden ýeňildi. «GSMArena» çeşmesiniň geçiren synaglaryna görä, Galaxy S26 işjeň tertipde takmynan 15 sagat 20 minut, Pixel 10 Pro XL bolsa 12 sagat 29 minut işlemegi başardy...