Google Gemini söhbetdeşlikleri ýadynda saklap başlady

  • 17.02.2025 15:15
  • 1.6k+

Google öz Gemini emeli aň (EA) kömekçisine täze funksiýa goşdy. Bu funksiýa EA kömekçisine öňki söhbetdeşlikleri ýatda saklamaga we şol maglumatlary soňky jogaplarynda ulanmaga mümkinçilik berýär. Häzirki wagtda bu täzelik Gemini-niň iňlis dilindäki web wersiýasynda we mobil goşundysynda elýeterlidir diýip, Google-yň resmi blogynda mälim edilýär.

Täzelenme diňe «Google One AI Premium» abunalaryna hödürlenýär. Olar indi EA bilen söhbetdeş bolanlarynda, öň aýdylan zatlary ýene gaýtadan düşündirmezden, söhbetdeşliklerini dowam etdirip bilerler. Şunuň ýaly tehnologiýalar beýleki EA çat-botlarda eýýämden ulanylýar. Mysal üçin, ChatGPT hem öňki söhbetdeşliklerdäki jikme-jikleri ýatda saklap, ulanyjylaryň isleglerine görä jogap berip bilýär.
Täze funksiýa diňe konteksti ýatda saklamak bilen çäklenmän, ulanyjylara geçen söhbetdeşlikleriň gysgaça jemini soramaga hem mümkinçilik berýär. Bu aýratynlyklar maglumatlar bilen işleşmegi aňsatlaşdyryp, Gemini-ni uzak möhletleýin meseleler üçin has amatly gurala öwürýär. Meselem, ulanyjy öz soraglaryndaky üýtgeşmeleri yzarladyp ýa-da öň maslahatlaşylan pikirleri çalt ýatladyp bilýär.
Google öňümizdäki hepdelerde bu funksiýanyň dil goldawyny giňeltmegi we ony «Google Workspace Business» hem-de «Enterprise» ýaly korporatiw (edara görnüşli taraplar üçin niýetlenen) nyrhnamalara goşmagy meýilleşdirýär.


22.03.2026 04:00
2.5k+

Pixel 10 Pro XL batareýasynyň 1000 mAs uly bolmagyna garamazdan, iş wagty boýunça Galaxy S26-dan yza galdy

Pixel 10 Pro XL smartfony batareýasynyň göwrüminiň 1000 mA·sag has uly bolmagyna garamazdan, awtonom işleýiş wagty boýunça Samsung Galaxy S26 modelinden ýeňildi. «GSMArena» çeşmesiniň geçiren synaglaryna görä, Galaxy S26 işjeň tertipde takmynan 15 sagat 20 minut, Pixel 10 Pro XL bolsa 12 sagat 29 minut işlemegi başardy...

17.03.2026 10:29
860

Google Maps-de üç ölçegli ugur almak tertibi we Gemini çat-boty peýda boldy

Google kompaniýasy soňky on ýylyň dowamynda Google Maps goşundysyndaky awtomobil nawigasiýasynyň iň uly täzelenmesini hödürledi. Täze «Immersive Navigation» režimi adaty tekiz kartanyň deregine töwerekdäki giňişligiň üç ölçegli görnüşini hödürleýär...

07.03.2026 17:10
906

OpenAI GPT-5.4-i tanyşdyrdy: Kontekst penjiresi bir million tokene çenli giňeldildi

OpenAI kompaniýasy özüniň täze GPT-5.4 dil modelini tanyşdyrdy. Işläp düzüjiler çylşyrymly meseleleri çözmäge, programirlemäge we dürli gurallar bilen işlemäge has uly üns berip, emeli aň ulgamlarynyň hataryny ösdürmegi dowam edýärler...

06.03.2026 12:05
2.7k+

GPT-5.4-de adatdan daşary pikirleniş režimi peýda bolar

GPT-5.4 modelinde çylşyrymly soraglary işlemek üçin ýörite režimiň peýda bolmagy mümkin. Bu barada "The Information" neşiri habar berýär. Çeşmäniň berýän maglumatyna görä, şeýle tertipde model çylşyrymly logikany we jikme-jik seljermäni talap edýän meseleleri çözmek üçin has köp wagt we hasaplama serişdelerini ulanar...