Galaxy Watch 8 sagatlary Gemini emeli aňy bilen işleýän ilkinji sagatlar bolar

  • 09.07.2025 09:54
  • 2.7k+

Samsung-yň Galaxy Watch 8 akylly sagatlary Google-yň Gemini emeli aňy bilen işleýän ilkinji Wear OS dolandyryşly enjamlar bolar. Bu barada Android Headlines neşiri internetde peýda bolan degişli mahabat suratlaryna salgylanyp habar berýär.

Insider Roland Kwandtyň berýän maglumatyna görä, Galaxy Watch 8 Classic modeliniň ekranynda “Ask Google Gemini” (Google Gemini-den sora) funksiýasy görkezilýär.
Samsung bu sagatlaryň üç görnüşini eýýäm şu gün, 9-njy iýulda geçiriljek Unpacked çäresinde hödürlemegi meýilleşdirýär. Şol ýerde Wear OS ulgamyna Gemini emeli aňynyň resmi taýdan goşulmagynyň yglan edilmegine garaşylýar.
Samsung adaty boýunça Google-yň geýilýän enjamlara niýetlenen operasion ulgamlarynyň ilkinji ulanyjysy bolýar. Mundan ozal hem ilkinji bolup Wear OS 4, Wear OS 5 we Google Assistant ýaly hyzmatlary alypdy.
Kompaniýadan bu maglumat boýunça entek resmi tassyklama ýok. Şeýle-de bolsa, täze mümkinçilikleriň peýda bolmagy köplenç yglan edilenden birnäçe aý soň amala aşyrylýar – öňki tejribeler muňa şaýat.


03.06.2026 18:12
5.8k+

Google çybynlaryň sanyny azaltmak üçin tebigata 32 million çybyn goýberer

Google kompaniýasy çybynlar arkaly ýaýraýan kesellere garşy göreşmek maksady bilen, Kaliforniýada we Floridada ýörite işlenilen 32 milliona çenli çybyny tebigata goýbermegi göz öňünde tutýan taslamany durmuşa......

03.06.2026 15:15
3.2k+

Türkmenistanyň Gümrük gullugy «Bir penjire» ulgamyna emeli aňy girizdi

Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy «Eksport-import amallary üçin bir penjire» web-portalyna (tradebridge.gov.tm) emeli aň tehnologiýasyny goşdy. Bu täze tehnologik mümkinçilik 2026-njy ýylyň 1-nji iýunyndan......

28.05.2026 09:06
3.2k+

OpenAI emeli aň howpsuzlygy boýunça barlagçy wezipesine adam gözleýär – zähmet haky ýylda 445 müň dollar

OpenAI kompaniýasy emeli aňyň howpsuzlygy boýunça barlagçy wezipesine ýylda 445 müň dollara çenli aýlyk hakly iş ornuny açdy....

18.05.2026 14:48
3.9k+

Tehasda ilkinji gezek maglumat merkezleriniň gurluşygyna wagtlaýyn gadagançylyk girizildi

Tehas ştatynyň Hill okrugynyň ygtyýarlylar geňeşi oba ýerlerinde maglumat merkezleriniň gurluşygyny bir ýyl möhlet bilen togtatmak baradaky karary goldap ses berdi. Bu karar ştatyň taryhynda şeýle görnüşdäki......