Türkmenistanyň wekiliýeti owgan meselesi boýunça gepleşiklere gatnaşmak üçin Hytaýda saparda bolar

  • 29.03.2022 08:05
  • 6.6k+

Owganystanyň goňşy ýurtlarynyň daşary işler ministrleriniň nobatdaky üçünji duşuşygyna we «Owganystanyň goňşy ýurtlary+Owganystan» dialogynyň işine gatnaşmak üçin Türkmenistanyň wekiliýeti 29 — 31-nji martda Hytaý Halk Respublikasynyň Huanşan şäherinde gulluk iş saparynda bolar. Bu baradaky degişli Buýruga 28-nji martda Prezident Serdar Berdimuhamedow gol çekdi.

Maglumatlara görä, 31-nji martda Hytaýyň Tunsi şäherinde geçiriljek ministrler maslahatyna Russiýanyň, Hytaýyň, Eýranyň, Pakistanyň, Täjigistanyň, Türkmenistanyň, Özbegistanyň wekiliýetleri gatnaşar. Duşuşykda Owganystana ynsanperwer we durmuş-ykdysady kömek üçin sebitleýin tagallalary utgaşdyrmak meseleleri ara alnyp maslahatlaşylar.

Maslahatyň çäginde Owganystanyň goňşy ýurtlarynyň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary bilen «Talibanlaryň» wekiliýetiniň arasynda gepleşikleri geçirmek meýilleşdirilýär.


düýn 18:54
2.3k+

Türkmenistanyň DIM-iniň ýolbaşçysy ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň orunbasary bilen duşuşdy

8-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow iş sapary bilen Aşgabada gelen ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň jemgyýetçilik diplomatiýasy boýunça orunbasary Sara Rojers bilen duşuşdy. Bu barada......

düýn 17:39
1.2k+

Türkmenistanyň biržasynda eksport geleşikleriniň bahasy 78,6 mln dollardan geçdi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda 49 sany geleşik hasaba alyndy. Eksport şertnamalarynyň umumy bahasy 78 million 656 müň ABŞ dollaryndan gowrak boldy....

05.06.2026 17:31
1.7k+

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......

05.06.2026 15:39
2.5k+

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......