Aşgabatda Ýewropa Bileleşiginiň we Merkezi Aziýa döwletleriniň daşary işler ministrleriniň duşuşygy geçirildi

  • 28.03.2025 07:52
  • 5.5k+

27-nji martda Aşgabatdaky “Ýyldyz” myhmanhanasynda Ýewropa Bileleşiginiň we Merkezi Aziýa döwletleriniň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň nobatdaky duşuşygy geçirildi.

Duşuşyga Türkmenistanyň, Täjigistanyň, Özbegistanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary, şeýle hem Ýewropa Bileleşiginiň daşary işler we howpsuzlyk syýasaty boýunça ýokary wekili, Ýewropa Komissiýasynyň wise-prezidenti Kaýa Kallas gatnaşdylar. Duşuşykda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we ÝB-niň arasyndaky hyzmatdaşlygyň dürli meseleleri hem-de ýakynda Samarkantda geçiriljek “Ýewropa Bileleşigi — Merkezi Aziýa” formatyndaky ilkinji sammite taýýarlyk işleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

“Merkezi Aziýa — Ýewropa Bileleşigi” formatyndaky giň gerimli hyzmatdaşlygyň çäklerinde ikitaraplaýyn we sebit derejesinde birnäçe bilelikdäki taslamalardyr maksatnamalaryň durmuşa geçirilýändigi, şol sanda dürli derejeli duşuşyklaryň, hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan meselelerini ara alyp maslahatlaşmaga gönükdirilen forumlaryň guralýandygy nygtaldy. Şunuň bilen baglylykda, Ýewropa Bileleşiginiň «Global Gateway» başlangyjynyň çäklerinde sanly ulgam, energetika we ekologiýa babatda özgertmeleri amala aşyrmak boýunça çärelere üns çekildi. Taraplar medeni-ynsanperwer ulgamda özara gatnaşyklary giňeltmek üçin bilelikde işlemegiň, “ýaşyl” ösüş, daşky gurşawy goramak, howanyň üýtgemegine garşy göreşmek boýunça bilelikdäki çäreleri işjeňleşdirmegiň möhümdigini tassykladylar.

Duşuşygyň jemleri boýunça “Merkezi Aziýa — Ýewropa Bileleşigi” formatyndaky 20-nji ministrler duşuşygynyň Bilelikdäki Beýanaty kabul edildi.
Duşuşygyň çäklerinde BMG-niň Baş Assambleýasynyň 2025-nji ýyly “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýip yglan etmek hakynda Kararnamasyna laýyklykda, “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly: Merkezi Aziýanyň we Ýewropa Bileleşiginiň arasynda hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmak” atly çäre hem guraldy. Mundan başga-da, ministrler duşuşygyna gatnaşyjylaryň arasynda ikitaraplaýyn gepleşikler geçirildi.


düýn 19:38
2.9k+

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

düýn 19:26
1.2k+

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......

26.06.2026 20:55
2.8k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.3k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......