Serdar Berdimuhamedow welaýatlarda oba hojalyk işleri bilen bagly meselelere garady

  • 24.01.2023 07:54
  • 17k+

23-nji ýanwarda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow obasenagat toplumyna gözegçilik edýän wise-premýer A.Ýazmyradowyň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Iş maslahatynda ýurdumyzyň welaýatlarynda alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleri bilen baglanyşykly meselelere garaldy.

Häkimler welaýatda alnyp barylýan oba hojalyk işleriniň ýerine ýetirilişi, şeýle hem ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamalarynda kesgitlenilen wezipeleriň durmuşa geçirilişi barada hasabat berdiler.
Ýazky ekiş möwsüminde ulanyljak oba hojalyk tehnikalary abatlanylýar, ýeralmany we beýleki gök-bakja ekinlerini ekmek işine taýýarlyk görülýär.
Wise-premýer A.Ýazmyradow ýurdumyzyň welaýatlarynda alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleri barada hasabat berdi.
Serdar Berdimuhamedow hasabatlary diňläp, oba hojalyk pudagynyň ýurdumyzyň azyk howpsuzlygyny üpjün etmekdäki möhüm ornuna ünsi çekdi hem-de şu günler dowam edýän oba hojalyk işleriniň, hususan-da, bugdaý ekilen meýdanlardaky ideg işleriniň agrotehnikanyň kadalaryny berk berjaý etmek arkaly geçirilmeginiň zerurdygyny belledi.


düýn 20:55
2.4k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.3k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......

25.06.2026 07:51
2.5k+

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Pekinde geçirilýän okuw maslahatyna gatnaşýar

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Hytaý Halk Respublikasynyň Halk wekilleriniň Ählihytaý ýygnagynyň hemişelik komiteti tarapyndan Pekin şäherinde 22-28-nji iýun aralygynda guralýan «Kanun çykaryjy edaralaryň......

24.06.2026 23:05
2.4k+

Raşid Meredow diplomatik işini tamamlaýan Germaniýanyň ilçisi bilen duşuşdy

24-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Bernd Haýns bilen duşuşyk geçirdi. Bu duşuşyk......